22:00
Nämäni ýatdan çykardyk?

NÄMÄNI ÝATDAN ÇYKARDYK?

Geçen hepdedäki ýazgymda ýakyn dostumyz ykdysatçy professor Selahatdin Togaý halypamyz bilen söhbetdeş bolanda beren şu kesgitlemesini barlyga bolan garaýyşda iññän ähmiýetli pikir hasapladym: "Biz bir bütewiligiñ parçasydygymyzy ýatdan çykardyk, häzirki döwrüñ adamlarynyñ ruhy taýdan rahatlyga mätäçligi bar."
Biziñ her birimiz ýa ene, ýa ata, ýa ogul-gyz, ýa dogan, tapawudy ýok, kim bolsagam, nirde bolsagam bir bütewiligiñ parçasydyrys. Häzir alymlar janly-jansyz her bir zadyñ energiýadan ybaratdygyny we dowamly ýagdaýda biri-biri bilen gatnaşykdadygyny aýdýar. Şeýle ýagdaýda Afrika açlykdan gyrylyp ýatyrka, Amerikanyñ hiç zat bolmadyk ýaly oturmagy mümkinmi?
Millionlarça adam taryhyñ hiç bir döwründe heniz görülmedik ýagdaýda mejbury göçhä-göçlüge uçraýarka Ýewropanyñ rahat uklamagy mümkinmi? Ýa-da agşam telewizora tomaşa edip durkañyz bir naçar enäniñ: "Çagalaryma iýesi gelýän ir-iýmişinden alyp bilmedim, almaga-da hiç hili ýagdaýym ýok" diýen pursatyny görmezlige salyp bilerismi? Pandemiýa bize şuny görkezdi: eger sarp edijilik standartlarymyz hemmämize gyradeñ ýagdaýda tertipleşdirilse, hiç zatdan gorkmasa bolar. Tersine bolanda gazanýan girdejimizem, toplaýan baýlygymyzam özümize ýük bolmakdan başga zada ýaramajaga meñzeýär. Muny aýdanda Ertugrul halypa ýadyma düşdi. Professor Ertugrul Turan institutymyzda berýän leksiýalarynyñ birinde Heideggerden ugur alyp, "añymyzyñ işleýşi hasap açyp-ýapma şeklinde ýöreýär" diýipdi.

• BOLÝAN ZATLAR BOLMALY ZADY ÝATDAN ÇYKARTDY

Bize bir bütewiligiñ parçasydygymy ýatladyp biljek, arkaýyn dem aldyryp biljek, oýlandyryp biljek, çykalga tapmaga iterjek many-mazmun sistematikasyna mätäçligimiz bar. Muny syýasy ideologiýalar edip bilmeýär. Muny biri-birini ýok etmegiñ hasabyna gurnalan gündelik syýasat-a hiçem edip bilmeýär. Eýse muny dini düşünje edip bilermi? Edip biler. Emma, heýhat, dini ugurda-da "bolan zatlar" "bolmaly zadyñ" üstüni örtüpdir: syýasy, hukuk, medeni ugurlaryñ barsy dinileşdirilipdir we butlaşdyrylypdyr.
Nişse ideal hökmünde hödürlenen demokratiýany, kommunizmi, hatda teoretik taglymlardaky "sazlaşyk" pikirlerini tankyt edýär. Ýaşaýan dünýämiz bulam-bujar, haos, geçip giden zat we muny-da söýmek gerek diýýär. Bolmaly zadyñ adyndan bolan zadyñ gymmatsyzlandyrylyşyny, ähmiýetsizleşdirilişini - ideallar üçin hakykatyñ kellesiniñ ýalañaçlanşyny, äwmezlik edilşini we ahyrynda-da ine-gana ýaşap ýörmeli häzirki wagtyñ ýaşalmaz ýaly derejä getirilişini aýdýar. Ýeke pursatlyk bularyñ dogrulygyny oýlalyñ, ýöne hötjetlik bilenem soralyñ: Adamzadyñ dünýäni düşüren bu ýagdaýy şeýlekä, bolýan zatlar ýüreklerimizi syzladyp durka hakykaty öz bolşy ýaly söýüp, kabul edip bilerismi? Bolmaly zady taryp etmezden bolmaly zada baglanmazdan durmuşymyzy abat saklap bilerismi?
Adam başy ölümli, ýöne munuñ ölümsizlik bilenem baglanşygy bar. Bu baglanşyk bizi bolmaly zatlary aýtmaga ýöneldýär. Epiki eserleri ýazyp gitmekdir öleñsoñ ýatlanma umydy-da şu soñsuzlykdan gelip çykýar.
Elbetde, ideal dünýä waspnamalarynyñ añyrsynda adamlaryñ öz şahsy bähbitleri-de ýok däl - muny ýüze cykarmagam ýene adamyñ öz paýyna düşýär. Emma zamanabap adam bolmaly zady täzeden gurnamaga borçly. Başga hili ýol aşmak mümkin däl. Başgaça ýagdaýda tebigat bilen dil tapyşyp bilmeris. Başgaça bolanda adamzat krizisinden halas bolup bilmeris. Täze dini dil-de özüni şu diliñ içinden tapmaly bolar.

Aýşe SUJU.

"SÖZCÜ" gazeti, 14.08.2021 ý.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Filosofiýa | Просмотров: 55 | Добавил: Gökböri | Теги: Aýşe Suju | Рейтинг: 0.0/0
Filosofiýa bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]