19:20
Murt / hekaýa
MURT

Kemal akyly kem doguldy. Ýeri, bu ýerde kime günälejek diýsene. Ýogsa üç çagany dünýä beren Ýazsoltan eje bu gezek hem yhlasyny kemmändi. Ol körpesiniň ýetmeziniň üstüni mähri bilen doldurmakçy bolýan ýaly göwnünden-göwresinde bar bolan  mährini toplap, kemakyl ogluna siňdirdi.
Ýedi ýaşyna ýeten Kemal öz deň-duşlarynyň yzyna düşip mekdebe gelende, birinji kylaslylaryň mugallymy Mämmet onuň badyny alyp durmady. Ýöne aradan bir hepdäni-de geçirmän, Kemal okuwa gatnamasyny kesdi.
Gaty oturgyjyň üstünde gününi geçirmäge takady ýetmedik kemakyl oglanjyk uzyn gün obanyň bir ol köçesinden çyksa, bir-de beýleki köçesinde görnerdi.
Çybyk atyny gamçylap okkessirme geçýän Kemal üçin bu oýnundan gyzykly diňe ýekeje zat bardy:
Ol tozan turzyp ýörşüne, ýadan ýerinde "atyndan" düşerdi-de, gabadynda saklanan öýüniň kimiňkidigine seretmän, urduryp howla girerdi. Atyzdaky gyzaryp oturan pomidorlar bilen-de, entäk sowuk urmadyk biýaralaryň aşagynda gizlenip ýatan hyýarlar bilen-de onuň işi bolmazdy. Ol owunjak saman garylyp suwalan tekiz diwaryň öňünde aýak çekerdi-de, jübüsinden ujy çürüje uzyn hek çykaryp hakyky suratçylar ýaly işe başlardy.
Ol mekdepden gaýdanda klas tagtasynyň öňündäki hek goýulýan ýeri sygyr ýalan ýaly edip gaýdypdy.
Öý eýesi wagtynda duýup eli uzyn çybykly ýetip geläýmese, tamyň ýalpyldap duran diwarynyň işi gaýdardy. Diliniň ujyny dişläp, bar ünsüni çekýän suratyna berýän Kemal dünýäni unudardy. Onuň iň gowy görýän zady bolsa murt çekmekdi. Sähel salymda adamyň çöp ýaly el-aýagyny, ullakan göwresi bilen togalak kellesini çekip ýetişýän Kemal soňra onuň murtyny çekmäge girişerdi.
Eger, ullakan silkme telpekli ýaşulynyň suratyny çeken bolsa, onda onuň murtyny-da elindäki ak heki bilen çekerdi. Eger, başy esger papakly ýaş ýigidiň suratyny çeken bolsa, onda beýleki jübüsindäki kömür bölegini çykarardy. Onsaň kellesindäki ýyldyzly papagyny çekgesine süýşürin, her egninde bir adam oturybermeli ýigidiň ap-ak ýüzüne gap-gara murty gelşik bererdi.
Öý eýesi gykylyklap burçdan öwrülerem welin, kiçijik salmadan towsup geçen Kemal "atyna" atlanyp allowarradan çykardy.
Heki gutaran güni ol mekdebe gelerdi. Klasa girip iň yzky partada goňşusy Kerweniň gapdalynda sapak gutarýança jyňkyny çykarman oturardy. Jaň kakylyp hemmeler arskesmä çykardam weli, tagtaň öňündäki hekleri jübüsine salan Kemal bu töwerekden garasyny saýlardy.
Aý aýlanyp, ýyl geçdi. Kemalyň weli, çybyk "atyny" demir "ata" çalyşdy diýäýmeseň, şol öňki bolşudy.
Diwaryna surat çekilmedik jaý galmady. Obanyň ortasyndaky meýdançada salnan klubyň diwaryda sergi zalyna dönüpdi. Setirlenip çekilen suratlaryň kimdigini olaryň murtlaryna seredip biläýmelidi:
Ine, kömür bilen çekilen gür pişge murt ýaşy altmyşdan geçse-de, murtynyň ýeke gyly-da agarmadyk Gurbannyýaz aganyňky, onuň sag gapdalyndaky gara murty agzynyň iki tarapyndan aşak sallanan ýaş ýigidiň Annamyratdygyny soraman biläýmelidi. Kiewde dogtorçylykda okap ýören Annamyrat ýylda diňe iki gezek oba gelip gidýän-de bolsa, ol Kemalyň gözünden sypmandy. Kemal onuň oba gelende kellesinden çykarmaýan ullakan gaşly tegelek papagyny-da ýadynda saklapdyr. Annamyradyň gapdalyndaky gytyjak murtlarynyň ujy goçuň şahy ýaly towlanyp duran ýigidiň Berdi jalaýdan başga hiç kim däldigini obaň aýak biten çagalaryna çenli bilýärdiler...
Ine, bu gün hem mekdep tarapdan "matoryny" tarladyp gaýdan Kemal ruly goňşy oba tarap gidýän daş düşelen ýola burdy. Düýn iki obanyň ortasyndaky  köprüniň bäri tarapynda eli guzuly duran çopanyň suraty çekilen tagta bölegini dikip gidipdirler. Ol düýn hem "matoryny" tarladyp bu suratyň gapdalynda kän aýlanypdy. Ýöne, şäherden gelen iki sany ýaş ýigit diken suratlarynyň ýanyndan wagty bilen gitmelidir öýtmändirler. Obadan çykyp köprä tarap gidýän dogry ýola düşen Kemalyň guşy uçdy. Tagta böleginiň gapdalynda hiç kim görnenokdy. Elerini göýä matoryň rulundan tutýan ýaly ýaýyp barýan Kemal sag eli bilen "gazy" towlady. Ol dodaklarynyň arasyndan matoryň sesine meňzeş ses çykaryp töweregi ala-goh edip gelşine tigirleriň deregine ulanýan aýaklarynyň hereketini batlandyrdy.
"Matoryny" öçürip, köprüniň erňegindäki demir gözenege ýaplan Kemal düýnki dikilen suratyň ýanyna geldi.
Iki sütüniň ortasyndaky ullakan tagta bölegine çekilen, elindäki guzusy ýaly tüýleri buýralanyp duran telpegini maňlaýyna süýşürip, Güne gaýzygan ýüzüni uzaklara dikip duran ýaşuly çopana murt çekmek suratçynyň ýadyna düşmedik bolarly.
Ýöne, Kemalyň ýanynda bujagaz ýetmezi düzetmegiň müşgüli ýokdy. Ol jübüsinden çykaran hekini ýaşulyň burnynyň aşagyndan ýöretdi. Göýä nähili murt çekende has oňat gelişjegini kellesinde aýlaýan ýaly az salym doňan ýaly bolup durdy-da, işini dowam etdi. Iki ädim yza çekilip, ýaşulyň çap-çal murtyna ýene bir gezek göz aýlady.
Kemal bu gezek çeken murtyna guwanmaga ýetişmedi. Gapdalynda saklanan gozakly matordan düşen ýaşajyk milisioner onuň üstüne abandy:
- Asyl, suratlary zaýalap ýören sen diýsene, inijik!
Ol Kemaly matoryň gozagyna dykdy-da, ruly raýon merkezine tarap öwürdi. Gaňrylyp-gaňrylyp ýaşulynyň çap-çal murtyna gözüni diken Kemal garşylyk görkezip durmady. Gaýta matoryň üstüniň sowujak şemaly göwnüne ýaran oglanjyk aýaklaryny öňe uzadyp hezil edip gerindi.
Köprüniň gapdalyndaky güzere suwa gelen Kerwen uzaklaşyp barýan gozakly matora gözlerini dikip az salym durdy-da, bedresini hem taşlap oba tarap eňdi.
Kerwen haş-haşlap ýetip gelende Ýazsoltan eje howlunyň içinde kir serip ýördi. Howlyň daşyna aýlanan tikenekli simden geçip bilmän birsellem iki baka elewrän Kerwen sesine bat berdi:
- Ýazsoltan eje!
Ýazsoltan eje tisginip gitdi. Ýüpüň üstüne atmak üçin ýokary galdyran köýnegi elinden sypyp ýere gaçdy. Sesiň nireden çykanyny bilmän töwerege garanjaklady.
- Ýazsoltan eje!
Onuň diňe şu wagt Kerwene gözi düşdi. Elini köprä tarap uzadan Kerweniň demi-demine ýetmedi:
- Kemaly milisiýa alyp gitdi...
Ýazsoltan ejäniň üstünden gyzgyn suw guýlan ýaly boldy. Içi öl eşikli legene büdräp tüwdürilip giden ene tiz ýerinden turdy. Ol göz açyp-ýumasy salymda Kerweniň gaşynda dikeldi:
- Nirä äkitdi?
Kerwen ýene elini köprä tarap uzatdy:
- Motorly... şähere...
Tikenekli sim üstünden towsup geçen Ýazsoltan ejäniň köýneginiň etegini opuryp aldy. Bu wagt gözüne hiç zat ilmeýän ene oňa üns bermän daş düşelen ýoly syryp şähere tarap tutdyrdy.
Şäher bilen aralyk uzak däldi. Goňşy obaň gapdalyndan böwür berip gidýän daş ýol gowaça atyzlarynyň içinden geçip maňlaýyny şähere direýärdi.
Her köwşi bir ýerde galyp ýalaňaç aýaklaryna çümýän ujy ýiti daşlaryň yzasyny-da duýmaýan ene tüwdürilip barşyna içini gepletdi:
"Wah, balam, urup-sögmäbilsediler hernä..."
Günortanyň tüp yssysynda şähere tarap tarap tigirlenýän zat bolmansoň, Ýazsoltan eje şol gelşine şäheriň çetinden girdi.
Ýalaňaç aýaklaryny çaň-tozan basyp, bulaşyk saçlary ýüzüne orta ýaşlaryndaky aýala gözi düşen nobatçy gapdala çekilenini-de duýmady.
Milisiýanyň jaýynyň uzyn dälizini syryp aňyrlygyna ugran ene açyk gapynyň agzynda az salym doňan ýaly bolup durdy-da, kürsap otaga girdi. Ol kiçijik otagda ogluna gözi düşmänsoň gapdaldaky gara gaýyş çekilen gapyny çekdi.
Murty burnunyň aşagynda iki sany inçejik dikçyzyk bolup duran maýoryň garşysynda otyran Kemalyň keýpi kökdi. Şu maýoryňky ýaly murty onuň birinji gezek görşüdi.
Ýazsoltan eje oglunyň gapdalyndaky oturgyja çöküp ony gujagyna gysdy:
- Balam, kemakylym meniň, - gözýaşyna düwnügen ene azsalym sägindi-de dowam etdi, - men saňa öýden uzaklaşma diýip näçe aýtdym...
Sag elini ejesiniň gujagyndan sypdyran Kemal süýem barmagyny maýoryň murtyna dürtäýjek bolup çogup gelen şatlykdan ýaňa gyşaryp giden ýüzüni ejesine tarap öwürdi:
- A-aa-a-a-a...
Biçäre ene oglunyň agzynyň iki gapdalyndan syrygan gyllygyny köýneginiň ýeňi bilen süpürip, onuň gyp-gyzyl bolan ýüzüni döşüne gysdy:
- Jan balam, men näler eýläýin...
Ýerinden turan maýoryň sesi mylaýym çykdy:
- Bizi bagyşlaň, bir düşünmezlik ýüze çykdy. Seržant bilmän..., - ol elini owkalap iki baka az wagt gezim etdi-de, birdenem bir zat ýadyna düşen ýaly elini gapynyň iç ýüzünde duran seržanta uzadyp sözüni dowam etdi - Serzant sizi häziriň özünde öýňüze eltip geler.
Ýazsoltan eje ogluny seržantyň yzy bilen gara tarap çekdi. Bir aýagyny bosagadan daş taşlan Kemal ýene yzyna öwrülip barmagyny maýoryň murtyna uzatdy:
- A-a-a-a-a...
Agşamlyk klubyň ýanyna gelen Kemal diwaryň ýüzünden boş ýer tapyp, jübüsinden ujy çürüje uzyn hekini çykardy.

Jumageldi MÜLKIÝEW





Категория: Hekaýalar | Просмотров: 184 | Добавил: Dark_Wolf | Теги: Jumageldi Mülkiýew | Рейтинг: 2.7/3
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Елка и свадьба / рассказ - 18.06.2021
Вендетта / рассказ - 01.05.2021
Arman / hekaýa - 17.01.2021
Telefon / hekaýa - 08.04.2021
Göýdükleriñ ejesi / hekaýa - 28.05.2021
Буатель / новелла - 13.03.2021
По следам мечты / рассказ - 23.06.2021
Kassada / hekaýa - 14.01.2021
В полях / новелла - 23.03.2021
Клещи / рассказ - 23.06.2021



Всего комментариев: 4
0
4 mango   [Материал]
Gysgametražly kino edäýmelije zat eken.

0
2 Bagabat   [Материал]
Hawa-da.
Okyjynyň aňyna "ýelmeşmek" üçin, hökman ilki bilen ony geň galdyrjak bolmaga mejbur bolunýar-da.
Ýa, üýtgeşik sýužet bilen (dälilik, mistika, gahrymançylyk, hasrat, betbagt söýgi, ýitgi, jenaýat we ş.m.);
Ýa, üýtgeşik gahryman (ýokardaky geň-enaýy hadysany başyndan geçirýän adam);
Ýa, üýtgeşik beýan ediş usuly (mysal üçin, çüýşejigiň içine salnan pohy görlüp-eşidilmedik ajaýyp sungaty-açyş edip görkezmek ýa-da alogiçnyý paradoks-powestwowaniýe we ş.m.);
Ýa, üýtgeşik sözler, jümleler (aforistiki jümleler, täsin söz düzümleri we ş.m.);
Ýa, eseriň içinden eriş-argaç bolup geçýän matal, syr.
Şularyň hemmesi birden bolsa-ha, eser hasam şüweleňli okalýar.
Adaty, gündelik waka, her birimiz ýaly "adaty, öwrenişilen" çeper keşp (liriki gahryman) bilen okyjyny "okatmak" bolsa juda müşgil. Sebäbi okaýan adam özüniň ownuklykdyr-tukatlykdan dos-doly "adaty, gündelik" durmuşyndan öňem bizar. Onuň çeper esere, kino ýapyşmagynyň sebäbem, çar ýanyny gurşaýan şol tükeniksiz "uşaklykdan" gaçyp, has ýiti, has röwşen, has gyzykly...we ş.m. "dünýä" gaçyp gitmekden ybarat.

0
1 Bagabat   [Материал]
Kwa mawazo mazuri, ukifunga macho yako unaweza kufikiria masharubu yoyote...
Suahili. :-)

0
3 atayewabagul83   [Материал]
Dlya blaga: D bilemokday bi dili

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]