13:49
Mikrobly gürrüñ / ýumoreska
MIKROBLY GÜRRÜÑ

Golaýda täze goñşuly bolduk. Heniz içgin tanşybam ýetişmändik welin, bir gün aýaly haşlap-döwşäp, ylgady geläýdi.
- Goñşy jan, näme etjegimi bilýän däldirin, kömek et. Oglanlaryñ dädesi içini tutup çabalanyp ýatyr. Ýüz-gözünde dagy reñk-pet galmady.
- Bir ýokmaz zat iýen-ä däldir, goñşy?
- Wah, bilmedim-dä, dädesi şu gün aýlyjagyny alyp gelensoñ begenjimden: "Gel, bir gowja nahar iýsin-le" diýip, mikroblyja çorba bişirdim. Şonuñ mikrobyny köpräk atan bolaýmasam...
Meni ýyldyrym urban döndi. A-how, bu mikrob diýilýäno nahara atylýan zatmydyr? Onuñ bilen ömrümde pete-pete gelmämsoñ, näçe jan çeksem-de, ony hiç göz öñïme getirip bilmedim. Ýöne onuñ barypýatan melgundygyny bilip durun. "Mikrobdan ägä bol!" diýen sözler beýnime ýañ salýar. "Aý, özüñ-ä siñek ýaly bir zat bolsañ gerek" diýip pikir etdim. Mortamy aýtdym oturyberdim:
- Goñşy, mikrob örän zäherli maddadyr. Eger adamyñ mikrobly nahar iýen bolsa, ol hökman öler.
Muny eşiden goñşymyñ aýalynyñ reñki öçdi, ýarym-ýaş boldy-da, yzly-yzyna sarnaberdi:
- Waý, iller nädeýin-eý, öz elim bilen mähribanymyñ ganyna galdym-eý! Göz-guwanjymdan, hany-manymdan dyndym-eý! Wa-ah, ýaşlykda göwün berenim, üstünde ganat gerenim, ýatsam ýanym ýere degirmedik, tursam elim kire degirmedik, ýüregimiñ parasy, gara gözümiñ garasy...
Onuñ päk söýgüsine, ýürekden çykýan sözlerine tolgunyp, gözýaşymy sylanymy bilmän galypdyryn...
Hernä, goñşyma zat bolmady. Içini ýel gapan bolara çemeli, ýarym sagatdan agyry bolmadyk ýaly sowulyp gitdi. Goñşymyñ aýalynyñ mikrob diýýäni bolsa, ukrop ekeni.
...Goñşymyñ aýaly ýene bir gün öýüme geldi. Ýüzüne seredip, çagşap gidipdirin. Gazaply.
- Goñşy-y, şo-ol mikrob diýýäniñden bar bolsa, birazrak ber diýip geldim.
- Weý-weý, sen ony näme etmekçi?
- Şu meýdi ýananyñ naharyna atjak-da, dynjak şondan. Besides, indi gören horluklarym. Şuña gelip, oñly gün gören däldirin. Iliñ heleýi ýaly aga-ýana gezen däldirin. Görenim görgi, edenim bergi bolandyr. Iýjegimi iýdirmedi, geýjegimi geýdirmedi. Itiñ artky aýagyndan suw içendirin, goñşy...
Bolsa-da, maña höre-köşe edip, goñşymyñ aýalynyñ elini boş - mikrobsyz gaýtarmak başartdy. Ertesi irden daş çyksam, goñşym aýaly bilen sygyr sagyp ýören eken. Aýalynyñ egninde ukrop gülli köýnek, ýüzünden nur ýagyp dur. Bir-birlerine gülüp bakyp, "gülüm-de-balym" bular. Bir zat hakda gürrüñ edişip, hezil edip gülüşýärler.
...Düýn men goñşymyñ aýalynyñ soran ukrobyny beren bolsam, kim bilýär nähili boljagyny?!

Geldimyrat HOJAMYRADOW.

"Balkan" gazeti, 1992 ý.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 63 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Geldimyrat Hojamyradow | Рейтинг: 3.0/1
Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]