11:01
Nätanyş adam / hekaýa
NÄTANYŞ ADAM

Men awa barýardym, howa maýyldy. «Aý, baharyň howasydyr-da, ýagyş hem sepeläp geçer-dä» diýip gidiberdim. Ýöne biraz wagtdan ýagyş şeýlebir guýdy welin, ezilip, eşiklerim bedenime ýapyşdy. Bärden iki ýüz ädimlikde bir jar bardy. Jardan aşak ineňde awçylardyr ýolagçylar üçin düşlegiň bardygy birden ýadyma düşdi. Jara golaýlaşamda şuwogyň1 ysy bilen goşulyp, burugsaýan ajy tüssäniň ysy damagymy gyjyndyrdy. Çatma girdim. Ortarada ot ýanyp dur. Çeträkde bolsa ak çäkmen geýen, orta boýly bir adam eşegiň gaňňasyny düzedip otyr.
— Salawmaleýkim.
Nätanyş maňa göz aýlady-da, boýdan-başa üns bilen synlady. Ol tegelek ýüzli, gaşlary gür, ýaşy kyrkdan geçen gujurly adamdy.
— Waleýkimessalam.
Men oda çoýunyp başladym. Ädigimi çykaryp teýini oda golaýlatdym. Egnimdäki galyň eşigimi çykaryp, dyzymyň üstüne atdym. Nätanyş adam oduň ýanyna geldi-de, bir desse şuwogy oturjak ýerine goýdy.
— Ýol bolsun, ýigit, ugur hanjak?!
Onuň äheňinde geň galmakdyr kinaýa duýulýardy.
— Awa. Obadan gelýän — diýip, gysgajyk jogap berdim.
— Oho, awçy diýsene — diýip, ol gülüp goýberdi-de, ortada ýanyp duran ody ölçerip başlady.
«Hawa, awçy, muň nämesi gülkünç?!» diýip, nagt jogap beresim geldi, ýöne diňe «hawa» diýmek bilen çäklendim.
— Ýagşyja ezilipsiňiz? — diýip, ol ýylgyryp söz gatdy.
— Aý, ezildim-dä.
— Ýagşyň ýagjagyny bilmediňizmi?
— Nireden bileýin?!
— Bulutlary görmediňizmi?
— Gördüm!
— Ýalan aýtmaň, görmänsiňiz.
— Muňa serediň-ä… siz menden näme isleýäňiz, ýaşuly?
Gürrüňdeşim maňa hatyrjemlik bilen seretdi.
— Gerekli zady görmegi başarmagyňyz gerek. Bulut dagdan däl-de, çöl tarapdan geldi. Bu bolsa ýagşyň uzak ýagjagyny aňladýar. Eger bulut dagdan aşaklan bolsady, onuň islegi başgaça bolardy. Muňa akylyňyz ýeten bolsa, onda bu wagt digdenekläp, oda çoýunyp oturmazdyňyz!
Men dişimi gysyp dymdym.
Ýagyş ýagýardy. Çatmanyň ýukarak basyrylan ýerinden şarlap suw akyp, çygly şuwogyň ysy kükeýärdi. Nätanyş adam ýerinden turdy.
— Gaty görmäň, ýigit!
Ol çäkmeniniň ýakasyny göterip kellesini büredi-de, çatmadan çykdy. Dessine-de bir gujak ýarym öl oduny göterip girdi. Ony çatmanyň töründe goýdy-da, maňa seretmezden «çoýunyň» diýip, ýene çykyp gitdi.
«Çoýunyň? Bu ýanyp duran ody hem minnet edýärmikä?!». Men eşigimi geýip, ýerimden turdum. Çatmadan çykanymda hälki nätanyş adama gözüm düşdi. Ol derýanyň akymy bilen ýüzüp gelen, güzerdäki daşlaryň arasyna ilteşip galan agaç şahalaryny ýygnaýardy. «Hawa, zähmetsöýer adam eken. Ol bu odunlary öýüne alyp gitse gerek. Eşegem taýýar».
Nätanyş adam çatma bilen güzer aralygynda üç-dört gezek gatnady. Soňra eşiklerini silkip, ýene oduň başyna çökdi. Maňa gözüniň gytagy bilen seredip, ýanyp duran oduň uçgunlaryny barmagy bilen sanady.
— Serediň! Ýagşyň ýagmagam kalbymyza ýaraýan bir närse. Gaty kän gowy zatlar hakydaňa gelýär. Ähli zatdan beteri hem — muny oduň başynda oturyp tomaşa etmek.
Men özüm bilmezden, birhili ýumşadym.
Ol biline daňlan matany çözüp aramyza ýazdy. Horjunyndan bir ýagly petir bilen goýnuň süýdünden edilen bäş sany gurdy çykardy-da, onuň üstüne goýdy:
— Baryndan bazar eýläň, alyň!
— Sag boluň, aç däl.
— Sagboly iýeniňizden soň aýdarsyňyz.
Men bir gurdy aldym-da, iýip başladym.
Ikimiz hem dymyp, ýagşyň sesine diň salýardyk. Güzeriň töwereginde gögümtil ümür gezmeleýärdi. Derýanyň sag tarapyndaky ýerler garamtyl röwüşe geçipdir. Ol ýerleriň üstündäki bulutlar asyl-asyl bolup, barha selçeňleşip başlady. Hä diýmän daş-töwerek aýdyňlaşyp, gözýetim giňedi. Gün çykdy, bizem tirkeşip çatmadan çykdyk.
— Hoş gal, ýigit, awuňyz ganly bolsun! — diýip, ol aýtdy. — Meniň sözlerime üns bermäň.
Ol eşegine mündi. Şol pursat onuň irginsizlik bilen çatma daşan odunlary ýadyma düşdi.
— Ýaşuly, çöplän odunlaryňyzy ýadyňyzdan çykardyňyz öýdýän?!
— Ýok, ýigit, ýadymdan çykanok — diýip, ol gülümsiredi. — Siz ony öýüme alyp gider öýtdüňizmi?.. Öýümde odunym bar. Ine, ýagyşly günler başlandy, siz ýaly ýolagçylaryň ýoly bu çatmanyň üstünden düşmegi mümkin. Men bu odunlary, ana, şolar üçin çöpledim. Näme diýseňem taýýar odun-da.
Ol gitdi. Men bolsa çatmanyň agzyndan tä ol gözden ýitýänçä yzyndan seredip durdum…

Şukur HOLMIRZAÝEW,
özbek ýazyjysy

Özbek dilinden terjime eden: Begenç ANNAÝEW.

[1] Şuwok — iýul, awgust aýlarynda gülleýän köpýyllyk ösümlik.

“Dünýä edebiýaty” žurnaly, 3/2021 ý.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 43 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Şukur Holmirzaýew | Рейтинг: 2.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 Bagabat   [Материал]
Bazara girýäň. Dürli-dümen ir-iýmişler. Hatar-hatar. Gözüňi gamaşdyrýar. Haýsyny aljagyňy bilmeýäň. Harjyňam çäkli. Onsoň saýlap-saýlap, ahyry bir kile üýtgeşik miwe alýaň. Tropiki ýurtlaň nätanyş iýmişi. Öýe getirýäň-de çagalar bilen jem bolup orta alýaňyz. Agyz urýaňam welin...
"Bäh! Beren puluma degmändir-aý!"...
...Özümde-de kän bolýa, şeýle zat. Üýtgeşik bir zady aýdýandyryn öýdüp, ýazýaň-ýazýaň...Soňam, neme bolýa...
Şoňa siňdiren yhlasyň bihuda gidip "neme" bolanyny özüň duýsaň-a ne ýagşy, özüň duýman, il görse, soň hasam neme bolýa...
Äý bolýa-da...
"Lalyň diline enesi düşüner" diýilýä...
Umuman bu-da bir tematiki allegoriki oýlanmajyk-da...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]