21:24
Mužel atly pişik
MUŽEL ATLY PIŞIK

Wiktor Klemperer (1881-1960)…
Kimdigini öñ şu rubrikada aýdyp geçipdim.
Germaniýada ýaşaýan jöhit maşgalanyñ çagasydy. Kakasy hahamdy.
Nemesdigine bolan ynanjy bilen 1903-nji ýylda hristianlyga geçdi. 1912-nji ýylda ikinji gezek hristianlyga dolanyp bardy!
Nemeslik bilen jöhitligiñ arasynda haýsam bolsa birini saýlap almaly bolsa, özi üçin birinjisiniñ hemme zady, ikinjisiniñ hiç zady añladýandygyny aýtdy.
Sekiz ýyllap žurnalistlik etdi.
Akademiýada Monteskýe hakynda doktorlyk dissertasiýasyny ýazdy.
Meýletinçi bolup Birinji jahan urşuna gatnaşdy. "Bawariýa" medaly bilen uruşdan dolandy.
Drezden Tehniki uniwersitetinde 1921-nji ýyldan başlap Latyn dilleri we edebiýaty kafedrasynyñ professory bolup işläp başlady... Gitleriñ häkimiýetde bolan 1935-nji ýylynda "jöhit" bolandygy üçin işden çykaryldy, nemes raýatlygyny elinden aldylar!
Pianinoçy aýalynyñ "ariýa jynsyndan" - nemes bolmagy Klempereri konslagere ugradylmakdan alyp galdy. Emma uruş gutarýança geýiminiñ sag golunda alty ýaşdan geçen ähli jöhitleriñ dakýan sary "jöhit ýyldyzy" belgisini götermäge mejbur boldy.
Nasistler dininden dänse-de, meýletin ýagdaýda uruşa gatnaşsa-da Klempereri kem-kemden hemme zatdan diýen ýaly gyraklatdy: professorlygyny, soñra awtoulagyny, telefonyny, jaýyny, hatda daktiloskopiýasyny-da elinden aldylar. Nobat nämä gelipdi?

• ARIÝES HAÝWANLAR

Dilçi alym Wiktor Klempereriñ nemes faşizmi döwründe ýöreden gündelikleri kitaplaşdyryldy: "LTI" - "Nasistik döwletiñ dili...
Onuñ kitabyny okanda, är-aýal Klemperer-Şlemmer jübütiniñ Mužel atly bir pişik saklandygyny bilip bolýar.
Nasistler wagtyñ geçmegi bilen jöhitleriñ öýdeçil haýwanlary saklamagyna-da idin bermedi. Ol gündeligine şeýle ýazdy:
"Jöhitleriñ ýanyndaky "jynsyna saýrylaşan" jandarlara-da ýer ýokdy. Has soñra öýdeçil haýwanlarymyzy: pişiklerimizi, itlerimizi, hatda kanareýka guşlarymyza çenli elimizden alyp öldürdiler. Fiziki ýagdaýda we fiziki şikes ýetirmek arkaly etmediler muny, resmi we sistematiki şekilde edilmedi. Nýurnberg sud proseslerinde agzalman geçen zalymlyklaryñ biri-de şudur, eger meniñ elimde bolsa, ebedi sagadatdan binesip galjagymy bilsemem, diñiñ aşagynda bir daragajy dikerdim munuñ jogapkärleri üçin…”
Är-aýal Klemperer-Şlemmer ilki Muželi saklady, gündeliklerine "Pişigiñ howada asyl-asyl bolup duran guýrugy biziñ baýragymyzdyr" diýip ýazdylar. Emma...
Pişigi saklamak kyn bolansoñ, tabagyñ içine salyp, öýe getirjek boldular. Mužel ele düşdi, öldürildi...
Nasistler aýratynam pişiklere ganym duşmandy. Gündogardan gelendikleri üçin käbirleri olary "jöhit haýwanlar" hasap etdi.
Şol sebäpli pişikler haýyn we antisosialdy.
Şol sebäpli pişikler öýde saklanmaýardy.
Şol sebäpli pişikler şeýtanyñ ýaranlarydy.
Bu maglumatlary agzamagyñ sebäbi bar...

• YMAMOGLUNYÑ GEZELENJI

Nasistler jöhitleriñ öý haýwanlaryny "nemes haýwan gory" üçin ýokanç howp hasaplady. Ariýa jynsy - ariýanalar diñe adamlar üçin däldi ýagny! Haýwan mifini-de döretmek islediler...
Jöhitlere bolan ýigrenç - milletparazçylykly telbelik adamy näderejede pese düşürýändigini, näderejede psihologiýasyny bozýandygyny şu gynançly wakany mysal getirmek arkaly görmegiñizi isledim.
Bütin bu zatlaryñ başlangyjy näme, bilýärsiñizmi: kine saklamak, öçli gezmek...
Serediñ:
Tankyda düşünýärin...
Gaharly-da bolup bilersiñiz, oña-da düşünýärin...
Emma kine saklamak - ar almagy talap edýän ruhy näsaglykdyr.
Ymamoglunyñ Garadeñiz gezelenjinden soñra sosial mediýada ýazylanlaryñ käbirini okanymda, käbir garşydaş pikirlileriñ şeýle "ruhy näsaglyga" ýolugandygyny duýdum.
Bu "wirus" bize ýalany, pyrryldagy, pitnäni köpçülikleýin ýokanç kesele öwren FETÖ-dan ýolukdy!
Kylyçdarogly yrzalaşmasa, Ymamogly duşmançylyk saklasa, munuñ soñy nirä barar?
Özem şolara golaýlaryñ sosial mediýada ýazanlaryna seredilse-hä, Muharrem Inje saýlawlaryñ birinji tapgyrynda prezident bolaýmalydy. Muny aýtmak bilen syýasy jedele girmek islämok. "Dişe diş, gana - gan" oýlanşyksyzlygynyñ ýurda, jemgyýetçilik-syýasy durmuşa beejek zyýanyna ünsi çekmek isleýärin.
Biz elmydama adalatyñ, hukugyñ tarapynda durarys.
Biz elmydama gumanistligimizi saklap galarys.
Biz elmydama bişişen pozisiýada durmagymyza dowam ederis.
Biz elmydama garşy çykýandygymyzy ýazarysam, aýdarysam.
Emma, duşmançylyga-öç almaga boýun egilse, ine, şonda ýeñliş gutulgysyz bolar, syýasat beýlede dursun: häkimiýeti, özüñizi-häsiýetiñizi ýitirersiñiz! Añyñyzyñ, duýgyñyzyñ hapalanmagyna ýol bermäñ, haýyş.
Gurulan pyrryldagyñ netijesinde iki ýyl türmede ýatyp çykanymda "Siliwri" türmesiniñ öñünde şeýle diýipdim:
“- Içimde hiç kime garşy öýke-kine, duşmançylyk ýok, hiç kime ýigrenç ýok, emma içimde çäksiz gahar-gazap bar.”
Unutmañ:
Jöhitleriñ gettolaşdyrylmagy ýok ediş-ölüm lagerleriniñ ilkinji ädimidi.
Ýurdumyzy gettolaşdyrmañ.
Eýjejik Muželiñ başyna gelenleri unutmañ.
Gürrüñsiz, tankyt ediñ, ýöne aýyplamañ.
Gürrüñsiz, jedelleşiñ, ýöne özüñizçe sud etmäñ.

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 13.05.2022 ý.





Категория: Publisistika | Просмотров: 52 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]