08:50
Munda Magtymguly şygyr ýazypdyr
MUNDA MAGTYMGULY ŞYGYR ÝAZYPDYR

Funtowo* ýerinden ajaýyp ýer ýok,
Nämä degmez doglup, önüp-öseniñ.
Munda Magtymguly şygyr ýazypdyr
Hem ýüregi urýar Hojanepesiñ.

Munda Abdyrahym Nyýazy - türkmen,
Şygryýetiñ tagzymçysy hem alym:
Bize ilki gezek sowgat beripdi,
Beýik Magtymgulyñ şygyr diwanyn.

Tagandurdy diýen täjir bu ýere
Hywa taýdan kerwen çekip gelipdir.
Haly, ýüpek getirip bu illere
Bu illerden alkyş baryn alypdyr.

Buýsanýan, dostlarym, men bu toprakda
Şöhratly bir halka bolanma goñşy.
Menem aýdym ýazýan şol millet hakda
Türkmeni wasp edip ýazýaryn goşgy.

Ykbaldan razy men, ýüregim joşýar,
Dostlugy çalyşman başga zat bilen.
Bu ýerdäki türkmenleriñ şa ýoly
Bizi birleşdirýär Aşgabat bilen.

________________________________
* Funtowo - Astrahanda türkmenleriñ kowçum bolup ýaşaýan ýeri.

Wladimir ÝEROWEÝEW,
(Russiýa, Astrahan).

Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 29 | Добавил: Haweran | Теги: Wladimir Ýeroweýew | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Haýyşym... / Goşgular - 05.04.2021
Ykbalymyñ Gün-u-Mahy / Goşgular - 08.03.2021
Kem-kemden / Goşgular - 16.03.2021
„Gözleglerim boşa gitdi barybir...“ / Goşgular - 18.02.2021
Под лаской плюшевого пледа… / Goşgular - 08.04.2021
Dilber / Goşgular - 28.05.2021
Aýdylmadyk söz / Goşgular - 07.03.2021
"Aýadyñ sen öz köñlüñ..." / Goşgular - 16.07.2021
Samsyk bilen samsyjak hakda soňlanmadyk ertekiden bölek / Goşgular - 18.03.2021
Ýygra söýgi / Goşgular - 31.01.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]