16:36
Möwsüm
MÖWSÜM

Kirişi dartylan günler,
Gallapdyr daş-töweregmi.
Gozgandygym,
gorjandygym,
Gopýar duýgy tüweleýi.
Kirişi dartylan günler
Goýanok meni ugruma
Günüñ güni.
Kirişi dartylan günler,
Oklaýar biri-birine
Meni.
Şatlygym soñky perdeden,
Soñky perdeden hasratym.
Ýarym söze porhan bolýan,
Ýarym söze gyzýar çetim.
Kirişi dartylan günleñ,
Kirişi üzler-üzlerde.
Dilimde yşkyñ tagamy,
Ýalyn ysy bar sözlemde.
Kebelegiñ ýelgininden,
Ýañ düşýär ýüregime.
Penjireleñ müñläp gözi,
Seredýär görejime.
Baglaryñ ýaprak-gulagy,
Diñşirgenýär ýeñsämden.
Burnuna ýel düşen şemal,
Ysyrganýar ýelämden.
Ýa huşy ýorjakmy düýşe,
Ýa düýşi huşa ýorjakmy?
Kirişi dartylan günleñ,
Taryna kakyp görjekmi?

Hudaýberdi SÖHBETOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 39 | Добавил: Haweran | Теги: Hudaýberdi Söhbetow | Рейтинг: 3.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Owadan geline / Goşgular - 16.03.2021
Soltansöýünden 40 gazal / Goşgular - 01.02.2021
Güýz goşgulary / Goşgular - 08.02.2021
Lukmanlar / Goşgular - 24.01.2021
Ýagyş ýagsa... / Goşgular - 08.02.2021
Uçýarmyşym diýýärin... / Goşgular - 11.03.2021
Hazar depderçesi / Goşgular - 14.02.2021
Dilber / Goşgular - 28.05.2021
Düýş / Goşgular - 12.02.2021
Egin ýap / Goşgular - 10.01.2021



Всего комментариев: 1
0
1 Mähriban   [Материал]
Tüweleme! Ýagşy goşgyny ýüzüme bir sylaýyn!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]