22:45
Näbilsin
NÄBILSIN

Türkini oñarmaz niçe mollalar,
Arap dilin, diwan hatyn näbilsin;
Elipden şermende, gury selleler,
Her sözüñ ýagdaýyn, ýatyn näbilsin.

Ekseñ, bar getirmez ol gury söwüt,
Eblehu-nadandyr almaz hiç öwüt,
Dogmadyk big aýratyn, täsipsiz ýigit
Ýagşy mahbup gadryn, atyn näbilsin.

Sözi şirin bolar baldan, şekerden,
Eşidip öwüt alsañ göwher dökerden,
Sahyp huruç şalar doýmaz nökerden,
Her sözüñ ýagdaýyn, ýatyn näbilsin.

Barar otyr her kim salsa düşekler,
Bagda durmaz yzzat görse eşekler,
Obada ülpüldäp gezen pişikler,
Goñşy-golam, garyndaşyn näbilsin.

Şabende diýr, ýigit dogsa lagnaty,
Möhümiñ bitirmez, goýar minneti,
Harpyn harap eder, bozar lezzeti,
Assyn, üssün, teşdit, metin näbilsin.

Abdylla ŞABENDE.





Категория: Goşgular | Просмотров: 53 | Добавил: Haweran | Теги: Abdylla Şabende | Рейтинг: 2.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Клянусь / Goşgular - 11.01.2022
Hudaýa şükür! / Goşgular - 11.01.2022
Aglama diýme / Goşgular - 26.01.2022
Песнь любви / Goşgular - 18.01.2022
Апулей / Goşgular - 28.02.2022
Arzuw / Goşgular - 15.01.2022
Agam / Goşgular - 14.01.2022
Gijigen arzuwlar / Goşgular - 20.01.2022
Ironiýa / Goşgular - 29.01.2022
Düşnüksizlik / Goşgular - 30.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]