12:33
Müñkürlik, bahyllyk, göriplik...
MÜÑKÜRLIK, BAHYLLYK, GÖRIPLIK...

"Müňküriň göwnünden gitmez gümany…”
Mollanepes


• Meniň pikirimçe:


Müňkürlik, bahyllyk, göriplik ýaly pes häsiýetleriň diňe bir durmuşda ýazgarylman, eýsem, esasy dinlerde zyna kylmak, ýalan sözlemek, ogurluk etmek… ýaly geçilmeýän günäleriň hataryna girmegi ýöne ýerden däldir. Çünki ogrulyk adamy maddy taýdan kösese, göriplik onuň kalbyny talaňa salyp köseýär.

• Injil hekaýaty

… Bir gezek Isa pygamber ýol bilen barýarka, onuň dini garşydaşlary- fariseýler: «Saňa pygamber diýýärler, hany, onda, gudrat görkez-dä!» diýip gygyrýarlar. Isa pygamber, sesini çykarman, deňziň üsti bilen ýöräp gidiberýär. Bu ýagdaýa kenardaky märeke geň galsa, bahyl fariseýler: – Aý, ol-a ýüzüp bilmeýänligi üçin ýöräp barýar – diýip pitjiň atypdyrlar…

Gömülgenler gömgä sümýär, güne göriplik edip,
Öz göwnüne gözün ýumsa, günem öçýändir öýdüp.
Güneş bolsa al-asmanda aga-ýana ýüzüp ýör –
Päli ýaman gömülgene tylla täjin göz edip…

• Tanalmadyk Perişdä

Ýeriň-gögüň sepgidi, ho:l arşyň degresinden,
Saňa mürehet gelmiş Hudaýlaň meýlisinden,
At tutanmy, kül atan, sübsegärler kowumy –
Gulakly ker, gözli kör – turuzyp uly dowuly,
Hudaýlara ýetirmän, daşyňdan üýşüp-üýşüp,
Saňa baha kesdiler, bize meňzänok- diýşip.

Hudaýlaram bolsa meýlis eýesi,
Tobasyz törlere gadam ätmäwer.
Gel, eý, meniň tanalmadyk Perişdäm,
Beg başyňy bendilige satmawer!..

Maral ANNANUROWA.





Категория: Jemgyýetçilik tankydy | Просмотров: 414 | Добавил: Мylayym | Теги: Maral Annanurowa | Рейтинг: 3.7/3
Awtoryň başga makalalary

Jemgyýetçilik tankydy bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 5
0
5 Bagabat   [Материал]
Halypam bijaý dili ýiti adam bolmaly. Täsin aýdypdyr: "Şahyrçylykdan çörek iýýän"... biggrin

0
4 Bagabat   [Материал]
Halypam bir gezek aýtdy: "Şahyrçylykdan çörek iýýän tanyşlarymyň birine: "Düşnüksiz ýazýaň" diýsem, ol: "Şo gowy-da, näçe düşnüksiz ýazsaň şonça-da özüne çekýär. Üstesine düşnüksiz ýazgyny özüňem nähili düşündiresiň gelse düşündiribermeli" diýipdi". wacko

0
3 Bagabat   [Материал]
Dogrusy... edebiýatda her kimiň öz garaýşynyň bardygy düşnükli. Ýazýan adamyňam mümkin boldugyndan "göwün posuny" açjak bolýandygam mälim. Ýöne...Magtymguly, sözle herne bileniň, Taraşlap, şaglatgyn köňle geleniň...diýlipdir...Bu ýerde-de açarsöz "taraşlap" bolaýmasa...

2
2 Bagabat   [Материал]
Monoteistik dünýägaraýyşly adamlara düşünmek we kabul etmek kyn bolýar...

1
1 Bagabat   [Материал]
"Saňa mürehet gelmiş Hudaýlaň meýlisinden"... Hudaýlaň...Mentalitet, gen aýratynlyklary, çagalykdan ganyňa siňen edim-gylym, görelde...dünýägaraýşyňa ýiti täsir edýär...Ýogsa aglaba köpümiz köne skandinaw, gadymy türk, hindi, hytaý, mongol, koreý, ýapon, grek, latyn mifologiýasy bilen tanyşam welin,...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]