15:36
Nasistik goşunda ýemenli taýpa ýigidi: Salyh Aly
NASISTIK GOŞUNDA ÝEMENLI TAÝPA ÝIGIDI

Osmanlydan galan "Ano Ýemendir!" diýip başlaýan meşhur halk aýdymyny bilmeýän ýok bolsa gerek. Aýdym osmanly esgeriniñ Ýemen we Arabystan çöllerinde heba edilşiniñ agysyny aglaýar.
Hany şu, "Ýemen nire? Stambul, Konýa, Kars, Muş, Kaýseri, Siwas nire?" sowalyny akyllardan düşürmedik aýdym...
Bu gezek ýagdaý başgaça: ilki okanymda geñ galypdym, gürrüñsiz, sizem geñ galarsyñyz: ýemenli tanymal taýpanyñ ogly nasistik goşunda serkerdelik edipdir!
Iñlisleriñ golastynda iñleýän arap ýurtlaryndaky arap milletçileri döwrüñ super döwleti we basybalyjy imperiýasy Beýik Britaniýa garşy mümkingadar göreşmäge çalşypdyrlar. Mahal-mahal nemes faşistleri bilen, hatda italýan faşistleri bilen hyzmatdaşlyk etmegi-de oñlap, özleriçe şu tutarygy öñe sürüpdirler:
"Baş duşmanymyz bolan iñlis basybalyjylaryna garşy hemmelerden kömegem sorarys we hemmesi bilen ýaranlygam ederis".
Ilkinji bolup ýadyma düşenleriñ arasynda Müsüriñ öñki döwlet ýolbaşçysy Enwer Sedat we onuñ deñ-duşlaryndan köp sanly müsürli idealist iñlis basybalyjylaryna göz edip çagalarynyñ adyna "Nasist" goýupdyr.
20-nji ýyllardan başlap iñlis basybalyjylaryna garşy göreşen Palestinanyñ dindar kethudasy, Ierusalimiñ müftisi Hajy Muhammet Emin el-Hüseýni çäresizlikden Türkiýäniñ üsti bilen Germaniýa geçip Gitler bilen gepleşik geçiripdir we ondan ýarag kömegini we syýasy goldaw sorapdyr.

Suratda: Hajy Muhammet Emin el-Hüseýniniñ Gitler bilen duşuşýan pursaty

Liwandaky osmanly tarapdary, dürzi şazadasy Şekib Arslan hem arap dünýäsiniñ, aýratynam Yragyñ, Siriýanyñ, Liwanyñ, Müsüriñ iñlis we fransuz okkupasiýasy astynda iñlemegine çydap bilmän Mussolini bilen gepleşik geçirmäge girişipdi.
Şeýle-de: 40-njy ýyllarda iş başyna gelip, Angliýanyñ Yrakdaky ýeñasty manda režimine garşy "Üçler" soýuzynyñ (Germaniýa-Italiýa-Ýaponiýa) tarapyny tutýan syýasat ýöreden premýer-ministr we geýlany maşgalasynyñ agzasy Reşid Ali el-Keýlani (Geýlany) ýaly şahslaram nasistler bilen gönüden-göni gatnaşykdady.
Üç gezek premýer-ministrlik eden, emma patyşalyk režimiñ gowşaklygyndan peýdalanyp, döwlet agdarlyşygy arkaly häkimiýeti ele geçiren Keýlani kän wagt geçmänkä iñlis goşuny tarapyndan derbi-dagyn edilipdir, soñ olam nasistik häkimiýete arkalanyp, Berlinde "Yrak hökümetini" gurupdyr.
Şuny bilýäris: Orta Aziýa respublikalaryndanam sowet režimine garşy oppozision toparlardan tarapdar toplap nasistik goşunyñ hataryna goşmagy meýilleşdiren nemes harby-syýasy ygtyýarlylary belli bir derejede maksatlaryna ýetipdir, Türkmenistandan gelen türkmen meýletinleri-de iki harby brigada alynypdyr: Waffen-SS (Ýaragly SS) bilen Allgemeine SS (Baş SS).

Suratda: "Türküstan legionynyñ" türkmen esgerleri

Türki halklardan we musulmanlardan düzülen bu meýletinler "Waffen SS" brigadalarynda öz ýurtlarynyñ adyndan "ýörite batalýonlar" gurupdyrlar. Meselem, türkmen meýletinleriniñ "Türküstan legiony" (Turkestanischen Legion) ýa-da "SS Gündogar Türk Ýaragly Bileleşigi" (Osttürkischen-Waffenverband der SS), Idil-Ural legiony (Idel-Ural Legionь), Demirgazyk Kawkaz legiony (Nordkaukasischer Legion) ýaly.
Türkiýedäki Balkan çykyşly bir tarykatyñ käbir müritleriniñem SS batalýonlaryna goşulandygyny we bularyñ Ýugoslawiýada, Albaniýada, Gresiýada nasistlere garşy göreşen sosialist partizanlara garşy ulanylandygyny birnäçe çeşmede okapdym.
Geleliñ, ýemenli taýpa ýigidi Salyh Aly bin Muhammet Fidameniñ gyzykly başdan geçirmelerden doly hekaýatyna:

Suratda: Salyh Aly bin Muhammet Fidame

Salyh Aly - 1909-1910-njy ýyllarda Juban etrabynyñ El-Dali-u ilçesiniñ Nauwa obasynda dünýä inipdir.
Onuñ gyzykly başdan geçirmeleri heniz kiçijik çaga wagty taryhy Aden şäherinde başlapdyr. Ol ýerdenem deñiziñ üsti bilen Fransiýanyñ Ortaýer deñzindäki port şäheri Marsele aýak basypdyr.
Şäherde ýaşamaga wagtlaýyn rugsatnama alandan soñ hem okapdyr, hem işläpdir. Ýañy bir durnukly durmuşa gadam basaýyn diýende-de Ikinji jahan urşy başlapdyr.
Özüçe pursatdan peýdalanmak islän Salyh Aly "Goranyş güýçleri" manysyny berýän Wehrmacht nasistik goşun birikmesiniñ (Nemes Ýaragly Güýçleriniñ) hataryna goşulypdyr.
Salyh Alynyñ nemesler bilen nädip aragatnaşyk açandygyny, nemes jansyzlarynyñ üsti bilen gatnaşyga giripmi ýa-da Fransiýany basyp alan nemes harby ygtyýarlylaryna özi ýüz tutupmy... ony bilýän ýok.
Bir bilinýän zat şu: Salyh Alynyñ söweşjeñ ukyby gowy bolansoñ, oña serkerde (podpolkownik) çinini berip, Sowet Russiýasyndaky fronta ugradylypdyr.
Birnäçe aýlyk gyzgyn jeñlerden soñ rugsatly ýagdaýda Germaniýa dolanypdyr. Edermenligi üçin 1944-nji ýylda Birinji derejeli "Demir haç" (Eisernes Kreuz 1. Klasse) medalyna mynasyp bolupdyr.
Ýemenli taryhçy Talib El-Ahmedi nasist esgeri bolmagyny onuñ okgunlylygyna, gözsüz batyrlygyna, taýpaparaz ruhuna, başdan geçirmelere ilgezikligine, hasam beteri gowy durmuşda ýaşamaga bolan isleg-arzuwyna baglanyşdyrýar.
Onuñ pikiriçe: "Şol döwürde nemes goşiny "altyn asyryny" başdan geçirýärmiş, dünýäniñ çar künjüne owazasy dolanmyş. Diñe ariýa jynsyndan bolanlary däl, şol bir wagtyñ özünde başgalary-da öz hatarlaryna alyp bilýärlermiş. Salyh Alynyñ islegini kanagatlandyran nemes harby ygtyýarlylary onuñ berk we düzgün-tertipli bolşuny halapdyrlar."
Salyh Aly Germaniýanyñ ýeñlişi bilen gutaran uruşdan soñ tussag edilip, ABŞ-nyñ Italiýadaky Altynjy flotiliýasynyñ garamagyndaky konslagere ugradylypdyr.
Ol Ýemeniñ monarhiýa häkimiýetiniñ baştutany ymam-patyşa Ýahýa Hamidüddiniñ talaby esasynda azatlyga goýberilipdir.
Salyh Aly Italiýadan Müsüriñ paýtagty Kaire gelipdir. Ol Kairde Ýemeniñ patyşa maşgalasyndan we Hamidüddiniñ neberesinden bolan bir zenan bilen tanyşyp durmuş gurupdyr.
Ol aýalynyñ hem maslahaty bilen Ýemen patyşalygynyñ tabynlygyndaky dogduk ýurduna (Demirgazyk Ýemene) dolanyp barypdyr.
Çuññur harby tejribesi we birnäçe daşary ýurt dilini (fransuz, nemes, iñlis, italýan, türk dillerini) bilýändigi üçin ýemen hökümetine işe girmegi kyn düşmändir.
Ukyp-başarnyklary bilen ýurduna hyzmat etmegiñ ýollaryny oýlanýan Salyh Aly keramatly ymam neberesinden bolan Ýemen patyşalygynyñ mirasdüşer şazadasy Emir Muhammet el-Bedr Hamidüddin bilen gabatlaşypdyr.
Şazada ony kakasy Ahmet Ýahýa bilen tanyşdyrypdyr. Salyh Aly patyşa ýurdy üçin bähbit getirip biljek maksatnamalar baradaky düşünjelerini gürrüñ beripdir.
Bularyñ arasynda ýurduñ infrastrukturasynyñ düýbüniñ tutulyp, ösdürilmegi-de bar eken.
Şeýdibem öñki nasist ofiseriniñ durmuşynda täze sahypa başlanýar:
Patyşanyñ buýrugy bilen işe başlan Salyh Aly oba munisipialete we oba hojalyk işlerine jogapkär ýolbaşçy wezipesine bellenýär hem-de Fransiýada, Germaniýada görüp galan infrastruktura maksatnamalaryny mümkinçilikleriniñ çäginde amala aşyrmaga girişýär.
Ilkinji nobatda döwrebap terzde munisipialet binalaryny gurýar. Munisipialetleriñ edara binalarynyñ işlerini sazlap, habarnama ýazmaga ýörite işgär belleýär. Infrastruktura boýunça gurluşyk maksatnamalaryny alyp barýar.
Onuñ ýolbaşçylygynda kenarýaka şäher El-Hedidedäki port bilen paýtagt Sananyñ arasyndaky köne ýol täzelenip, şosse öwrülýär.
Raýatlar üçin howa menzili gurulýar. Yzyndan El-Kuatia, El-Nadıra, Juban we Rada sebitleri täze ýol ulgamlary bilen bir-birine birikdirilýär.
Munisipialetleriñ çäginde arassaçylyga uly üns berilýär, zir-zibil meselesi çözülýär, raýon bazarlary bilen mal bazarlary şu inisiatiwada tertipleşdirilýär.
Şol ýyllarda Ýemen zeýdilik mezhebine uýýan Ehli-Beýt şejereli "Keramatly ymam" tarapyndan dolandyrylýardy. Bu monarhiýa düzgüni onçakly berk we durnukly däldi. Ýurtda yzly-yzyna üç gozgalañ (agdarlyşyk) bolup geçipdi.
Birinji gozgalañ 1948-nji ýyldaky "ymam şejereli patyşalyk režimine" garşy bolup geçdi. Başyny (Keramatly) ymam Abdylla bin Ahmet el-Weziriñ çekýän topalañyna "Konstitusion rewolýusiýa" diýildi.
"Musulman doganlar" ("Ihwan") guramasynyñ ýemenli käbir azat ofiserler bilen Yrak-Ýemen howpsuzlyk şertnamasyna laýyklykda ýurtdaky howpsuzlyk güýçlerine jogapkär yrakly Jemal Jemiliñ gatnaşan bu döwlet agdarlyşygy birbada oñuna hem boldy. Emma patyşalyk güýçleriniñ garşylyklaýyn hüjümine döz gelip bilmän şowsuzlyga uçrady. Gozgalaña öñbaşçylyk edenleriñ barsy ölüm bilen jezalandyryldy.
1955-nji ýylda bolup geçen modernleşmäge garşy döwlet agdarlyşygyna synanşyk hem öñbaşçylarynyñ ölümi bilen soñlandy. Aralarynda Salyh Alynyñam bolan modernleşme tarapdary bolan maslahatçylaryñ barsy tussag edildi.
Emma bu iki şowsuz döwlet agdarlyşygy 1962-nji ýylyñ 26-njy sentýabryndaky uly döwlet agdarlyşygynyñ ýoluny açdy. Marşal Abdylla El-Sellalyñ öñbaşçylyk eden döwlet agdarlyşygy üstünlik gazandy we ol döwlet ýolbaşçylygyna saýlandy.
Müsüriñ şol wagtky lideri Jemal Abdynasyr Ýemeniñ respublika režimini işjeñ goldady. Patyşalygyñ tarapdary goşunlar bilen käbir taýpalaryñ milisiýa otrýadlarynyñ çozuşlaryna garşy Müsürden goşun bölümlerini ugratdy.
General-maýor çini bilen agdarlyşyga gatnaşan Salyh Aly täze hökümetde ministr wezipesine oturdylmak islendi. Emma ol muny kabul etmän, munisipialetlere we ýerli dolandyryş edaralaryna jogapkär işgärligine galanyny gowy gördi.
Müsür hökümetiniñ Ýemeniñ içerki işlerine we kabul edýän syýasy kararlaryna gereginden artyk goşulmagy onuñ özüni gyra çekmegine getirdi we Juban etrabynda işlänini gowy gördi.
Täze döwlet ýolbaşçysy ony munisipialetlere (şäher we oba sowetlerine) baş jogapkär işgär edip belledi.
Täze respiblika häkimiýeti taýpalaryñ we urp-adatlaryñ höküm sürýän çöllük ýerlerde birtopar harby operasiýalar geçirensoñ, agzalan sebitlerdäki taýpalar bilen halaýyk amana geldi.
Taýpalaryñ milisiýa otrýadlary harby birlikler bilen çaknyşdy. Ara giren Ýemeniñ Prezidenti Abdylla el-Sellal bilen taýpanyñ wekili Salyh Aly Fidame we beýleki taýpa kethudalary duşuşyk geçirip ylalaşyga geldiler. Ylalaşyk uzaga çekmedi. Informasiýa ministri Aly Ahmediniñ janyna kast edişlige gatnaşmakda aýyplanyp Salyh Aly we birnäçe taýpa kethudasy tussag edildi.
Ýurduñ merkezi raýonlaryndaky taýpalar we ýönekeý raýatlar bilen döwlet ýolbaşçylarynyñ arasyndaky dartgynlylyk hem-de yrsaraşmalar asudalygyñ bozulmagyna getirdi.
Merkezi hökümet mülkdarlary we taýpa kethudalaryny öz içine alýan giñ gerimli tutha-tutluk tolkunyny başlatdy. Bu ýagdaý häkimiýet bilen Salyh Alynyñ arasyna mazaly tow düşürdi.
Demirgazyk Ýemendäki syýasy durnuksuzlyk we oñuşmazlyklar Salyh Alyny ýurduñ günortasyna geçmäge mejbur etdi.
Şol wagt Aden şäherinde ştab guran iñlis kolonial dikmesine ýüz tutup, syýasy gaçybatalga sorady.
Mundan soñ Juban we Rada etraplaryndaky taýpa kethudalary şol döwrüñ döwlet ýolbaşçysynyñ we goranmak ministriniñ ýanyna gidip, onuñ öñki wezipesiniñ gaýdyp berilmegini haýyş etdiler.
Haýyşlar kabul edildi. Mundan soñ Salyh Alyny "razy etmek" duşuşyklary başlady, emma ol tekliplerden ýüz öwürdi.
Aslynda Salyh Aly Müsüriñ harby we syýasy taýdan Ýemeniñ işlerine goşulmagyna garşy çykýardy. Ol:
"Müsür ýurdumyzyñ içerki işlerine goşulmagyny bes etmelidir we goşunlaryny Ýemenden çykarmalydyr. Ýogsam bolmasa, Ýemen hakyky garaşsyzlygyna ýetip bilmez..." diýýärdi.
Hakykatda bu tutaryk agdarylan patyşalyk režimiñ tarapdary bolan içerki we daşarky karar merkezleriniñ syýasy talabydy.
Patyşalygyñ tarapdarlary şol bir wagtyñ özünde täze respublika režimine garşy ýaragly garşylyklaryny uzak raýonlarda dowam etdirýärdiler.
Ymam-patyşa Muhammet El-Bedr täze režime garşydaş harby gullukçylary, raýatlary we garaşsyz adamlary ýanyna toplap başlapdy.
Salyh Aly bilen gatnaşyk açan ymam-patyşa Müsüriñ ekspansiýasyna garşy bilelikde göreşmegi müwessa bildi. Saud hökümetiniñ goldaýan patyşalygynyñ garamagyndaky harby gullukçylar we taýpa güýçleri birnäçe ýyllap içerki uruşa dowam etdiler.
Aden radiosyndan berilýän hepdelik gepleşikleriñ çäginde gahrymançylykly temalar bilen propoganda işlerini alyp baran Salyh Aly kanunçyl adamlaryñ, öñbaşçylaryñ, ýer eýeleriniñ we taýpa kethudalarynyñ göwnüni awlamagy başaryp, olaryñ göz guwanjyna öwrüldi.
1967-nji ýylda onuñ durmuşynda ylalaşyp bilmejek terslikleri bolup geçdi. Ilki ofiser hökmünde oppozisiýa goşulan uly ogly Faruk tussag edilip, Sanadaky türmä dykyldy. Ofiser ogul kakasyna garşy howp we şantaž guraly hökmünde ulanyldy: Eger ol respublika garşy alyp barýan işlerini togtatmadyk ýagdaýynda ogluna ölüm howply gynamalaryñ ediljekdigi duýduryldy.
Faruk Sana şäherinden Müsüriñ paýtagty Kaire äkidildi. Onuñ ikinji ogly Taryk (paraşýutçylar batalýonynyñ serkerdesi) Nejran etrabynda öldürildi. Sahl atly üçünji ogly bolsa Türkiýede harby akademiýada okap ýörensoñ, hiç zat bolmady.
Respublika režimine bolan duşmançylygyny perwaýsyzlyk bilen dowam etdiren Salyh Aly ýeterlik gorag çäreleriniñ alynmagy üçin bolsa gerek, iñlis mandatlygynyñ höküm sürýän günortasyndaky Dusaýne konfederasiýasynda (meşaýyhlygynda) 1967-nji ýylyñ awgust aýynyñ ortalarynda ýanyndakylar bilen birlikde duzaga düşürilip öldürildi.
Adendäki iñlis häkimiýeti tarapyndan eýe çykylan meýdi dabaraly çäre bilen jaýlandy. Taýpalar kowçum-kowçum bolup gelip, onuñ jynazasyna gatnaşdylar.
Angliýanyñ, Saud Arabystanynyñ, Müsüriñ, Ýemeniñ, ABŞ-nyñ radioýaýlymlary bu barada giñişleýin habarlary berdiler.
Gysgaça aýdanda, dogduk depesi Ýemenden işlemek üçin Fransiýa giren ýaş ýigit Salyh Alynyñ nemes faşistleriniñ pidaýysy bolup SSSR-e garşy uruşlara gatnaşyp, uruşdan soñ bolsa patyşa maşgalasynyñ giýewsi bolupdy.
Ymamlyga gol ýapýan patyşalygyñ ýokary wezipelerinde işläp, respublikaçylara garşy patyşalyk režiminiñ tarapynda durupdy we döwlet agdarlyşyklaryna gatnaşypdy.
Syýasy emigrant hökmünde ýüz tutan Adendäki iñlis ygtyýarlylarynyñ goldawyny alyp, döwletiñ azatlygy üçin göreşýän Ýemen häkimiýetine we onuñ hemaýatçysy Müsüre garşy söweşipdi.
Megerem, Müsüriñ we Ýemeniñ kontrrazwedkasy tarapyndan öldürilen Salyh Alynyñ jynazasyna kolonial iñlis ygtyýarlylary eýe çykypdy: ol mülkdarlaryñ, renegatlaryñ we taýpa düzgüni bilen patyşalygyñ tarapdarlarynyñ doga-dilegleri astynda ahyrete ugradylypdy.
Taýpa ýigidi we soñra onuñ wekili bolan Salyh Alynyñ başdan geçirmeler bilen doly gussaly ömür ýoly "Suw küýzesi suwda synar!" diýen nakyly tassyklaýan görnüşde tamamlanypdyr.

• Çeşmeler:

ويكيبيديا، الموسوعة الحرة- صالح علي فدامه
اليمن الثورة والحرب حتى عام 1970 – ادجار اوبلانس – ترجمة الدكتور عبدالخالق محمد – مكتبة مدبولي
صحيفة سبأ اليمنية
صحيفة المدينة المنورة السعودية – العدد 14 – 6 اغسطس 1967
Edgar Oblance, Yemen… Revolution and War until 1970, translation / Abd al-Khaliq Lashid, 2nd edition (Kahire: Madbouly Library 1990), Arapçası- اليمن والثورة والحرب
Shifting sands "The British in South Arabia " – David Ledger – Peninsular Publishing 1983
"The Egyptian–Yemen War: Egyptian Perspectives on Guerrilla Warfare". Infantry Magazine (Jan–Feb, 2004.
Nazi ordusunda Orta Asyalı gönüllüler için bakınız; <b>Kaynak</b>: <a href='https://masivaturk.com/ii-dunya-savasinda-nazi-ordusunda-savasan-turkler'>https://masivaturk.com/ii-dunya-savasinda-nazi-ordusunda-savasan-turkler</a>

Faik BULUT,
žurnalist.

29.11.2020 ý.





Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 53 | Добавил: Gökböri | Теги: Faik Bulut | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Taryhy şahslar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]