17:57
Nädip durmuşymyzyñ içine syçýarlar?
NÄDIP DURMUŞYMYZYÑ IÇINE SYÇÝARLAR?

Belli bir toparyñ özi ýaly dälleriñ ýaşaýşyny gysyp, zährimara öwürme işleri gyzgalañly dowam edýär. Zorluk ulanyp, urup-sögüp, öldürip... Nädip durmuşymyzyñ içine syçýarlar...

• Neneñ edip durmuşymyzyñ içine syçýarlar, serediñ:

Atatürk adyndaky Medeniýet merkezini ýykyp, has gowusyny gurjak diýdiler. Iñ täsirli medeniýet we sungat merkezlerinden bolan AKM-ni tozan-çañ basyp galdy.
Sagat 22:00-dan soñ içgi içmek gadagançylygy girizildi. Taryhy Zähmet kinoteatry ähli nägileliklere garamazdan boşadyldy we ýykyldy. Beýogly raýonynda sungat söýüjileriñ jemlenýän ýeri bolan bir ýer ýok edildi.
"Taksim" seýilgähinde metjit gurmaly diýip başladylar. Ýaşlar aýaga galdy. "Gezi" hadysalary ýüze çykdy. Çagalar öldi, adamlar maýyp-müjrüp boldy. Nämüçinmi? Dünýäniñ iñ köp metjitli ýurdy bolan we her ýyl aklyndan azaşan ýaly metjit gurluşygynyñ dowam edilen ýurduna ýene bir metjit gurmak üçin!
Haýdarpaşa otly bekedi hatardan çykaryldy. Aziýa yklymynyñ ilkinji bekediniñ ajaýyp arhitektura ýadygärligi Kadyköýüñ simwolyna öwrülen binasy belli günlerde geçirilýän çärelerden başga wagt ulanylmaýar. Binanyñ satuwa çykaryljak bolnandygy, emma nägilelikleriñ döremeginden gorkulandygy üçin muña bogunlarynyñ ysmandygy aýdylýar.
Geçilmeýän ýollary we köprüleri gurmak üçin birgiden tokaýlar ýok edildi. Göwreli aýal şortik geýenmiş diýip ýumruklandy.
Ýalñyş hasaplaýan zadyny tankyt etmekden añry geçmedik sungat işgärleri işsiz galdy, tussag astyna alyndy.
Ýaşajyk gyz mini awtobusda öýüne barýarka, zorlukly alnyp gaçyldy. Zorlajak boldular. Garşylyk görkezdi. Öldürildi we ýakyldy.
Sungatyñ muşdaklarynyñ üýşýän ýeri bolan Istiklal prospektiniñ ugrundaky "Beýogly" kinoteatrynyñ gapysyna gulp uruldy.
Dini bir ýurtda erkek oglanjyklaryñ sistematiki ýagdaýda jynsy zorluga uçraýandygy ýüze çykdy. Üsti gömüldi.
Gomoseksualmyş diýip adamlary urup-ýençdiler, horladylar. Protest etmek hukuklaryna çenli ellerinden alyndy.
Oppozision pozisiýadaky ähli gazetlere garşy operasiýalar gurnaldy.
Iñ esasy satiriki žurnal "Penguen" ýapylmaga mejbur edildi.
Ýurduñ gurujysy Atatürke sögüldi. Sögenler gorag astyna alyndy.
Sekiz ýaşly gyzjagazlary nikalap alyp boljakdygyny, atalaryñ gyz çagalaryna şöhwet duýgusyny göterip biljekdigini oñlap fetwalar berildi.
Bir gyrada oturyp doñdurmasyny iýen çagalar Orazada daşarda iýip-içipdirler diýip dindarsumaklar tarapyndan ýenjildi.
Mini awtobusdaky aýal şortik geýipdir diýip ýumruklandy.
Zorlamak, urup-ýencmek, adamyñ jan saglygyna kast etmek ýaly zulumlaryñ pidasynyñ dowamly intellektual, progressiw görnüşli, Atatürke we respublikamyza arka durýan adamlar bolmagy bir tötänlikmi? Eýsem zorluk ulanýanyñ, urup-ýençýäniñ, ogrularyñ we öldürýänleriñ hemişe şol bir tüýsli adamlar bolmagy, ýagny, Atatürke ýigrenç besleýän, respublikany halamaýan, başy açyk aýal-gyzlary zorluk ulanyp boljak närse hökmünde gören, öz syýasy we dini düşünjesine meñzeş däl her bir adamy urup-ýenjip ýa-da öldürip amana getirmäge synanyşýan adamlar bolmagy-da bir tötänlikmi?

Çagry GYRLANGYÇ.

22.07.2017 ý.





Просмотров: 187 | Добавил: Gökböri | Теги: Çagry Gyrlangyç | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 1
0
1 gulbaharmyradova19   [Материал]
Baybuuuw

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]