13:01
Mürepbe / hekaýa
MÜREPBE

Atamyrat, aýaly Soltanyň aşhanadan gelýän iňirdrli sesine diň salyp duran ýerinden, onuň näme diýýänini aňşyrmasa-da, äheňinden gelninden närazydygyna düşündi. Ol ejesiniň hem şeýdip gelinlerine igenýänini, ýa hüňürdeýänini ýadyna saljak boldy. Hakydasyna gelmedi. Aýalynyň gaýyn enesinden nadyl bolup, adamsyna arz edenini hem bilenok—Soltan gaýyny bilen tä onuň ömrüniň ahyryna çenli ýürekdeş jora bolup ýaşadylar-a. “Bu hem gaýynyndan alan göreldesini gelnine öwredäýjek ýaly welin... Elbetde, sözleri azaşandyr-da” diýip, oýa batdy.
Soltan otaga girende, Atamyrat ondan gatyrganmagynyň sebäbini sorady.
—Ullakan bolan zat ýok-la. Gelin sowadyjyň içinden bir zat aljak bolanda, oňaýsyz hereketi bilen ýertudanadan gaýnadylan mürepbeli bankany gaçyryp döwüpdir. Banka çym-pytrak. Aýna döwükli mürepbäni süzüp almaga ýürek eder ýaly däl. Ol artybyň içem mydama hyryn-dykyn—bir zadyňy salsaň, beýlekisi syganok. Sen hem: “Sowadyjyň ulusyny aljak, tüweleme, agtyklaram köpelip barýar” diýdiň-goýduň—diýip, Soltan adamsyna igendi.
—Hmm... Hawa-la, mürepbedir-dä, nirede duranda näme,—daşynda duranda-da yslanjak zat däl-le. Sen hem geline pitä, ýa mejimä gapla diýäýmeli ekeniň-dä—diýip, Atamyrat aýalynyň igenjini jogapsyz goýmady.
Bu wakadan iki gün geçensoň, aşhanadan Atamyradyň gelniniň gygyrýan we agtygy, Salyhyň aglaýan sesleri geldi. Sähel salymdan bäş-alty ýaşlyja Salyhjyk şumjaryp gelip, atasyna ýaplandy. Atamyrat agtygynyň başyny sypalap durşuna:
—Oglum, näm boldy?
—Ejem urdy...
—Hä, näme üçin?
—...
—Bir bezzatlyk edensiň-dä?!
—Elimdäki käsämi gaçyrdym, şekerim bolsa keçä döküldi...
—Ba-a! Sen-ä keçäni zyňaýmaly edipsiň. Indi ol dökülen şekeri tozansorujy sorup bilse ne ýagşy.
Gapydan ýaşmagynyň aşagyndan salam berip Atamyradyň gelni girdi we dulda duran tozansoruja tarap ýöneldi. Gelin çykyp barýarka, Atamyrat:
—Mürepbe dökene-hä jeza berlenok, bir çemçe şeker dökseň welin urýalar—diýip, gelnine eşidiler ýaly mylaýym degişme äheňde hüňürdedi.

Kakajan Balkanow

Awgust 2020 ý.

Makalaň çapa çykan ýyly: 2020 ýyl



Категория: Hekaýalar | Просмотров: 219 | Добавил: kbalkanov4 | Теги: Kakajan Balkanow | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Гвоздь / мини-рассказ - 23.05.2022
Salam doganjygym / hekaýa - 02.03.2022
Prometeýiň Frankenşteýne sowgatlyk “darakdişi” / Futur-gotiki hekaýa / öýkünme - 08.04.2022
Kebelek / mini-hekaýa - 23.05.2022
Не стоит слез / рассказ - 18.02.2022
On altynjy ýaz / hekaýa - 07.03.2022
Täsin ykbal / hekaýa - 29.04.2022
Мисти / рассказ - 25.01.2022
Bürgütler we kepderiler / hekaýa - 23.05.2022
Näbelli suratkeşiň sergisinde / nowella - 24.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]