23:56
Näme boldy?

NÄME BOLDY?

Ýüzüňden gar ýagýar, gözüňden gaýgy,
Öňki ýylgyrşyňdan galmandyr nyşan,
Sözle içki syryň, açyp ýüregiň,
Saňa näme boldy beýle perişan?!.

Ýa-da, kimdir bir seni ynjydyp,
Sözler bilen, agyr urgy urdymy?!
Ýa-da, aldaw bilen ýa, müň al bilen,
Saňa jeren kimin duzak gurdymy?!

Haýsy näkes, haýsy peläket seni,
Bigamly günüňden eýledi jyda?!
Ýürek parçalaýjy halyňa bakyp,
Has dogrusy men-ä gynandym juda.

Aýdaýsana dönmän doňara daşa,
Gözgyny dymşyňa ýürek byjyklap,
Synlap duýdum edil şu pursat seni,
Ýylgyrdybam bolmaz öýdýän gyjyklap .

Meredow Gurbanmämmet.

Категория: Goşgular | Просмотров: 118 | Добавил: Zehin | Теги: Gurbanmämmet Meredow | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 10
1
10 Sergezzan   [Материал]
Azar beryar diyarmi?

1
9 Sergezzan   [Материал]
Meni hacan blokladyn? bilmandirin

1
6 Sergezzan   [Материал]
Elena, soň ökünmejegine söz ber onda

-1
7 Hаwеrаn   [Материал]
Aman, ikinji gezek bloklansañ açylmarsyñ. Saýtdaky agza aýal-gyzlara azar berme.

-1
:))))

1
4 Sergezzan   [Материал]
Elena, aw bolaýynmy saňa?

-1
Yok. Başgalara bolaý.

-1
2 Aksary   [Материал]
Ýylgyrdybam bolmaz öýdýän gyjyklap

Şuda kän ýerine düşmedik

Gyjyklanan ses edip güler ýada gaharlanar

0
1 mango   [Материал]
Saňa jeren kimin duzak gurdymy?!

Täzeden seredäýjekmi?
Duzagy awçy gurýar. Jeren üçin.
Häzirki ýagdaýda welin, duzagy jeren gurýan ýaly…

1
Aý sen bu wagtyñ jerenlerini bileñok. Awçynyñ özüne duzak gurup awlaýarlar:)))

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]