23:04
Narkotik

NARKOTIK

Owganystan...
Baryp ýatan narkodöwlet.
– Dünýä boýunça öndürilýän geroniniñ 90%-i şu ýurtda öndürilýär.
– Owganystanda öndürilen geroinden her ýyl 65 milliard dollar girdeji gazanylýar... Munuñ bary-ýogy üç milliardy Owganystana barýar, galanlaryny bu hapa işi gurnaýanlar öz aralarunda paýlaşýar.
– Owganystanda zawod-fabrik ýok, iş-güýç ýok, bir million adam geroin önümçiliginden gün görýär. Göknar hasyly aprel aýynda ýygnalýar, bir million adam haşhaş ekilen meýdanlara ylgaýar, işleýär, günlükçilik edýär, galan on bir aýyny ýene işsiz ötürýär, aprel aýynyñ gelerine garaşýar.
– ABŞ-nyñ geroin bazaryny Meksika üpjün edýär, Ýewropany we Aziýany bolsa Owganystan... "Balkan marşruty" diýilýän gara ýol arkaly Eýranyñ we Türkiýäniñ üstünden Ýewropa gidýär.
– Howa ýoly arkaly daşalyşy köp wagtdan bäri Kabul aeroportyndan ýola goýlan. Çünki Owganystanda ownukly-irili 60 ssny howa menzili bar, emma diñe dördüsinde halkara gatnaw bar. ABŞ-nyñ gözegçiliginde diñe Kabul howa menzili galdy, beýlekileri Talibanyñ eline geçendigi üçin halkara gatnawlaram doly ýatdy.
– Deñiz ýoly bilen daşalyşy Päkistanyñ üstünden geçýär. Oman deñzinde gämilete ýüklenip, Somali portunda düşürilýär, gara ýollar arkaly Ortaýer deñziniñ kenarlaryna çykarylýar. Liwiýanyñ, Tunisiñ, Marokkonyñ üstünden ýene-de deñiz ýoly arkaly Ýewropa aşyrylýar.
– Elbetde, haşhaş diýlen zat Owganystanda elmydama-da bardy, emma hut ABŞ-nyñ özi bu ýurdy geroiniñ bazasyna öwürdi.
Nädip diýýäñizmi?
2000-nji ýylda Taliban fetwa çykardy, haşhaş ekmegi gadagan etdi.
Şarp...
2001-nji ýylda ABŞ Owganystana girdi.
Feodal uruş lordlaryny neşe söwdasyny dolandyrmak üçin şäherlere "häkim" edip bellediler. Şeýdibem, 2002-nji ýyldan başlap, haşhaş ekmek täzeden möwjedi, Owganystany geroin döwletine öwürdiler.
– 2001-nji ýylda haşhaş ekilen meýdanlar 7 müñ gektar bolan bolsa, häzir 300 müñ gektara ýetdi.
– 2001-nji ýylda 150 müñ tonna neşe serişdesi öndürilýän bolsa, häzir günde 7 müñ tonna öndürilýär.
– Owganystanda kagyz ýüzünde "Neşe serişdelerine garşy göreş ministrligi" bar, emma hökümetiñem, generallaryñam, polisiýanyñ başlyklarynyñam neşe söwdasynda öz elleriniñ bardygyny, bu haram pullaryñ arkasyndan baýlyk gazanýandygyny bütin dünýä bilýär.
– Owganystanyñ Saglygy goraýyş ministrliginiñ berýän maglumatlaryna görä, Owganystanda her on adamdan biri süpük neşekeş, dört milliona golaý adam neşe serişdelerini ulanýar, bularyñ bir milliony zenanlar... Ilat sanyna seredip baha bermeli bolsa, dünýäniñ iñ neşekeş ýurdy Owganystan.
– Kabulda geroin satyn almak - dükandan çörek satyn alan ýaly añsat... Neşe serişdesini ulanmagyñ ýaşy alty ýaşa çenli düşen. Jahyllyk şeýle bir çökder welin, emzikli aýal üsgülewügi galsyn diýip, suw ýaly bäbejigine tirýek berip, çagasyny dogabitdi neşekeş edýänler bar.
– Kyrk ýyl bäri gutarmadyk uruş, gutarmadyk terror, eden-etdilik, garyplyk we añsatlyk bilen tapmak mümkinçiligi neşe serişdeleriniñ ulanylyşyny artdyrýar.
– Ýurt uruş-terror zerarly "daş eýýamyna" dolanyp gelensoñ, neşe söwdasy ýeñilleşýär, önümçilik ýeñilleşensoñam bahasy arzan, barha ýaýraýar.
– Owganystan geroin bilen bile metamfetamini dünýädäki iñ esasy öndürijisine öwrüldi. Çünki tebigy şertkerinde öz-özünden ýetişen efedra atly ösümlikden metamfetamin maddasyny alyp bolýandygyny bildiler. Indi gymmatbahaly himiki maddalaryñ geregi ýok, şobada ýüzlerçe metamfetamin maboratoriýasy guruldy.
– “Kristal meth” diýlip at berilen metamfetamine “garybyñ kokaini" hem diýilýär, sebäbi ol geroinden has arzan we geroinden has beter şyrrygyñy çykarýar. Owradylan külke kristal ilki görende aýna döwüklerini, buz owuntyklaryny, limon duzuny ýada salýar. Ol Ýewropada kämillik ýaşyna ýeteñkirlän ýaşlaryñ arasynda çaltlyk bilen ýaýraýar.
– Kristal meth Türkiýede birinji gezek 2009-njy ýylda Stambulda ele salnypdy. Häzir gynansak-da, 81 şäherimiziñ segsen birinde-de ele salynýar, ol iñ çet etraplarymyza çenli ýaýrady. Meth sözünden ugur alnyp, aýakçylaryñ köçe dilinde atlandyran "Metin amja" ady bilen satylýar.
– Päkistanyñ howpsuzlyk gullugy sowet okkupasiýasy döwründe MRU (CIA) tarapyndan ulanylypdy. Owganystandaky ýaragly toparlar goñşy Päkistan tarapyndan döredilipdi. Päkistandan Owganystana gizlinlik bilen ýarag we urşujy daşaýan ýük awtoulaglary yzyna gaýdanda neşeden ýüklenip gaýdýardylar. Gizlin harby operasiýa şu neşe serişdeleri bilen maliýeleşdirilýärdi. Bu ýaramaz pişäniñ hapasy gutulgusyz ýagdaýda Päkistana-da bulaşdy... Okkupasiýadan öñ Päkistanda neşe serişdesini ulanýanlar ýok diýerlik derejedekä, häzir halkara habarnamalaryñ berýän maglumatyna görä 10 milliona golaý päkistanly raýat neşe serişdelerini ulanýar.
– Päkistanda üç milliondan gowrak owgan bosguny ýaşaýar. Bular resmi maglumatlarda geçýäni... Päkistanda kimdigi näbelli, pasportsyz, hiç ýerde ýazgyda durmadyk azyndan ýene bir million owganystanlynyñ bardygy çaklanylýar.
– Serediñ… Sowet okkupasiýasyndan bäri kyrk ýyllap Päkistanda ýaşap ýören owganlar bar! Wagtlaýynça gaçybatalga gözläp gitdiler, kyrk ýyl bärem şo taýda ýaşap ýörler!
– Bir milliondan gowrak owganystanlynyñ Päkistanda dünýä inendigi, dürli ýollar arkaly Päkistanyñ raýaty bolup gidendikleri çaklanylýar.
– Ilkibaşda bosgunlar üçin 340 lager gurlupdy, owgan bosgunlary şol lagerlere ýerleşdirilipdi. Häzir olaryñ 54-si galdy, bosgunlaryñ galany şäherlere siñdi, Päkistanyñ şäherlerinde owgan raýonlary döredi.
– Amerikan we iñlis teleýaýlymlary owgan bosgunlarynyñ ýerleşen lagerlerinde neşe serişdeleriniñ näderejede giñden ulanylýandygyny görkezýän gepleşikleri berýär, biziñ mediýamyz bolsa bular ýaly zady asla-da görkezenok.
Owgan bosguny siriýalylaryñ bosguny ýaly bolmaz. Köşk añyýeti elhençligiñ gyrasyndan jyklaýar...
Bu edil tokaý ýangyny ýaly her kesiñ gapysyna gelip diredi.
Hemmeleriñ aklyna aýlanmagy, hemmeleriñ sesini gataltmagy lazym.
(Häzirlikçe ýagşydan-ýamandan her näme-de bolsa oñşuk edýäris, emma bäş ýyldan soñ edil Latyn Amerikasynda bolşy ýaly, bulary ýazjak žurnalistem goýmazlar.)
Heniz häzirem ýazyp bolýarka belent heñ bilen ýazalyñ...
Bu hapa iş derhal togtadylmasa, bu ýurduñ çagalaryny hiç kimse halas edip bilmez!

Ýylmaz ÖZDIL.

"SÖZCÜ" gazeti, 12.08.2021 ý.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Publisistika | Просмотров: 92 | Добавил: Gökböri | Теги: Ýylmaz Özdil | Рейтинг: 4.0/1
Publisistika bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]