01:00
Mizofon / hekaýa
MIZOFON

Haýyş edýän, biraz ýuwaşrak dem alaýyñ-da!
Şeýdip hopurdatmanyňda şol suwy içip bolanokmy eýse?! Ýönekeýje suw ahyry ol.
Naharyň duzuny şeýdip barlamak hökmanmy eýse?! Eý, Hudaý! Aş, çorba... tagta çemçede... (Siz nä meň üstümden güljek bolýaňyzmy?!)
Çaý gyzgyn bolsa süzüp içilýär-ä... Bu hopurdy nireden çykdy?! (Умоляю вас!)
Şeýle gyjyndyryjy duýgyny söz bilen beýan etmek mümkin däl. Onda-da synanşaýyn, biraz kömegi degmezmikä.
Dünýäde maňa ýakyn bolan, iň eziz ynsanyň ýönekeýje dem almasynyň sesi hem meni duran ýerimde saňňyldyma çydaman aýak depdirjek ýagdaýa salýar. Içimden burgy tutýar. Elbetde bu agyry däl, içime birgiden mör-möjek girip, meni gemrip barýan ýaly. Gyjynmadan ýaňa aýaklarym ýerde durmaýan ýaly. Ol demir çarşagy jäç tabaga süýkäniňde dişiňi gyjyndyryp, kelleden tutduryşy ýaly hem däl. Bu tutuş göwräňi ysytma tutan ýaly edýär. Goranyş instinkt arkaly elim bilen tehniki ýagdaýda gulagymy ýapýaryn. Ses çykýan ýerden gaçýaryn. Barasym gelenok. Ýene şeýle ýagdaýa düşesim gelenok. Emma... Emma, ýaňky sesi doly diňlemänimde hem, maňa tanyş ahyry ol ses. Şol sebäpli wagty bilen özüme gelip bilemok. Gum-gukluk bolsa-da, ýaňky sesiň täsiri henizem gulagymda... Içime skarabeý düşen ýaly.
Ýakynlarym bir bilsedi meň nä derejede olaryň arasynda bile oturyp, nahar iýip, çaý içesimiň gelýänini... Eh... Gaýta men olary ýigrenýändirin öýdýärler. Meň diňe goranyş instinktym hereket edýär ahyry. Ol instinkt diňe mende ýok ahyry. Ähli janly-jandarda bar.
Gündelik görüp ýören awtomatiki hereketlerimizi (instinktlerimizi) men ýeke-ýeke mysal getirmänimde hem bilýänsiňiz. Haçanam bolsa bir wagt adamlar bularyň hem anygna ýeter, manysyna düşüner. Oňa çenli bolsa, öz fileňi özüň iýip, süňküňi gemrip ýaşaýmak galýar.
Manysyna düşüner diýenimde, ýakyn adamlarymyz biziň olary ýigrenip däl-de, diňe olaryň çykarýan sesiniň biziň duýuş organlarymyzyň tapawutly kabul edip, beýnimize berýän habary we muny biziň beýnimiziň ýalňyş kabul edip, nerw gyjynma döretmesi hem-de şol gyjynmanyň şo derejede güýçli bolanlygy sebäpli diňe bir kellä sarsgyn bermän, tutuş göwräni sarsdyrmasydygyna düşüner diýen umytda diýjek boldum. Başga-da näme şakyr-şukurymyz bolan bolsa töwerekde, sarsardy göwre bilen birlikde, ýöne bize degişli zat şol göwräň çäginde-dä. Ojagaz göwre bolsa oňa öte darlyk edýär. Şu gün geçmäýin diýdim filosofiýa. Ýene ýoldan çykdym.
Eýse şeýle beýniniň gelip-gelip meň kellämde ornaşmasyna men günäkärmi?! Öz organlaryňy ýa bolmasa durmuşyňy saýlap almak wurreýligi bar bolan bolsady... Ilki bilen kaşşeý eňegimi üýtgederdim, hargulagymy pyssardardym. Ýene sanaýynmy? Ýa düşünerçe boldumy? Üşük bolaýmaly hemmämizde-de, diňe görmezlige salmazlygymyzy aýyrmaly...
– Nä bir nokada gözüňi dikip otyň, Diş?
– Seň çaganyň maňkasyny çekişi ýaly, çorba hopurdadyşyňy gözöňüne getirip otyrdym, Şepe!
– Sen ejeň baradamy?
– Diňe onda däl. Ýöne esasy agramly bölegi, hawa, şol görgülijigimiň paýyna düşdi.
– Sen aýdypdyňmy bu barada öz ýakynlaryňa?
– Megerem bular, köpçüligiň atlandyrýan “meň bilen bile gabra girmeli syrlary” bolsa gerek. Milt hem edip bolmaz. Degme ejiri özüm çekeýin. Şu ýaşa çenli gelipdiris, mundan beýlägem bir mydar ederis. Olar şonsuzam men olary halamaýandyryn öýdýärler.
Dünýäde iň eý görýän, iň bir baglanan ynsanyňa şeýle duýgyny duýmak duýgusy-da, şol gyjyndyrmanyň özüçe bar.

Iş tamamlandy. Käte geçmeze dönýär, käte-de “ä” etmänkäň geçýär.
Elbetde ýeke galan wagtym günümiň şol 9 sagady 9 sekunt ýaly geçýär diýsem, “pil” diýdigim bolmaz-a... ýöne meň göwnüme çyndanam şeýle. Niçiksi köpeleris welinem, ol 9 sagat aý-ýyllara döner. Aýratynam, ajagaý-wajagaýlyk wagty we üýşüp kofedir çaý süzülýän, hopurdadylýan wagty.
Men bolsa ol süz-güçlerden, hopurt-gyçlardan nota goýup, saz düzýärin. Şol saza içimdäki skarabeýler hindileriň “toli-bajesini”, türkleriň “kolbastysyny”, yrzyn gurzynlaryň “lezgynkasyny”, brazyllaryň “karnawal tansyny”, soňky çykan brekmyň, ol erotika tansy bolan salsamyň, ýene görmüň, garaz, iň soňuna-da biziň milli tansymyz küşdepdini oýnaýarlar.
Öýe geldim. Ýadaw. Aşhanada gyşaryp ýatyryn. Türkmen pahyr arassaja, imisalaja ýer bolsa, gidip ýerdölede hem gyşarýar. Men bolsa, elitgamyzyň aşhanasynda!
Ejem bolsa, içine kesilen aşlardan atyşdyryp, çorba ataryp başlady...

Anna DARAKDIŞ.





Категория: Hekaýalar | Просмотров: 134 | Добавил: Darakdiş | Теги: Anna Darakdiş | Рейтинг: 4.0/3
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Otluçöp - 06.01.2022
Kobay / hikaye - 07.01.2022
Direnmek Güzeldir / hikaye - 18.01.2022
Ожидание / рассказ - 15.01.2022
Sonar daýy / hekaýa - 22.01.2022
Mürepbe / hekaýa - 24.01.2022
Näzlim uz maňa / hekaýa - 24.01.2022
Zalym ykbal / bolan waka - 17.01.2022
Kapkaç / hikaye - 19.01.2022
Şorja börtmäniň taryhy / gülküli hekaýa - 24.01.2022



Всего комментариев: 4
1
3 Darakdiş   [Материал]
mango dost, birinji soragyňy hekaýadaky gahrymana berdiň diýip kabul edýän.
Ikinji soragyňa şeýleräk jogap: Ol kesel entek iňbärkisi doly kabul hem edilmedik kesel. Azda-kände bejergisi bar, ýöne ol hem bagtyňdan...
Üçünji soragyň jogaby: Poçti ähli zat wzaimno.

0
4 mango   [Материал]
köp sorag berip durmaýyn...
ýogsam, anna darakdişi okamakdan galaýmagym ahmal....
ýazyp dur.

0
2 mango   [Материал]
mizafoniýa - ýigrenç manyny aňladýar. seslere, gykylyklara, jygyrdylara, şapbyldylara.....
diş dostumyzyňky has aýylganç - ejesiniň dem almasam ony birahat edýär.... şoňa-da kyn çydaýar....
– diş dost, aýdym-saza çydamlylygyň nähili? ünsli diňleseň ondada gyjyrdylar, gaýtalanmaly gyjyrdylar duýsa bolýar...
– ikinji soragym, bu keseli bejerip bolýamy?
– üçünji sorag.... ony soramaýyn (ýogsam adyňy familiýaňy sorajakdym).

0
1 gomulgen   [Материал]
Yene sho 'shepäñ' janyna berekella

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]