00:47
Myrat Bardakçynyñ gözünden eždatlaryñ seks durmuşy
MYRAT BARDAKÇYNYÑ GÖZÜNDEN EŽDATLARYÑ SEKS DURMUŞY

Türkiýäniñ ilkinji seksopolitik saýty ucyuzotuzuc.com taryhçy Myrat Bardakçynyñ 1992-nji ýylda ýazan "Osmanlyda seks" kitabyny ele aldy. Ine, Myrat Bardakçynyñ kitabyndan ucyuzotuzuc.com saýtynyñ saýlap alan osmanlynyñ seks durmuşyndan bölekler:

• Göwün açyjy tellaklar (owkalaýjylar, massažistler) we Ýemeniçi Baloglan

Kitapda 1686-njy ýylda hammamçylar kethudasy bolan Ysmaýyl aga tarapyndan ýazylan "Dellaknamaýy Dil Küşa" ýagny "Göwün açyjy dellekler" kitabynda Stambulyñ meşhur hammamlary we bu hammamlarda "gulamparalaryñ (oglanbazlaryñ) peştamallaryny (набедренная повязка) çözýän näzenin oglanlar" hakda gürrüñ berýän Ysmaýyl aganyñ bu kitaby ýazmagyna ýene bir hammam oglany sebäp bolupdyr. "Gylyç Aly paşa" hammamynda "çykarynyp" durka Ysmaýyl aganyñ gözüne ilip "içoglan" edilen Ýemeniçi Baloglan "Bir kitap ýazsañ, içinde biziñem adymyz geçse, taryhda ýatlansak" diýeni üçin Ysmagyl aga Stambuldaky 2 müñ 123 sany "ýalpyldawuk" dellekden 11-n8 saýlap, kitaby ýazmaga başlapdyr. Elbetde, iñ başynda Ýemeniçi Baloglan. Kethudanyñ joşgunly beýan ediş stiliniñ netijesinde osmanlynyñ gomoseksual kitaplaryndan biri ýazylýar. Ysmaýyl aga "mahbuby-zyba", ýagny "gelşikli söýgüli" diýip agzaýan Ýemeniçi Baloglan barada şeýle diýýär: "Heniz on bäş ýaşynda we gözellik täji adynyñ başynda, bu günäkäriñ murgy-dili (göwün guşy) ýemeniçi oglanyñ samyr gaşynda." Garamañlaý Ýemeniçi rehim-şepagatsyzlygy bilen at alan 59-njy ýanyçarlar bölüminiñ ajamylaryndan. Şahbaz ýoldaşynyñ astyndaka üsti basylyp depderli bolup, "Gylyç Aly paşa" hammamynda çykarynmaga başlapdyr. Kethudanyñ aýdyşy ýaly "Amma jamekân otagda, amma içeri hylwatda ol näzlı oglanyñ pöwrize bäbenegini aždar mysaly demir gazyk bilen oýupdyrlar."

• Adam aždarhasy: Tokmakçy Süleýman

Kethuda ependiniñ "adam aždarhasy" diýip gürrüñ berýän Kalýançy Süleýman ragbet edilen bir "tokmakçymyş". Bir gün çaýhanada otyrka, "Pyýalapaşa" hammamçysy bilen tanşypdyr. Hammamçy "Bolýar, maña şeýleräk şahbaz tokmakçy lazym" diýip, Süleýmany hammama alypdyr. Ysmaýyl aga bu "adam aždarhasynyñ" hammam hereketlerini gürrüñ berende özüni ýitirýär: "Süýn begim, paşam" diýip, nijesini baldyr bajaga atar, kywamy gelende öz peştemalyny gabarak dolap... müşderiniñ aýaklaryny ogşar... "

• Ilkinji jelepler Kanunynyñ döwründe

Myrat Bardakçynyñ aýtmagyna görä "Stambul halky üçin seks skandallary ýygy-ýygydan bolýan hadysalardan bolupdyr. Hiç bir döwürde-de öñüni alyp bilmändirler." Kitapda aýdylyşy ýaly ilkinji hasaba alynan jeleplere Kanuny Soltan Süleýmanyñ döwründe gabat gelnipdir. Kanunynyñ döwründe Stambulda at gazanan ilkinji jelepleriñ ady Arap Faty, Kritli Narin, Atlyases Kamer, Kirteli Nefise, Balatly Aýni... Ilkinji žigololar bolsa Ýawuz Soltan Selim döwründe ýüze çykypdyr.

• Ýanýoldaşy žigololara meýilli milli gahryman

Ýawuz Soltan Selim döwrüniñ milli gahrymany Baly begiñ aýaly bolsa žigolo tutunmagy gowy görýän eken. Ol baryny-ýoguny ýaş erkeklere berýän eken. Är-aýal munuñ üçin birnäçe gezek sudlaşanam bolsa, bu barada Ýawuzyñ gulagyna degenem bolsa, Baly begiñ aýaly ýaş ýigitlerden el çekip bilmändir.

• Osman paşanyñ teletinbaz aýaly

Teletinbazlyk (lezbiýankalyk) bilen baglanyşykly bolan wakalardan biri-de Sadaret kaýmakamy Osman paşanyñ aýalynyñ başyndan geçipdir. 1810-njy ýylda Sadaret kaýmakamy Osman paşanyñ iñ uly gowşak ýeri Stambulyñ iñ meşhur teletinbazlaryndan biri bolan aýalyny uçursyz gowy görýänligi eken. Onuñ aýaly bir sygan tansçyna göwün berip, öz öýünde aýallaryñ üýşýän içhä-içli, aýdym-sazly meýlisini gurnansoñ, gep-gybat ýaýrap gidýär. Gepiñ bir ujy köşge ýetýär welin, "Aýalyna eýelik edip bilmeýän döwlete nädip eýelik etsin" diýip, ýörite perman çykarylyp, Osman paşa wezipesinden boşadylýar. Jeza çäresi diñe garamaýak halka berlipdir.

09.12.2012 ý.

Odatv.com
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 159 | Добавил: Gökböri | Теги: Myrat Bardakçy | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 3
0
3 Sergezzan   [Материал]
Seks lezzet ahbetin )

0
1 edebiyatteswiri   [Материал]
Gökböri, "Myrat Bardakçynyñ gözünden eždatlaryñ seks durmuşy" diýen makalanyň sözbaşysyny medeniýetleşdirip: "Myrat Bardakçynyñ gözünden eždatlaryñ zyna durmuşy" diýip alsaňyz gowy bolmazmy? Seks sözi türkmen edebiýatlarynda gönümel ulanylýan däldir. Şonuň üçin "Seks" sözüni "zyna" sözüne üýtgetseňiz gowy bolar. Sebäbi, "zyna" edebi söz, edebiýatlarda ulanylýan söz.
Gökböri, men Seniň ähli goýýan makalalaryňyzy okaýan. Tüweleme gowy makalalar terjime edýäňiz. Yzy gür bolsun. Söz ýok. Ýöne, bizem öz pikirimizi aýtmak isledik. Pikirimizi alsaňyz. biz Sizden örän minnetdar bolarys.

0
2 Gökböri   [Материал]
Siziñ näme diýjek bolýanyñyza düşündim. Ýöne seks bilen zyna sözüniñ manysy aýry. Diñle, dostum bu barada türkmen romanlarynyñ birinde şeýle diýilýär:

"Türkmen ýazyjylaryna Atdanyň nebsi-jany agyrdy. Ol köp okap ýören kişi däl. Ýöne okan kitaplarynda ýazyjylaryň türkmeniň dar däp-dessur galybyndan çykyp bilmän kösenişlerini gördi. Olaryň bir başarýan — rugsat berlen — zady güjümiň ýa-da çynaryň aşagynda Gün ýaşansoň duşurmak. Özem Gün ýaşansoň! Gündiz aýyp bolýar. Gyzyň elinden tutsa bolany. Ondan aňry geçmek aýyp. Gyza söýýändigiňi aýtmak aýyp. Köçede gol tutuşmak, gujaklaşmak aýyp. Wah, gol tutuşmak, gujaklaşmak diýýärsiň, ýürekden gürleşmegem aýyp ahyryn. Seksi suratlandyrmak aýyp. Türkmene mahsus däl. Durmuş seksden başlanýar ahyryn. Durmuşyň manysam seks ahyryn. Olam türkmene mahsus däl. Adama mahsus zatlar türkmene mahsus dälmiş! Türkmen ýazyjy görgülilerem şol mahsus däldigi üçin öz aşyk-magşuk gahrymanlaryny gol tutuşdyrmakdan aňry geçirip bilenoklar."
http://kitapcy.com/news/tapagan_12_nji_bolum/2018-06-11-137

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]