10:58 Muhannesiñ eden işi gerekmez | |
MUHANNESIÑ EDEN IŞI GEREKMEZ Ýaranlar, men indi dogry sözlesem, Muhannesiñ eden işi gerekmez. Düýe kibi menzilimi gözlesem, Her namardyñ nany-aşy gerekmez. Görüp men bir niçe ýagşy-ýamany, Magallakdyr tamakiniñ imany, Biakyl bahyldan eder tamany, Niçe serpaý, eginbaşy gerekmez. Sahylar haýr üçin getir hümmeti, Zäherden ajydyr bahyl yzzaty, Ölinçä hem gitmez namart minneti, Yzzat-engam bolan goşy gerekmez. Nägehan bir ýerden garyplyk ýetse, Muhannes şat bolup, üstüñden ötse, Mert tükenip, her namarda zar etse, Şol gün hakyñ beren ýaşy gerekmez. Nadandyr bahyla kim jomart diýse, Magşarda bahyly goşarlar pise, Nebs tartyp, bahylyñ nanyny iýse, Dahan içre beren dişi gerekmez. Zynhary diýr, sözden magny saçaly, Bahyl bilen aramyzy açaly, Wagda şoldur - muhannesden geçeli, Muhannesiñ kowmy-hyşy gerekmez. Abdyrahym ZYNHARY. | |
|
√ Meşedi-Misirýan oýlanmasy / Goşgular - 02.02.2022 |
√ Parahor kyrkaýak / Goşgular - 15.01.2022 |
√ Syrlar / Goşgular - 07.01.2022 |
√ Şahyr hakda rowaýat / Goşgular - 22.02.2022 |
√ Iň mähriban adam / Goşgular - 12.01.2022 |
√ Готическая миниатюра / Goşgular - 17.01.2022 |
√ Ýolda / Goşgular - 15.01.2022 |
√ «Как мы чисто...» / Goşgular - 24.01.2022 |
√ Стихи на русском языке / Goşgular - 22.02.2022 |
√ Ertir bilerin / Goşgular - 05.01.2022 |
Всего комментариев: 0 | |