20:57
Nakyllar hakynda
NAKYLLAR HAKYNDA

Milli mirasymyza berilýän ünsüň artmagy bilen türkmen nakyllaryny ýygnamak we öwrenmek işi üstünlikli dowam etdirilýär. Bu babatda Hormatly prezidentimiziň peşgeş beren “Paýhas çeşmesi” atly kitaby toparlara bölünişi, nakyllaryň sanynyň köpdügi we hiliniň oňatdygy, köpöwüşginlidigi tarapyndan aýratyn tapawutlanýar. Hormatly prezidentimiz kitapda: “Pederlerimiziň pähim – paýhasyndan syzylyp şu günlerimize gelip ýeten parasatly sözleri halkymyzyň durmuşyny, ykbalyny, sözüniň hem-de sazynyň şirinlik gymmatyny özünde jemleýän hazynamyzdyr, gözelligiň göwher gaşydyr” diýmek bilen nakyllary parasatly sözler hasaplaýar hem-de olaryň döreýiş tebigatyny hasam belende göterýär. Ýogsam näme?! Nakyllar parasatdan (ideýadan) emele gelipdirler. Parasat bolsa ýaşaýşa, dünýä akyl ýetirmekligiň ýoludyr. Haýsy halkyň bu ýoly täre we usula öwrüp, kemala getiribiljekdigi şol halkyň aň-düşünjesine bagly bolup durýar. Nakyllary alymlaryň bir topary şygyr hasaplap, onuň döreýiş çeşmesini nazm bilen baglanyşdyrýarlar . Nakyllaryň köpüsiniň hut şygyr setirlerinden düzülmegi hem bu pikiriň dogrudygyna güwä geçýär. Diňe türkmen halk döredijiligi eserlerinde däl, eýsem, beýleki halklaryň folklor eserleriniň nakyl bölümi şol halkyň poeziýasy bilen aýrylmaz baglydyr. Nakyllar jemgyýeti tertibe salmak üçin ýüze çykypdyrlar. Jemgyýeti tertibe salmak kesgitlemesi bu ýerde tertibe salmaklygyň medeni görnüşini, ýagny aňy düzgünleşdirmegiň, milli düşünjelere baýlaşdyrmagyň esaslaryny göz öňünde tutýar. Şu ýerden nakyllaryň haýsy sebäbe görä, nazmdan, ýagny şygyrdan emele gelendigi düşnükli bolýar. Elbetde, hemme nakyllar şygyrdan düzülmändirler we forma taýdan şygyr derejesine ýetip bilmändirler. Bu ýagdaýy dürlüçe sebäplere görä düşündirmek mümkin. Nakyllaryň bir bölegi etniki taýdan, beýleki bir bölegi medeni taýdan haýsydyr bir halka mahsus bolmadyk ýagdaýynda şol dilde “ýat görülmeler” ýüze çykyp, olar diňe tekst derejesinde ýaşaýarlar ýa-da ep-esli üýtgeşmä sezewar bolýarlar. Nakyllaryň dile ornaşmak prosesi

1). Nakyllaryň beýleki bir dilden göni terjime edilmegi arkaly
2). Esasy (başdaky) manysyna ýakyn, ýöne kem-käs üýtgeşme bilen terjime edilmegi arkaly amala aşypdyr.

“Paýhas çeşmesi” kitabynyň “Tebigat we zähmet bilen bagly nakyllar” bölüminde “Işlemedik – dişlemez” diýen nakyl bar. Bu nakyl rus dilinde “Кто не работает, тот не есть” diýen görnüşde gabat gelýär. Terjimeden görnüşi ýaly, nakyl beýleki bir dilden göni terjime arkaly dilimize ornaşypdyr. Bu nakylyň döreýşi barada N.S.Aşukinyň, M.G.Aşukinanyň Крылатые слова” diýen kitabynda: “Bu aýtgy apostol Paweliň ikinji iberen Habaryna degişli bolup, onda “Kimiň işläsi gelmese, şol iýmesin” diýen sözler bar” diýen düşündiriş berilýär Ýene-de şol kitapda “Hiçden giç ýagşy” diýen nakylyň ilkinji gezek Tit Liwiniň (b.e.ö 59 – b.e. 17) “Rim halkynyň taryhy” atly kitabynda ulanylyp, köplenç fransuz nakyly hökmünde peýdalanylandygy barada aýdylypdyr. Göni terjime esasynda ulanyşa giren nakyllaryň ýene biri “Dymmak – razylygyň alamaty” diýen nakyldyr. Ol ilkinji gezek grek akyldary Sofoklyň (b.e.ö 496-406) tragediýasynda: “Eýsem, dymmaklyk bilen, sen garalawjy bilen ylalaşýandygyňa düşüneňokmy?” diýen görnüşde beýan edilipdir. Has soňrak ol rim papasy Bonifasiýa VIII (1294-1303) kanuny hukuklaryna girizilipdir. (şol kitapda, sah.210)
Ýokarda belleýşimiz ýaly, nakyllar diňe göni terjimäniň üsti bilen däl-de, ep-esli üýtgeşmelere sezewar bolan görnüşde hem dilimizde ýaşaýarlar. Olar özlerine mahsus etniki, medeni, syýasy alamatlary alandygyna seretmezden, esasy many (semantik özen) üýtgewsizligine galýar. Şeýle nakyllaryň mysalynda “Ekmedigini orýar” diýen nakyly alyp göreliň. Onuň döreýiş taryhy barada: “ Bu aýtgy Injilden: “Sen zalym adam, ekmedigiňi orýarsyň, sepmedigiňi ýygnaýarsyň”(şol kitapda, sah.122) diýip beýan edilipdir, şeýle hem nakylyň Injildäki wariantynyň (görnüşiniň) öz aslyny grekleriň “Kişiň aşyny iýmek” diýen aýtgysyndan alyp gaýdandygyny, Gesiodyň “Teogoniýasynda” şuňa meňzeş goşgy setirleriniň bardygyny ýaňzydypdyr. Türkmen diline bu nakylyň göni terjimede geçen ýerlerem, üýtgeşmelere sezewar bolup geçen ýerlerem bar. Ol köplenç “Ekmedigiňi orma” görnüşinde aýtgy, jümle hökmünde ulanylsa, nakyl görnüşinde “Ekdim-dikdim sarymsak, haýryn gördi gurrumsak”, “Ekgende ýok, dikgende ýok, harmanda häzir hoja” ýaly görnüşlerde ulanylýar. Umuman, nakyllaryň nirede döräp, nähili ýol bilen beýleki dillere ornaşandygy uzak gürrüň, sebäbi ol öz içine birnäçe asyrlary alýar. Nakyllaryň o dilden başga bir dile geçip bilmek mümkinçiligine söwdanyň örän uly täsiri ýetipdir. Nakyllaryň baran ýeri bilen garyşandygyna seretmezden, olary seljermegiň mümkindigi, megerem, nakyllaryň üýtgewsizligine galýan semantik özeni bilen bagly bolsa gerek. Bu bolsa öz gezeginde biziň nakyllaryň döreýiş çeşmesini öwrenmegimizde ep-esli ýeňillikleri döredýär. Ýokardaky mysallaryň üsti bilen biz diňe nakyllaryň dilde ornaşyş ýagdaýyny mälim etdik, ýöne dilimize ornaşan nakyllary döwürlere bölüp öwrenmek, olaryň ilkibaşdaky dörän çeşmesini goşgy, aýtgy, rowaýat, aforizm görnüşinde tapawutlandyrmak işi entek öňümizde diýip pikir edýäris.

Bägül ATAÝEWA.





Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 108 | Добавил: Haweran | Теги: Bägül Ataýewa | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 10
1
7 Raýdaş   [Материал]
...dilimize ornaşan nakyllary döwürlere bölüp öwrenmek, olaryň ilkibaşdaky dörän çeşmesini goşgy, aýtgy, rowaýat, aforizm görnüşinde tapawutlandyrmak işi entek öňümizde diýip pikir edýäris...

Elbetde gyzykly sorag.
Serediň gadyrdanlar, türki dilleri, olaryň edebiýatyny, diliň we edebiýatyň ösüş taryhyny, türk halklarynyň taryhyny, sungat taryhyny öwrenenimizde şeýle-de döwürlere bölýäris. Yslam dininiň döreýşinden öňki döwür, yslam dininiň kabul edilmeginden soňky döwür, günbataryň täsirindäki täze döwür: bular iň esasy üç döwür, bularyň içinde aýratyn bap hökmünde kiçiräk döwürler hem öwrenilýär...
Adamzat taryhyna ser salsak, ýer togalagynyň dürli künjeklerinde ýaşasalar-da dünýä halklary durmuşyň akymy bilen gelýän konstruktiw hadysalardan birnäçe ýyl ýa birnäçe asyr öň ýa-da soň öz paýyny mejbur aldylar, alýarlar. Döredijilige, medeniýete geografiki, syýasy-ykdysady, harby gurşawyň gönüden-göni täsir edýändigi barada hemmämiz ylalaşsak gerek. Onsoň şol döredijiligiň miwejikleri bolan nakyllaryň, aýtgylaryň haýsy döwürde haýsy konžonkturaň täsirinde aýdylandygy elbetde zerur. Beýleki dillerde eýýäm işlenen bu tema bizde gijräge-de galdy....

0
Men pikir edip göryän welin, ikimiz düşünişjek öydyän Raydash:))))

0
10 Raýdaş   [Материал]
Aklyň ýoly bir... Hakykatyň tarapdary, ylma teşne kimem bolsa ylalaşman oturmarys :)

0
6 gomulgen   [Материал]
Injilden mysal getirilende pylan kitabyn pylanynjy sahypasy dp yazylanok. Edil Korandan mysal getirilende ayat-süre belgisi goylushy yaly baplaryñ atlary bn sozlem belgisi gorkezilmeli.

0
Bu şol Aşukinleriñ kitabyndan sitata

0
3 mango   [Материал]
...dilimize ornaşan nakyllary döwürlere bölüp öwrenmek, olaryň ilkibaşdaky dörän çeşmesini goşgy, aýtgy, rowaýat, aforizm görnüşinde tapawutlandyrmak işi entek öňümizde diýip pikir edýäris.

biderek sorag, ýöne onda-da sorag sorag bolýa-da: kimler pikir edýär? siz kim?

0
Men yaly şunuñ gerek zatdygyna ynanyanlar

0
5 mango   [Материал]
olardan soradyňmy? näçesinden soradyň? olaň adyndan gepläwerýeňde....

0
Medeniyet zurnaly, 2020 3nji sany

0
1 puo   [Материал]
Була бирхилирак болды

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]