11:55
Muhammet pygamberiñ pähimleri
MUHAMMET PYGAMBERIÑ PÄHIMLERI

1.

"Şu dünýäñ özi, ondaky ähli zatlar ajap hem gymmatly, ýöne bularyñ içinde iñ bir gymmatlysy - mähriban, pähimli zenandyr".

"Gör, ahyry, neneñ ajap bu dünýä!" -
Şeý diýýändir akly ýeten her ynsan.
Jany saga dünýä gözel görünýä,
Hasam akyl-huşuñ alan şol jenan.

Näme diýselerem aýrydyr aýry
Perzentlerne mähir paýlaýan ene.
Eý, sen Tañrym!
Nädip akylyñ ýetdi?!
...Enäni deñeýän, gökdäki güne.

2.

"Ajymtygam bolsa, ýakymsyzam bolsa, mydama hakykaty aýdyñ".

Ýalan söz süýjümtik, gaty ajydyr.
Gizlemek gerek däl, her adam bilýär.
Hakykatam ajy, depäñ täjidir,
Ol ömrüñ kyn wagtam goldawa gelýär.

3.

"Bir zat bölüşseñiz, adalatly boluñ".

Gören, bilen zatlañ barysy galýar -
Ýagşylyk, ýamanlyk, mähirem, iş-güýç...
Bir zat bölüşýäñmi - adalatly bol!
Pygambere ynan - galan zatlar hiç.

Ödek ÖDEKOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 137 | Добавил: Haweran | Теги: Ödek Ödekow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Стихи на русском языке / Goşgular - 22.02.2022
Şahyr hakda rowaýat / Goşgular - 22.02.2022
Teklip / Goşgular - 22.01.2022
Halkyň Arkadagly zamanasynda! / Goşgular - 14.01.2022
Рост / Goşgular - 11.01.2022
Это я... / Goşgular - 11.01.2022
Стихи / Goşgular - 25.02.2022
«Любовь ушла...» / Goşgular - 24.01.2022
Ertir bilerin / Goşgular - 05.01.2022
Могила Гете / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 1
0
1 Aksary   [Материал]
Admin aga näçe gündir, üytgän zat bolmady.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]