03:29
Nätanyş gyza
NÄTANYŞ GYZA

Göwni sypap geçýän, säher şemaly
Umytlarym gorjar, misli kesewi.
Ynha-da, oturys ýat oturgyçda
Düýpgöter nätanyş, iki keseki.

Ýaşapdyrys, barlygmyzdan bihabar.
Tä gabatlaşýançak, şu güne deñiç.
Kim bilýär, büdretdi haýsy ýodalar,
Haýsy ýodalarda gazandyñ ýeñiş.

Ümsümligiñ, "sesi" ýakýar gulaga,
Dymyp, onuñ sesin goraglalymy?!
Ýogsa-da, aýt senem, mahal-mahallar,
Neçüýn ýaşaýanyñ soragladyñmy?!

Başyñ egýäñ, gaçgynyñmy sowallar?!
Söhbetdeş küýsänim, däldirem belli
Düşünýärin, ýetikdirem öz derdiñ,
Özgäniñ ahmyry, artykmaç belki.

Ýeri bolýar, gepleme-de gulak sal,
Ýa sowal gönükdir: "Adyñ nä? kimsiñ?
Söhbete gyzaýyn, göýä senden öñ
Adamzat nesline duşmadyk kimin.

Ýüregim aýañda, kitap deý açyk,
Agdar sahaplaryn, ownuk "dünýämiñ"
Çünki, duşan haýsydyr bir nätanşyñ,
Syrymy, hiç mahal açmajaklygyn
Bilýärin.

25.10.2021 ý.

Mahym NURGELDIÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 185 | Добавил: Aksary | Теги: Mahym Nurgeldiýewa | Рейтинг: 4.3/6
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Agam / Goşgular - 14.01.2022
Ýolkaň aýdymy / Goşgular - 25.01.2022
Iogann Wolfgang Gýote / Goşgular - 27.01.2022
"Düýn agşam asmanyñ ýüregi gysdy..." / Goşgular - 11.01.2022
Barsam atamöýmüze / Goşgular - 08.01.2022
Gijigen arzuwlar / Goşgular - 20.01.2022
Pursadyň ýaňy / Goşgular - 11.01.2022
Senem gidäýdiň / Goşgular - 13.01.2022
Ýüregimiň zary / Goşgular - 23.01.2022
Gutlaglar / Goşgular - 19.01.2022



Всего комментариев: 11
0
11 Mähriban   [Материал]
Mahym, jigim, hakykatdanam, adamogly nätanyşlaň içinde öz dünýäsine ýakyn dünýäni, ruhy gözleýär, şeýdip nätanyşlar tanşa öwrülýär. Alladan dileg edýän we umyt edýän: Nesip bolsa, günleriň bir güni bizi Siz bilen tanyş, dost, dogan eýlesin! Şonda beýleki goşgularyňyzam okap beriň, nesip bolsa! Üstünlikler!

0
10 Bagabat   [Материал]
Ynha-da, oturys ýat oturgyçda
Düýpgöter nätanyş, iki keseki.

0
9 Revo   [Материал]
Umuman alanyňda oňat goşgy. Aşa sentimental duýgulara özüni aldyryp, aýagyny ýerden üzmän, öz içgi duýgylaryny waka baglap bilipdir. Jemleme hem mantykly hem-de ajaýyp bolupdyr.

"Ynha-da, oturys ýat oturgyçda
Düýpgöter nätanyş, iki keseki"

Bu iki setirem, üýtgeşik, aýlawly, delje söz düzümi bolupdyr. Ýöne: "Agdar sahaplaryn ownuk "dünýämiň"" setirindäki "sahap" sözüni köplük sanda ulanmaklyk dogrumyka?!

0
8 Bagabat   [Материал]
Onsoňam döredijilik çuňňur subýektiw häsiýetli bolandygy üçin oňa obýektiw baha bermek düýbünden mümkin däl. Hatda, özleri ykrar edilen awtorlaram beýleki biriniň döredijiligi hakda ýalňyşyp bilýärler. Mysal üçin, Marina Swetaýewa, Anna Ahmatowa, Wladimir Maýakowskiý, Iwan Bunin, Aleksandr Blok dagylar Sergeý Ýeseniniň döredijiligini halamandyrlar we ony: "mähelläň gysga wagtlaýyn şüweleňinden peýdalanmagy başaran şahyrsumak" hasaplapdyrlar.
Ondan bäri 100 ýyla golaý wagt geçdi - S.Ýesenin eýýäm rus edebiýatynyň klassigi, dünýä belli şahyr.
Başga-da şoň ýaly, howul-hara baha kesmeleriň uzagyndan puja çykmalary juda köp bolupdyr.
Ýa-da tersine, öz wagtynda Karamziniň sentimental kyssa eserleri rus okyjylarynyňam, Ýewropa okyjylarynyňam arasynda şowhun turzupdyr, ürç edilip okalypdyr. Häzir bolsa, Karamziniň döredijiliginiň rus orta mekdeplerinde-de, ýokary okuw mekdeplerinde-de öwrenilýändigine garamazdan, onuň näçe okyjysy barka?

0
7 Bagabat   [Материал]
Ýene-de bir bellemeli zat:
Dismetriki formalaň birinde goşgy ýazanyň hem-de syrly, matally jümleleri ulananyň bilen-ä bada-bat - tutuş Adamzat siwilizasiýasynyň tükenen genial şahyry bolmaýaň.
Edil şoň ýaly, sillabo-toniki formada goşgy ýazmanyň bilenem poeziýaň ýüzüne "köz basdygyň" bolmaýar.
Poeziýa - bu adatça diňe forma ýa-da kapyýa bagly däl-de, adamlaň göwnüne aralaşyp bilşiňe, şolaň duýýan duýgularynyň "jarçysy" hökmünde çykyş edip bilşiňe bagly bolaýmasa.
Çürt-kesik gutarnyklylyk bolsa - diňe ölümde bar. Sebäbi diriligiň başlanýan pursatyndan başlap tä ol tamamlanýança gutarýan zat ýok. Döredijilik meselesinde bolsa, hatda şondan soňam hiç zat tamamlanmaýar diýen ýaly. Sebäbi awtoryň amanadyny tabşyrany bilen oň döreden zatlarynyň kazasy dolmaýar ahyry. Hatda "ikinji, üçünji...on ýedinji" derejeli diýilýän eserler babatda-da şeýle. Sebäbi köpçüligiň ykrar etmedik eserleriniňem okyjylary, seljerijileri tapdyrýar. Alymlar, edebiýatşynaslar, talyplar, edebiýatyň ölemenleri - garaz, ýazylan zat az bolsun, köp bolsun, okalman galmaýar.

0
6 Bagabat   [Материал]
Ýöne, sillabo-toniki goşgynyň häzirki döwürde bir kemçiligi bar – Onda eýýäm ençeme asyr bäri ýazylan hakdan içen hem ajaýyp şygyrlar şeýlebir köp welin, şeýle galypda we görnüşde şygyr ýazyp, adamlary aňk etmek, haýrana goýmak üçin Hudaýtarapyn juda üýtgeşik, hakdan içen zehiniň bolmaly.
Sebäbi şol giden genial şygyrlaryň içinde, öz setirleriň göwher kimin ýalpyldap durmagy üçin, halkyň seniň setirleriňi toýunda şatlygyny ýaýmak, ýasynda-da hasratyny egismek üçin hiňlener ýa-da hümürdär ýaly etmek üçin...
Umuman, men-ä bilmedim, näme etmelidigini...
Ýöne, şuny şeýtmegi öz döwründe Magtymgulydan soň Zelili başarypdyr, Seýdi başarypdyr, Kemine başarypdyr, Mollanepes başarypdyr...
Soňra olardan soň Kerim Gurbannepes başarypdyr, Berdinazar Hudaýnazar başarypdyr, Annaberdi Agabaý, Atamyrat Atabaý, Orazguly Anna we beýlekiler başarypdyrlar...
Gurbannazar Eziz hakda-ha sözem ýok. Özbaşyna özi bir giden – Şygryýet Älemi.
Ýa-da Maýakowskiý dismetriki goşgyň gödeňsizligini sillabo-toniki goşgyň nepisligi bilen utgaşdyryp, üýtgeşik bir stili emele getirmegiň hötdesinden gelipdir...
Indi, Mahym jigimiziň şu goşgusyna geçeliň:
Goşgyň ady (okansyňyz-la :-)): “Nätanyş gyza”. Awtoram – gyz.
Şeýlelikde, bu şygyrda liriki gahryman kime ýüzlenýär?
Pynhan hem näbelli, ýöne küýsegli aşygamy?
Yşgamy?
Ýok.
“Öz-özüne, özüniň kalbyna” diýsek, ýalňyş bolmazmyka diýýän.
Elbetde, islendik awtor islendik zadyny ýazanda, ilki bilen onuň özüniň diýmekçi, okajaklara ýetirmekçi bolýan öz şahsy pikirleri, duýgulary bolýar.
Emma, öňem birnäçe gezek aýdypdym, ýene-de bir gezek ýanjaýan – awtoryň sözi onuň dodagynyň aňyrsyndaka onuňky! Söz awtoryň dahanyndan (biziň ýagdaýymyzda: galamyndan) sypdygy, ol oňky bolmagyny bes edýä. Şondan soň aglaba köp ýagdaýlarda, eserde aýdyljak bolunýan pikir, awtoryň aýtmak islegine, göz öňünde tutýan manysyna däl-de, okyjynyň kabul edişine, okaýşyna bagly bolýa duruberýä.
Indi, bu goşgyň liriki gahrymanynyň öz-özüne ýüzlenýändiginiň, öz-özi bilen söhbetdeş, syrdaş bolmak isleýäniniň aňlatmalary:
“Göwni sypap geçýän, säher şemaly
Umytlarym gorjar, misli kesewi.”
-diýýär, liriki gahryman.
“Säher şemaly” nämäni sypap geçýär?
Göwni. (Kimiň göwnüni? Elbetde, gahrymanyň göwnüni.).
Onsoň “säher şemaly” nämedýä?
Kesewä dönüp umytlary gorjaýa.
Näme üçin ala-böle “umytlary”?
“Arzuwlary” däl, “pikirleri” däl, “ýatlamalary” däl...
Sebäbi ýaňam biri aýtmyş: “umyt – iň soňky ölýän zat”.
Adamyň tutuş ömri umyda ýugrulan.
“Ulalsam” diýip umyt edýär.
“Ejeme kömek bolsam” diýip umyt edýär.
“Mekdebe gitsem” diýýär, “mekdebi gutarsam” diýýär.
“Okuwa girsem” diýýä, “gutarsam” diýýä, “Işe dursam” diýýä...
Garaz, adamyň umydyna tükenme ýok.
Şol umytlaram uzagyndan arzuwlara, soňam paşmasa köýen hyýallara, paşsa-da ýatlamalara öwrülýär...
Indi ýene-de goşgudan iki setir:
“Ynha-da, oturys ýat oturgyçda
Düýpgöter nätanyş, iki keseki.”

Ilki bilen, awtoryň ýa-da göçürijiň ünsünden düşen bir ýalňyşlyg-a ünsi çekeýin: “oturys” bolmaly däl-de, setirde beýan edilmekçi bolýan pikire görä: “oty:rys” bolmalymyka diýýän.
Bu iki setirde “ýat, nätanyş, keseki” diýen üç sany sinonime ýakyn sözüň ulanylmagy, awtoryň liriki gahrymanyň duýýan (başyndan geçirýän) duýgularyny güberçekletmek üçin ulanan usulymyka diýip pikir edýän.
“Özüni bilen weli” diýilýär. Biziň hemmämiz bolsa, şunça özümizi bilýändiris öýtsegem, biz özgeler üçin-ä baýaky, hatda özümiz üçinem çözülmedik matallygymyza galýarys.
Biz özümize näbelet.
Durmuşyň ol ýa-da beýleki bir hadysalarynda özümiziň goparýan hokgamyza, hut şoň üçinem öwran-öwran haýranymyz hekgerip galýar: “Eý-ho-o! Şü mahawlygam men gopardymmykam-aýt?!” diýýän ýaly.
Şoň üçinem, biz öz-özümiz bilen ümmüldeşenimizde elmydama-da keseki biri bilen söhbetdeşlige girýäris. Bu goşgudaky liriki gahryman gyz bolsa, özüne aň-düşünjesi oýanaly bäri tanyş bolsa-da, şeýle nämälim özi – nätanyş gyz bilen gürrüňdeşlige girýär.
Umuman, şeýleräk.

0
5 Bagabat   [Материал]
Ha goşgy bolsun, ha kyssa, ha-da sungat eseri – çeper eserleriň häsiýeti şonuň ýaly – aýdylan (ýazylan) zatdan aýdylmadyk (ýazylmadyk), ýöne göz öňünde tutulan hem-de okyjyň (tomaşaçyň) özüniň düşünmeli, duýmaly zady köp bolýar.
Munuň sebäbem – alymlar: “Ynsan beýnisiniň diňe 10%-i işleýär, galan 90%-i uklap ýatyr” diýip aýdýarlar.
Diýmek, adamyň beýnisiniň “oýa” böleginden şunça üýtgeşik zehinler – miweler önýän bolsa, onda oň “ukudaky” böleginde, gör nähili ukyp-başarnyklar gizlenip ýatandyr?
Döredijiligem ynsan beýnisiniň naýbaşy miweleriniň biri bolany üçin, belki, döredijiligiň islendik “miwesinde” aç-açan zatlar-a 10%, pynhan, ýöne “aç-açanyndan” has gyzykly, has düýpli zatlaram 90%-dir?!
Mahym jigimiziň, bu goşgusynda-da aç-açanlyk bilen pynhanlyk özboluşly çeperçilik bilen garym-gatym edilip, utgaşdyrylýar.
Şu ýerde, ýeri gelende bir zady bellemeli:
Elbetde, ynsanyýetiň döredijilik işiniň esasy görnüşleriniň biri bolan şygryýet – şygyr düzmek sungatam, adamzat işjeňliginiň islendik görnüşi ýaly, şu günki güne çenli yzygiderli özgerip, üýtgäp gelýär.
Kämillikmi, dälmi?
Bu başga gep.
Ilkinji nobatda-da, haýsydyr bir zadyň gadymky görnüşiniň ýa-da şu günki şekiliniň kämillikdigi ýa-da dälligi, şol zady synlaýanyň, okaýanyň – umuman, ol ýa-da beýleki bir görnüşde özleşdirýäniň şahsy kabul edişine bagly.
Şygryň has irki döwürlerde, esasan kapyýasyz, içki sazlaşyksyz (ritmsiz), bogun ölçegsiz, setirgurluş galypsyz bolandygy hemmämize mälimdir.
Günbatar edebiýaty öwreniş ylmynda, şeýle goşgulara, ýagny ak goşga, erkin goşga, mynajat goşga – “dosillabiki goşgular” ýa-da “dismetriki goşgular” diýlipdir.
Kapyýaly, içki açyk bogun – ýapyk bogun ritmli (sazlaşykly), bogun we setir ölçegli goşgulara bolsa, “sillabo-toniki goşgular” diýlipdir.
“Sillabo-toniki” adalgasy, “συλλαβή (syllable) - bogun” we “τόνος (tonos) - basym” diýen grek sözlerinden gelip çykýar.
Elbetde, dosillabiki goşgulardan tapawutlylykda, sillabo-toniki goşgular, uzak wagtyň dowamynda dosillabiki (dismetriki) goşgulardan, şygryýetiň has kämil görnüşi diýlip ykrar edilipdir.
Muňam sebäbi öz-özünden düşnüklidir. Sebäbi sillabo-toniki goşgular:
1. Ýeňil we akgynly okalýar;
2. Nepis hem şüweleňli sözlerden, setirlerden, jümlelerden ybarat;
3. Aňsat ýatda galýar;
4. Dismetriki goşgular, çala sepleşdirilen, tagaşyksyz owadanlanan adaty gürrüňe çalym etse, sillabo-toniki goşgular, ilkinji setirinden özüniň akgynly okalyşy, heňe çalymdaşlygy bilen özüniň çeper döredijiligiň miwesidigini, ýagny şygyrdygyny bildirýär.
5. Distmetriki goşgyň “heňini” (mukamyny) duýmak juda kyn, aglaba köp ýagdaýda bu “heň” onda ýogam diýen ýaly. Adamyň beýnisi bolsa ýakymly owazyň – heňiň müdimilik ýesiri. Şoň üçinem ol sillabo-toniki goşgyny has içgin seslenme bilen kabul edýär. Mysal üçin, sallançakda üwrelýän garny dok bäbejigiň ejesiniň hüwdüsini diňleýşi ýaly. Dismetriki goşgy bolsa, aglaba köp ýagdaýlarda adamyň beýnisine edil agyr rok, hewi-metall ýa-da psihodeliki rok sazyny diňlän ýaly täsir edýär.

0
4 Perо   [Материал]
Kä mahal seni diñlemäge taýyn ýakynyñ barka açylmasyñ geler. Señ ahwalyñdan bihabar ýada weli ähli zady aýdyberesiñ geler. Mahym,bu ýagdaý garaşmadyklañdan garaşmadyk zatlaryñ ýüze çykanda şeýle bolýar(ynam ejizleýa)
Goşgy gowy. Gowy gördüm.

0
3 mango   [Материал]
Ynha-da, oturys ýat oturgyçda
Düýpgöter nätanyş, iki keseki.

birhili bulaşyklyk getiripdir... ýat oturgyç.
diýiljek bolunany "ýat oturgyçda iki sany nätänyş, keseki otyrlar" däl-de "biri-birine ýat, nätänyş, keseki iki sany kişi oturgyçda otyrlar" bolmaly öýdýän.
(bu bulaşyk sözlemi düşündirjek bolşumam bulaşyk boldy öýdýän)...
näme-de bolsa bu sözlemde bir manyny aňladýan üç görnüş söz ulanypsyň, mahym hanym: ýat, nätanyş, keseki.
ulanmaly däl diýen zat ýok.
men ýöne okujy belligini aýtdym.

goşgyň dowamynda-da ol ýat, nätanyş, keseki birinden edýän talaplaryňy göz öňünde tutsaň, edil ol biri ýadam däl ýaly?

Söhbete gyzaýyn, göýä senden öñ
Adamzat nesline duşmadyk kimin.


ýokarky setire ýetemde ýada düşdi:
Söýüň – Ynsan ogly şunça ýol geçip,. Sizden öň söýüşip görmedik ýaly!

gowy goşgy.
ýyzzyl basdym.
üstünlikler!

0
1 Haweran   [Материал]
Dyngy belgileri ýalñyş goýlan ýerleri kän.
Umyt edýärin: bu awtoryñ däl-de, göçürijiniñ ýalñyşlygydyr. Ýogsa, "formaly" goşgulara şular ýaly iñ bir ownuk kemçiligi-de rowa göreñok. Goşa dyrnakly ýerleri-de şeýle (harp ýalñyşlaram göze ilýär: meselem, "ynha-da oturys".. we ş.m.).

0
2 Aksary   [Материал]
Bolar, düşündim.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]