13:29
Miras

MIRAS

Köşgi-eýwan galdyrmandyr atalar
Bilýän, aralar daş uçup ýeterden.
Ojaklardan ojaklara duz geçip,
Ýeke gysym gum galypdyr pederden.

Şol gum barka türkmen ýurdun taşlamaz!
Oña ýatdyr özgäñ aýdymyn aýtmak!
Ýagy dökülende, orta ýollardan ~
Namysdyr namartlap, yzyña gaýtmak!

Razydyr gününden ili abatka!
Dünýäñ mert oýnunda ~ sadranç diläpdir.
Ogullara bedew atyñ bilini ~
Gyzlaryna bolsa, buýsanç diläpdir.

Horaşaja öýnüñ beýik diregi,
Galan aşy iýip, tabak ýalaman,
(Nädip ruhuna sygynman bolar!)
Ganymyñ öñünde guýruk bulaman ~

Mert ýaşapdyr. Şondan uly miras ýok!
Katra-katra geçiripdir damara.
Agyñ tutsa seredeñde yzyña,
Ot bolmasa tutaşara, ýanara ~

Kemsinerdim, çola ýerde aglardym...
Ot ýaly damjalar ýakamy ezip.
Ata-babalarym ~ köne tümmekler,
Arka diräp, solan däldir gül ýüzüm!

Bir dilegim: ilden çykarma, Tañrym,
Kuwwat ber, ýagşy söz göwne seýikdir.
Dogrulygy,
                  halallygy,
                                    ygrary ~
Miras goýan ata-babam beýikdir!

Beýikdir dostuny gaýmak saýýanlar!
Owazasy giden dessana ýeter.
Türkmen, seniñ ajap ýüregiñ mähri
Özüñ ýaly ýagşy ynsana ýeter.

Nesip etsin: şol kerwene daklyşyp,
Öz ýükümi menzil aşyryp gitmek.
Nesip etsin: dosty dogana öwrüp ~
Ýüregmiñ ýylysyn gowşuryp gitmek!

Baýram JÜTDIÝEW.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 417 | Добавил: Нawеran | Теги: Baýram Jütdiýew | Рейтинг: 0.0/0
Goşgular bölümiň başga makalalary

Aşyklaryñ şäheri / Goşgular - 18.02.2021
Ogluma / Goşgular - 15.03.2021
Ykbalymyñ Gün-u-Mahy / Goşgular - 08.03.2021
Dünýäñ aýdymy / Goşgular - 03.06.2021
Geläýjek ýaly / Goşgular - 29.05.2021
Gözümde gözýaşyñ / Goşgular - 08.02.2021
Egin ýap / Goşgular - 10.01.2021
Şahyrlara / Goşgular - 22.02.2021
"Atsyz bolar eken zyýat şygyrlar..." / Goşgular - 21.03.2021
Söýgi goşgusy.. / Goşgular - 06.04.2021
Всего комментариев: 2
0
2 Dombi-dombi   [Mowzuga geç]
Aytmagam gerek daldir welin, ildeşparaz hasap edilya. Şagirdim diyip soñam yoly ters duşen adamlaryny tankytlap yazan makalalaram bolmaly. Birhili duşnuksiz adam ozi

0
1 Dombi-dombi   [Mowzuga geç]
Bayram Jutdiñ ozunä halayan yok şahyrlañ içindede. Goşgulary erbet dal yone.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]