21:50
Näbelli gahrymana
NÄBELLI GAHRYMANA

Ukrain çölünde, ýapyň üstünde
Ak şelpeli derek ygşyldap otyr.
Gan öýülen gara toprak astynda
Türkmen esgeriniň mazary ýatyr.

Gök çüýşe dek dury asuda asman,
Derek-da baş egýär gubura sary.
Enaýy şelpeler owazyn kesmän,
Hüwdüleýär ýalňyz ýatan mazary.

Türkmen enesiniň jan-jigirbendi,
Ukraina üçin ganyn döküpdir.
Tebigatam sylap batyr perzendi,
Üstünde solmajak güller ekipdir.

Goňur gullakjanyň ýyldyzy indi
Mazaryň başynda saçyp dur ýalkym.
Armanly ölse-de gerçek perzendi,
Adyny aýdyma öwürdi halkym.

Aýdym bolsa ömürbaky ölmeýär,
Aýdym adamlaryň göwün syrdaşy.
Ol esgeriň adyn adam bilmeýär,
Emma ol adamlaň baky gardaşy.

Ukrain çölünde, ýapyň üstünde
Ak şelpeli derek ygşyldap otyr.
Gana ýuwlan gara toprak astynda
Türkmen esgeriniň mazary ýatyr.

Ata ATAJANOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 39 | Добавил: Revo | Теги: Ata Atajanow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Лежала я вечор в беседке ханской..." / Goşgular - 17.01.2022
Şahyr hakda rowaýat / Goşgular - 22.02.2022
Могила Гете / Goşgular - 11.01.2022
Ertir bilerin / Goşgular - 05.01.2022
Рост / Goşgular - 11.01.2022
Hero Your Comics / Goşgular - 21.02.2022
Ýolda / Goşgular - 15.01.2022
Öten agşam / Goşgular - 28.01.2022
Вечер / Goşgular - 20.02.2022
Syrlar / Goşgular - 07.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]