22:43
Modern mandatçylyk
MODERN MANDATÇYLYK

Esasy gep sap saglyk-medisinada ýa waksinada däl...
Meniñ bar aladam - ýagty gelejegi gurýan intelligensiýanyñ wekillerini halas etmek.
Günbataryñ her orta atýan zadyny gepsiz-gürrüñsiz kabul etmek häzirkizaman mandatçylygydyr. Bular Atatürke hiç hili düşünmändirler!
Añsady we añsatçyllygy halaýan, pekgeligi, kinesi çogup duran ýazyjy we okyjy gatlagy döredildi.
Täze ýazyjy tipi bilmäge-öwrenmäge höwesi ýok, diñe söz oýnadyp şyrrygy çykan zatlary gaýtalamak bilen añsat ýoly saýlap alýar. Çünki:
Telperde galyp, köpçülige eýermek añsat, totyguş ýaly gaýta-gaýta käkelän zatlaryñyz size mydama baýrak bolup gelýär. Emma, darbazlyk edip akyl ýöretme ýaltalygy wagty gelende akmaklyga sebäp bolýar…
A hakyky ýazyjy diýeniñ - okyjysyny kyn ýagdaýda goýýan ýazyjydyr, ol hili pes we añsat okyjylary edinjek bolmaýar.
Galam işletmek - hereketde bolmakdyr.
Hereket - munuñ özi garşylyklaýyn hereketdir, çybygy tersligine büküp oýnamakdyr.
Munuñ üçin teoriýany bilmeli.
Hamyrmaýasy, prinsipi ýok ýazyjy praktikada öz-özünden ýitip-ýok bolup gidýändir.
Ýok bolmak - mallaşyp, sürä goşulmakdyr.
Süri - soragyñ, sowalyñ, netijä gelmegiñ, özbaşdak çözgüt kabul etmegiñ, ýagny, akyl-paýhasyñ ölen ýeridir. Bu, çig-çarsy edara maslahatçylygyndan başga zat däldir.
Hakykat mydama çuñlukdadyr, ol atylan "guýusynyñ" düýbünden çykarylmagyna garaşar ýatar we ony tapmaga-çykarmaga güýç-gaýrat gerek, işeññirlik gerek. Şonuñ üçinem…
Progressiw adam - gözleýän, tapýan, garşylyk görkezip bilýän, şeýle-de, ýalñyzlyga döş gerip bilýän adamdyr.
Bugün iñ uly kemçiligimiz - ýalñyzlykdan, ýeke gal(dyryl)makdan gorkýan galamgäriñ ölümidir.
Galam ýöredip bilýän adamlarymyz gep-gybat linçinden çekinip, pandemiýa mysaly başymyzdan inderilen resmi ideologiýanyñ dogrusyna dogry-ýalñyşyna ýalñyş diýmäge gorkýar.
Hiç kimse bilen şahsy oñşuksyzlygym ýok, men diñe hakyky galamgär-progressiw ynsan gözleýärin, tapanymda iñ belent mertebä götermekden birjigem gaýra durmaryn…

• GORKUZYP KÖRLEŞDIRMEK

Hakykat bilen ýüzleşip başaralyñ:
Ýokary okuw jaýlary hiç mahalam rewolýusioner düşünjä öñaýak bolmadylar. Konserwatiwligi-yzagalaklygy goldadylar, götergilediler.
Bugün agyzlaryndan düşmeýän ylym-bilimi ilkinji bolup terk edenler ýokary okuw jaýlary boldy.
Özüñiz aýdyñ, bugün leji çykan sözleri gaýtalaýan, kämilleşmegini bes eden, düşünmegi-düşünjäni unudan, global derman öndüriji şereketleriñ-kapitalyñ penjesine giren, ep-esli unwanly “ekran fenomeni” alymsumaklaryñ aýdýan her sözüni gözüñizi ýumup goldaýarsyñyzmy?
"12-nji sentýabr" harby agdarlyşygynyñ önümi bolan Ýokary pedagogik guramasynyñ (YÖK) biziñ ýurdumyzdaky añyýet repressiýasy nädip ýatdan çykaryldy? YÖK-na garşy çykyp, amerikan bilim sistemasynyñ uçurymlaryny el çarpyp goldamak neneñsi ýaman çaprazlyk!
Kapitalizmiñ diregi bolan başlangyç ýokary okuw jaýlary hakykatyny hiç kimse görenokmy?
Pandemiýa döwründe bar bilýän zatlary: sanlary-statistiki görkezijileri çişirip adamlary gorkuzmagy ylym sandylar!
(Ykdysatçy, statistikaçy professor Genewiewe Briand 2020-nji ýylyñ fewral-sentýabr aýlarynda ABŞ-nyñ Saglygy goraýyş ministrliginiñ (CDC) web saýtynda berilýän ölüm sanlaryny synlap, kowid-19 ölümleriniñ artdyrylyp berilýändigi barada makalalar ýazdy. Bizde munuñ mysaly barmy?)
"12-nji sentýabr" agdarlyşygynyñ, Turgut Özalyñ, AKP-niñ FETÖ-nyñ biziñ jemgyýetimize goýan mirasy:
Bilgini-bilimi ynanja öwürdiler, üstünde jedelleşenoklar.
Biziñ isleýänimiz: saglyk-medisinanyñ üstünde köptaraplaýyn jedelleşmek. Muny ideologiýadan-syýasatdan aýry göz öñüne getirseñiz, çeññegi ýuwdanyñyzy bilmän galarsyñyz…

• BILGINI-TEORIÝANY BULAM-BUJARLYGA SALMAK

Nämedir bir zady çişirip görkezmek üçin hökman başga bir zady kiçeltmek gerek.
Adamzady Frans Kafkanyñ “Öwrülmesindäki” Samsasyna öwürdiler: baş galdyryp bilmeýän, döredip bilme ukyby ýok we diñe ýaşamakdan başga pikiri bolmadyk hammam sakyrtgasy!
Asyl epidemiýa şu, asyl çip dakmak şu - adamy Samsa öwürmek!
Adamlarda durmuşdan doýgunlygy, bizar-peteñligi, ýadawlygy we çäresizligi döredýärler, yzyndanam barça kyn meseleleriñ hötdesinden şeýdip gelinjegine ynanmagymyza garaşýarlar we muña “ylym” diýýärler.
Problemalara sebäp bolanlaryñ derman-waksina mejburyýetine gepsiz-gürrüñsiz, soragsyz-sowalsyz boýun egmegimize garaşýarlar. Ýok. Biz kejeñekligimize tutup, soragymyzy bes etmeris.
Usulyna soraglarymyzy bereris.
Serişdesine soraglarymyzy bereris.
Ykdysady-syýasy ugruna soraglarymyzy bereris.
Hawa, birtaraply gegemoniýa garşy esasy antiwirus - pikirlenmekdir, sorag bermekdir.
Hawa, sanjym (waksinasiýa) önelgesizlik döredýär, añ öndürijiligini-döredijilik ukybyny öldürýär!
Biz bu gezek (mysal üçin) “sanjymyñ sarp edijilik serişdesine öwrülmegine garşy çykýarys” diýsek, näme diýjek bolýanymyza pisint etmän bolarlar, dessine biziñ garşymyza garalama propogandasyna başlaýarlar. Hiç bir babatda waksinanyñ üstünde garşylyklaýyn pikir alyşylmagyny islänoklar!
Gynansak-da, "12-nji sentýabryñ" jahylyýet galyndylaryndan goldaw tapýarlar, “waksina duşmanynyñ”/ “jady awynyñ” ugrunda pelesañ kakýarlar.
Bir zady bilenoklar:
Ýer ýüzüni zyndana öwürjek bolýanlara garşylyk görkezmämizi hiç haçanam bes etmeris, “dikme gözegçilere” boýun egmeris. Adamy, adamyñ mertebesini beýgeltmekden el çekmeris...
“Ylym” ýalanyna duwlanyp, kapitalizmiñ eksplutasiýa serişdesine öwrülen saglyga-medisina adamlaryñ gaýtadan ynam bildirmegi üçin elimizden gelen tagallany ederis. Biziñ bar maksadymyz şudur.
“Ylymy” kapitalizme ýesir düşmegiñ tüýsüne öwrülmeginden halas ederis.
Özüni intelligensiýanyñ wekili saýýan biri adamzadyñ we tebigatyñ soñuny getirjek bolýanlaryñ adamzadyñ halasgäridigine nädip ynanyp bilýärkä? Nirede galdy nazaryýet?
Bilgini-teoriýany bulam-bujarlyga salýanlara-da, goşgudyr hekaýa ýazyp wagtyny geçirýänlere-de ýa-da maşgala, garyndaş, tanyş-biliş arkaly çepçi bolanlara-da ahyr bir gün sözümizi diñlederis.
Biz bu beýik ýola ýagty gelejegi berkarar etmek üçin çykdyk, şonuñ üçin mandatçylygy asla kabul etmeris.

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 09.12.2020 ý.





Категория: Publisistika | Просмотров: 173 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 1
0
1 Hаwеrаn   [Материал]
Makalanyñ adyny "Zamanabap kölegeçilik" diýip alsañ, has gowy bolardy. Çünki makalada tankyt edilen mandatçylar ideologiýanyñ sözüñ doly manysyndaky kölegesidir, ideologiya nirde bolsa, olaram şoñ guyrugyna dakylan yagdaydadyr...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]