10:46
Myrry Ýekegulagyñ başdan geçirenleri: Myrrynyñ şähere gidişi
MYRRY ÝEKEGULAGYÑ BAŞDAN GEÇIRENLERI

• Bu bapda Myrrynyñ şähere gidişi beýan edilýär

Myrry Güllüdepe söweşinde ganym duşmanlaryny ýeñenden soñ tokaý hem sähra jandarlarynyñ oña garaýşy bütinleý üýtgedi. Öñ Myrra göwni ýetmeýänler indi oña duşanlarynda hormat goýup, içgin salamlaşýarlar. Myrrynyñ geçip barýanyny görenler oña söýünç bilen syn edýärler. "Halha, şol Köralakany ýeñip, şu çaka çenli bizi bizar eden syçanlary, alakalary gorkuzan gaýduwsyz gahryman" diýşip, Myrryny bir-birine görkezýärdiler.
Dogrudanam, golaý-goltumda gemrijileriñ biri hem galman, öýlerini terk edip gaçyp gidipdiler. Myrry olaryñ aýak yzlaryna hem zat boldy. Hinleriñ hoñkaryşyp duran agyzlary kereplän gitdi. Käte Myrrynyñ syçanlary göresi hem gelmän duranokdy. Ýaprak ýaly goçak gulaklaryny keýerdip, guýrujaklaryny jaýtardyp gaçyp barýan syçanlary kowalamak Myrry üçin gyzykly güýmenjedi. Indi çola meýdanlarda aw gözläp ýörkä onuñ ýüregi gysýardy.
Ol özüne amatly aw duşmaýanyna bir tarapdan gynanýardy. Ikinji tarapdan bolsa, ol muña buýsanýardy. "Syçanlaryñ, alakalaryñ menden gorkýanlygy-ha uly ile äşgär boldy. Elime düşüp, aldaw bilen sypan Jokjoky hem gözüme görnüp bilenok. Diýmek, men gorkarça-da bar. Aýratynam murtum haýbatly, gorkunç görünýän bolsa gerek!" diýip, murtlaryny taýly gezek sypaýardy.
Bir gün ol aw gözläp, ýata suwly ýabyñ gyrasy bilen barýarka güzerde ýatan goçak balygyñ üstünden bardy. Myrry ony ysgap gördi. Balyk heniz porsamandyr. Iýmek boljak! Myrry özünden ululardan: "Balygy gaýnadyp, çorba bişirinseñem bolýar. Gazanda ýaga atyp gowursañ hem tagamly bolýar" diýen sözledi eşidipdi. Myrry öz-özüne akyl berdi:
- Aýdan-diýen kändir, Myrry han! Sen öz islegiñ bilen bol. Nätjek balygy ýük edip, öýe äkidip ýörüp?! Mikroplary öler ýaly bir salym güne gyzdyr-da, garnyña gapgar!
Myrry balygy akja tümmegiñ depesine çykaryp goýdy. Özi bolsa gapdalynda gyşardy-da, dynç aldy. Birdenem uka gitdi. Bir salymdan onuñ gulagyna ýakynjakdan bir şatyrdy eşidilen ýaly boldy. Ol gözlerini ýalpa açdy. Başyny galdyrdy. Görse, ýañky güne çoýup goýan balygyny Çaýçaññalak eýemsiräp, çokup otyr. Eýýäm iki gözüni çokupdyr. Indi bolsa balygyñ beýnisini çokmak üçin egri çüñküni bat bilen balygyñ kellesine urýardy. Myrrynyñ gahary geldi. Içini gepletdi: "Bu nähili adalatsyzlyk? Biriniñ awyny başga bir haramzada eýeleýär. Duruber bakaly. Men bu kel haramzada Myrrynyñ kimdigini tanadaryn!" Ol murtlaryny iki ýanlaýyn sypady-da, bat alyp, Çaýçaññalagyñ üstüne bökdi. Guş balygy çüñküne gysyp, göge galdy. Myrry guşuñ aýaklaryndan ýapyşjak bolup, näçe dyrjaşsa-da bolmady. Gaýtam, onuñ ýapyşan ýelekleri sogruldy-da, al-asmandan kelemenläp gaýtdy. Şol gelşine üýşmek samanyñ üstüne patlap gaçdy.
Şonda-da uçup barýan Çaýçaññalagy gözden salman, onuñ yzyndan ylgady. Çaýçaññalak beýik-beýik baýyrlardan aşdy. Myrry hem ondan galman, kowup gelýärdi. Onuñ pikiriçe ýyrtyjy guş balygy iýmek üçin bir ýerde gonmalydy. Ana şonda duýdansyz baryp, Çaýçaññalak bilen söweş gurmalydy. Ýöne Çaýçaññalak bäri-bärde gonmady. Ol Myrrynyñ yzyndan kowýandygyny görýän bolarly. Ol geçmesi kyn, kert baýyrlaryñ üsti bilen ganat ýaýyp uçýardy. Ahyry ol Aladaga baryp ýetdi. Dagyñ ýüzi bilen dik ýokaryk göterildi. Myrry dagyñ kemerine dyrmaşyp çykdy. Şol ýerde-de Çaýçaññalagy gözden ýitirdi.
Myrry gaty ýadapdy. Ol dagyñ kemerinde oturyp, töwerege ser salyp, dynç aldy. Ol öz ýaşaýan tokaýyna syn etdi. Aralary çuñ jaranlar bilen bölünýän beýik baýyrlar bilen utgaşyp oturan tokaý ýokardan seretseñ, has-da owadan görünýän eken. Üsti ýasy hem takyr Güllüdepe tokaý bilen sähranyñ sepgidinde akjaryp görünýärdi. Güllüdepeden añyrda bolsa Garagum çöli ýaýylyp ýatyrdy.
Myrry gündogar tarapa göz aýlady. Dagyñ düýbünde beýik-beýik ak jaýlar, burum-burum tüssesi dik asmana göterilýän uzyn-uzyn turbalar görünýärdi. Myrry içinden pikir öwürdi: "Şol ýer şäher bolsa gerek. Asyl şäher bizden daşam däl eken. Şäheriñ şowhunly bazary barmyş. Ol ýerde adyny tapan iýmişiñ satylýarmyş. Ýakynyna gelenime görä, ýagtygözin şähere aýlanyp gaýdaýyn. Şäher ilatynyñ neneñsi ýaşaýandygyny gözüm bilen göreýin". Ol ak inişden çuñ jülgä indi-de, şähere gidýän ýola düşdi.
Az ýöräp, köp ýöräp, şähere ýetdi. Şäherde geñ-enaýy zatlar kändi. Galmagally köçelerde, baglaryñ arasynda itler bezemen pişikler bilen gol tutuşyp, gezim edişip ýördi. Restoranlarda ýaş pişikler syçanlar bilen gujaklaşyp tans edýärler. Myrry bu görnüşi daşyndan synlap: "Mekir pişikler gije garañky ýere äkidip iýmek üçin syçanlary gündizden özlerine öwrenişdirýändirler. Ine garañky düşer welin, olar syçanlary çola ýere çykaryp lak-luk agyzlaryna atarlar. Ertir başga syçanlary şeýderler! Ýa-da tersine syçanlar pişikleri iýýändirler. Her zat bolup biler!"
Şäher pişikleri dar geýimdedi. Şonuñ üçin olaryñ guýruklary jalbarlarynyñ daşyna çykyp, ýerde süýrenýärdi. Myrry çolarak köçe bilen bazara geçip barýarka bir baý öýüñ duşunda aýak çekenini duýman galdy. Bezegli otagda semiz, sary pişik oýmuldap, bu duldan, o dula geçýärdi. Pişik çendanaşa semiz bolansoñ, onuñ aýaklary kelte görünýärdi. Pişigiñ garny ýere degäýjek-degäýjek bolýardy. Pişik diwanda äýnek dakynyp gazet okaýan hojaýyna ýaranjañlyk edip, zol-zol onuñ ýanyna böküp münýärdi. Hojaýyn oña üns berenokdy. Gaýtam eliniñ tersi bilen itip, ony diwandan aşak togalap goýberýärdi. Sary pişik hojaýyndan ýüz tapmansoñ, gurjak oýnap oturan gyzjagazlaryñ ýanyna barýardy. Emma gyzjagazlar hem pişikden irgun bolarly. Olaryñ biri pişigiñ gulagyny towlady. Beýlekisi guýrugyndan çekdi. Sary pişik olardan zordan gutulyp, penjiräniñ öñüne geldi. Aýna ýüzüni berip, giñ şähere, gök asmana nazar aýlady. Onuñ goçak, mawy gözlerinden ýaş syrygýardy.
Myrry bazara bardy. Ol barja puluny berip, bir bölek gowrulan balyk satyn aldy. Onsoñ tizräk bu ýürekgysgynç şäherden çykmak bilen boldy. Şäheriñ çetindäki "Gara pişik" restoranynyñ gapysynda guýruk bulap duran ala pişigi ýiti-ýiti synlady. Ol bir wagtlar Myrry bilen goñşy bolup ýaşan, ahyrda-da Aýy pälwanyñ gije şemallatmak üçin asyp goýan bir bölek etini ogurlap, tutulyp yzyna it salnyp kowlan Garaguýruk eken. Myrry onuñ ýanyna sowuldy. Garaguýruk Myrryny tanasa-da, ilki oña üns bermedik boldy. Myrry oña ýüzlendi:
- Myrry, henizem şol çölde guma bulaşyp ýörşüñmi? Şähere göçüp, medeniýetli ýaşajak bolarlar! Ýygnan pullaññy gysganmasañ, şäherde işe ýerleşdirmek meñ bilen! Umuman, maña bir orunnbasaram gerek!
- Ýogsa-da, goñşy, şäherde näme kär edýäñ?
- Häzir-ä şu restoranyñ hojaýyny! Şef bolnandyr, han! Mürähed-ä däl, restorana girip, garbak-gurbak edeli. Aşpezlem şu wagt meñ üçin towuk gowrup durlar.
Ol gaýşaryp, galstugyny düzedip, döşüne kakdy. Şol pursatda gap ýuwýanyn lybasyndaky ganjyk gapydan çykdy. Ol:
- Gapynyñ agzynda durma! Sowul! - diýdi-de, Garaguýrugy omzy bilen kakyp geçdi.
Garaguýruk muny ýüzüne alman, ýene restoranyñ içine boýnuny uzatdy. Ganjyk daşarda akyp duran krandan bir bedre suw alyp geldi. Ol Garaguýrugyñ ýene içerik seredip, ýalmanyp durandygyny görüp gaharlandy: Guýrugy bilen onuñ aýagyna batly kakdy. Garaguýruk hylça aşak oturdy. Ganjyk onuñ ýakasyndan tutdy-da, hapa dökülýän hendege bakan zyñyp goýberdi:
- Girip-çykylýan ýerde emenip durmañy bes et diýip saña näçe aýdyldy? Häý, emenjeñ bisyrat diýse!
Ganjyk restorana girip gidensoñ Garaguýruk hyk-çok edip ýerinden galdy. Ol ala papagyny zir-zibilleriñ arasyndan gözläp tapdy-da, başyna geýdi. Şol ýerde galstugyny düzetdi. Onsoñ gorka-gorka gapa geldi. Myrra garap, ýalandan güldi:
- Ýañky ganjyk meñ täze işgärim. Akyly ýeri däl. Şefi-beýlekini tananok. Ynha men buýruk bilen oña ýaglyja käýinç ýelmärin welin, onsoñ akyly gözünde bolaýar!
Myrry onuñ biderek öwünýändigini, asyl şu gapyda kim bir döwüm nan ýa gemrilen süñk oklarka diýip, ymsynyp durmakdan başga işiniñ ýokdugyny bildi. Garaguýrugyñ bolup ýörşüne gaharlandy, hem nebsi agyrdy. Özüniñ ölemen açdygyna garamazdan, ýap-ýañyja bazardan satyn alan bir bölek gowrulan balygyny sumkasyndan çykaryp, oña uzatdy:
- Garaguýruk halypa, señ obada bişirilýän tagamlardan dadyp görmäniñe-de köp wagt bolandyr. Şu gün ýolda iýerin diýen niýet bilen balyk gowurdym. Şondan galan bir bölek balygy saña dadymlyk peşgeş berýän. Me, iýip gör!
Ýalan sözlemek nähili kyn eken. Myrrynyñ öz aýdan ýalan sözüne öz ýüzi gyzardy. Emma Garaguýrugyñ göwni bir ýalydy. Ol Myrra minnetdarlyk bildirmegi hem unudyp, berlen peşgeşi garbap aldy-da, gapynyñ agzynda iýmäge oturdy. Myrry onuñ bolup oturyşyndan utanyp, ýüzüni aşak saldy. Onsoñ oba gidýän jülgä düşdi-de, yzyna seretmän aýagaldygyna ylgap gitdi. Ol şäherden şeýle bir gaty gaçdy, hatda ikindi bolmanka Güllüdepä ýetäýdi. Ol depäniñ düýbündäki otlukda oturyp, demini dürsedi. Ol öz külbesine, beýik tokaýa, giñiş meýdanlara, öz aladasy bilen gümra bolup ýören jandarlara mähir bilen nazar saldy. "Öz obamyzyñ, bu asuda topragyñ gurbany bolsañ!" diýip, süýjümtik ýylgyrdy.
Ol öýjagazyna gelip, çyrasyny ýakdy. Nahar atardy. Myrry agşamlyk edinip, dynç alyp otyrka-da şäherde gören-eşiden ahwalatlarynyñ galagoply täsirinden aýñalyp bilmedi. Ol öz-özi bilen gürleşdi:
- Men şu gün köp zada akyl ýetirdim. Şäher ilatynyñ ýaşaýşynyñ ýanynda dagy biziñ beg ýaly günümiz bar. Bazarda adamlaryñ aýaklaryna çolaşyp, iýmit tamakinçiligi bilen her kimiñ ýüzüne bir delminip, naýynjar bakýan pişikleriñ gününe ýanaýyn-a! Çaýhanalaryñ, restoranlaryñ gapysynda guýruk bulaşyp duran pişiklere näme diýjek? Öz iýjegiñi gazanyp bilmän, iliñ sadakasyna göz dikmek ýa haçan hojaýyn agzyndan galan naharyny ýalagyma guýarka diýip ýalmanyp durmak nähili utanç?! Hemme jan biten jandar öz ýaradylyşy ýaly ýaşasa ýagşy. Aýylar aýy bolup ýaşamaly. Kirpiler kirpiligi bilen bolmaly. Her kes özi bolup ýaşamaly! Pişikler ekinleri, gallany gemrijilerden goramaly. Guşlar topragyñ, baglaryñ gurçuklaryny çöplemeli. Itler sakçylyk etmeli. Bu çakyñ pişikleri it boljak bolup dyrjaşýar. Syçanlar pişiklerden rüstem. Biz-ä toba etdik. Azdyrmasyn! Azana duçar etmesin! Şu ýaşaýşymyza ýüzde müñ şükür!..
Ol töweregiñ asudalygyndan lezzet alyp, meýmiräp uka gitdi.

Berdimuhammet GULOW.





Категория: Çagalar edebiýaty | Просмотров: 299 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Berdimuhammet Gulow | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Çagalar edebiýaty bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 9
0
9 ezizh764   [Материал]
Oho smile Men şuny 2-nji klas wagtym magazinden satyn alypdym...

0
8 ers-mers   [Материал]
Ýañky ganjyk meñ tąze işgärimem- diýýämi tongue

0
7 tizlik   [Материал]
Garaguýrugyñ bolşy ertir.comdaky @Puhy ýatlatdy biggrin

0
6 Akjemal   [Материал]
Bu hekaya çagalar ü.n däl-de ylaýyk ulular üçin ýazylan. Okap hezil etdim gülüp, sag boluñ smile

0
5 Akjemal   [Материал]
Bazarda adamlaryñ aýaklaryna çolaşyp, iýmit tamakinçiligi bilen her kimiñ ýüzüne bir delminip, naýynjar bakýan pişikleriñ gününe ýanaýyn-a!

0
4 Akjemal   [Материал]
Garaguýrugyñ göwni bir ýalydy. Ol Myrra minnetdarlyk bildirmegi hem unudyp, berlen peşgeşi garbap aldy-da, gapynyñ agzynda iýmäge oturdy. tongue

0
3 Akjemal   [Материал]
Ol bir wagtlar Myrry bilen goñşy bolup ýaşan, ahyrda-da Aýy pälwanyñ gije şemallatmak üçin asyp goýan bir bölek etini ogurlap, tutulyp yzyna it salnyp kowlan Garaguýruk eken.

0
2 Akjemal   [Материал]
Bezegli otagda semiz, sary pişik oýmuldap, bu duldan, o dula geçýärdi. Pişik çendanaşa semiz bolansoñ, onuñ aýaklary kelte görünýärdi. Pişigiñ garny ýere degäýjek-degäýjek bolýardy. Pişik diwanda äýnek dakynyp gazet okaýan hojaýyna ýaranjañlyk edip, zol-zol onuñ ýanyna böküp münýärdi. Hojaýyn oña üns berenokdy. Gaýtam eliniñ tersi bilen itip, ony diwandan aşak togalap goýberýärdi. biggrin

0
1 Akjemal   [Материал]
Restoranlarda ýaş pişikler syçanlar bilen gujaklaşyp tans edýärler. Myrry bu görnüşi daşyndan synlap: "Mekir pişikler gije garañky ýere äkidip iýmek üçin syçanlary gündizden özlerine öwrenişdirýändirler. Ine garañky düşer welin, olar syçanlary çola ýere çykaryp lak-luk agyzlaryna atarlar. Ertir başga syçanlary şeýderler! Ýa-da tersine syçanlar pişikleri iýýändirler. Her zat bolup biler!"
biggrin

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]