19:10
Meýerholdyñ terjimehalyndan
MEÝERHOLDYÑ TERJIMEHALYNDAN

Wsewolod Emilýewiç Meýerhold 28.01(09.02).1874-nji ýylda Penze şäherinde arak-çakyr zawodynyň eýesiniň maşgalasynda dogulýar. 1940-njy ýylda Moskwa şäherinde aradan çykýar. Ol rus režissýory, aktýory, pedagogy, 1923-nji ýyldan Russiýanyň halk artisti, XX asyr teatr reformatorlarynyň biri. W.E.Meýerholdyň asly gelip çykyşy Germaniýadan. Dini boýunça lýuteranin ("Lýuteranstwo”- hristian dininiň bir görnüşi hasaplanýan protestant böleginiň iň uly şähalarynyň biri. Bu dini akym XVI asyrda Martin Lýuter tarapyndan esaslandyrylypdyr.)
Onuň hakyky ady Karl-Kazimir Teoder Meýerhold. Ol 21 ýaşynda hristian dininiň prowoslaw ugruny kabul edýär we özüne Wsewold Emilýewiç Meýerhold adyny alýar.
W.E.Meýerhold çagalygyndan teatr bilen gyzyklanyp, giminazyýany 2-nji ýylyndan taşlaýar. Diňe 1895-nji ýylda Moskwanyň Filormoniýa jemgyýetiniň drama uçilişesine W.I.Nemirowiç-Dançenkonyň klasyna okuwa girýär. Ol eýýäm okan döwründe özüniň ýokary medeniýetliligi, täsin okumyşlygy, dünä akyl ýetirip bilmekligi bilen töweregindäkileriň ünsüni çekip bilmegi başarypdyr. 1898-nji ýylda uçilişäni gutaran W.E.Meýerholdyň mugallymy W.I.Nemirowiç-Dançenko K.S.Stanislawskiý bilen döretmekçi bolýan MHT teatryna işe çagyrýar. Ol işe başlan döwründen teatr truppasynda görnükli ýeri eýelemegi başarypdyr. Ýaş aktýor A.N.Tolstoýyň "Şa Feodr Ionnawiç”, "Ioanna Ggozniniň ölümi” tragediýalarynda Wasiliý Şuýskiniň, Iwan Groznynyň keşplerini döredipdir. U.Şekspiriň "Wenesian täjirinde”şazada Aragonskiniň, Sofoklyň "Antigonasynda” Treziýanyň, G.Gauptmanyň "Ýalňyzynda” Iogannesiň keşplerini ussatlyk bilen janlandyrypdyr. W.E.Meýerholdyň aktýor itelligensiýasynyň arasyndaky sungata bolan aňyňa sygmaýan aşa ýitiligini dogrusynda şu günlerem dürli gürrüňler edilýär. A.P.Çehowyň "Üç uýalaryndaky” Tuzenbahyň keşbi ýörite şonuň üçin ýazylypdyr. W.E.Meýerhold MHT-ny sungatdaky drama Akademiýasy, K.S.Stanislawskini bolsa, beýik režissýor we mugallym atlandyrypdyr. Bu zatlara garamazdan onuň ykbalynda tiz-tizden üýtgäp durmalar, öz-özünden göwni geçmeler, edýän işlerinden göwni suw içmezlik gaýtalanyp durupdyr. W.E.Meýerhold 1902-nji ýylyň 12-nji fewralynda MHT-dan gitmei bolýar. Ol teatrda taýýarlanylýan bäş spektaklyň dördüsinde keşp döredýändigine garamazdan MHT-da bolmaklykdan göwni suw içmändir, öz edýän işinden ylham alyp bilmändir. Şol bir ýagdaýda öz mugallymy, halypasy W.I.Nemirowiç-Dançenko bilenem arasynda düşünişmezlik başlanypdyr. Bu ýagdaý ony 1902-nji ýylyň 12-nji fewralynda iň soňky nokada ýetiripdir. Ol şol gün özüniň teatry döredijileriň hataryna goşulmandygyny bilenden soň, onuň gahar-gazaby has-da artyp gitme bilen bolupdyr.
1902-nji ýylda MHT-dan gidenden soň, özüniň şahsy truppasyny döred-ýär. Bu truppa kän wagt geçmän "Täze dramalaryň şereketi” at alýar. Ol öz döreden şereketi bilen merkezden uzakdaky Hersonda, Tiflisde, Sewastopolda we başgada köp ýerlerde spektakllar bilen çykyş edipdir. W.E.Meýerhold truppanyň režissýory we eýesi bolmak bilen spektakllarda çykyş edip keşp döretmeginem dowam etdiripdir. Ol ýerlerde bolan üç teatr möwsüminde ýüz töweregi keşp döretmegi başarypdyr. 1902-1905-nji ýyllar aralygynda 200-töweregi spektakly sahna çykarypdyr. Köp halatlarda oba ýerlerinde mahsus bolmadyk, endik edilmedik dramaturglar A.P.Çehowyň, U.Şekspiriň, A.K.Tolstoýyň, A.N.Ostrowskiniň, M.Gorkiniň, G.Gauptmanyň, G.Ibseniň, M.Meterinkiň, S.Pşibyşewskiniň, A.Şnisleriň we beýlekileriň pýe-salaryny goýmak bilen tomaşaçynyň özbaşdak pikirlenmesini gazanmaklygy öz borjy hasaplapdyr. W.E.Meýerhold özüniň üç ýylyň dowamyndaky öz-başdak režissýorçylyk möwsüminde rus we ýewropa ýurtlarynyň teatrlarynyň XIX-XX asyrlaryň soňky on ýyllyklaryndaky akademiýaçylykdan naturalizme, şertleýinlikden däp-dessurlaryň (simwoliki) jemlenmegine we şahyrana aýdyňlygyna çenli ýol arçapdyr. Onuň ilkinji sahnadaky däp-dessurlary (simwoliki) beýan etmekligi, režssýor hökmünde duýmaklygy G.Gauptmanyň "Gark bolan jaň” (1902), S.Pşibyşýewskiniň "Gar” (1903), M.Meterlinkanyň "Monna Wanna” (1904) pýesalaryny sahna çykarmakdan başlanypdyr.
1905-nji ýylda K.S.Stanislawskiniň çagyrmagy bilen Moskwa işe gelip K.S.Stanislawskiý bilen bilelikde Powarskoýda teatr-studiýasyny döredip şoňa ýolbaşçylyk edipdir. Teatr-studiýanyň açylmagyna görülýän taýýarlyk döwründe M.Meterlinkanyň "Tentažiliň ölümi”, G.Gaupmanyň "Şlýuk we Ýau” spektakllarynyň synag görkezilişi bolup geçýär. Şonda K.S.Stanislawskiý spektakllara tomaşa edip, olaryň orän oňat çykandygyna haýran galypdyr. Emma, spektakllar tomaşaça görkezilmändir. Teatr taryhçylary şu güne çenli K.S.Stanislawskiniň şonda Teatr-studiýany açmaga belli bir karara gelip bilmändigi dogrusynda jedellerine häzirem nokat goýup bilenoklar. 1905-nji ýylda Teatr-studiýanyň açyljak güni duýdansyz ýagdaýda K.S.Stanislawskiý W.E.Meýerhold bilen işleşip bilmejekdigini beýan edipdir. Ol şondan soň, öz döreden "Täze dramalar şereketi” truppasy uzak şäherlerde we obalarda tejribe geçirmesini dowam etdiripdir.
1906-njy ýylda ony W.F.Komissaržewskaýa "Peterburgyň Serkerdeler teatryna” ýolbaşçylyk etmäge işe çagyrypdyr. Teatrda baglaşylan şertnama boýunça W.E.Meýerholda her ýylda 13-spektakly sahna çykarmak bellenilipdir. Ol sahna çykarýan spektakllarynyň biri-birine meňzeş bolmagyndan gaça durup, G.Ibseniň "Gedda Gabler”, M.Meterlinkanyň "Uýalar Baterisalar” spektakllarynda gurluşy boýunça Ws.E.Meýerholdyň özi tarapyndan işlenip düzülen çuň bolmadyk sahna, "panno" ("Panno”- sahnanyň belli bir diwaryny tutup duran surat, baralef. Sözlüge seret) görnüşli žiwopisden edilen sahna bezegi, aktýorlaryň mylaýym hereketleri, heýkellere çalymdaş beden we durkuň hereketi, sowuk duýgyly äheňi sahnalaşdyryp bilipdir. A.N.Andreýewiň "Adamynyň durmuşy” spektaklynda yşkyň ýiti partiturasy astynda işlenip düzülen, rus urp-adatlaryny (simwolikasyny) özünde jemlän geň häsiýetli tarapyny dünýä ýaýratmaga ýetişmändir. Ol A.Bloguň "Gödejigini” sahna çykarmak arkaly "gödegiň” we özüniň üstünden gülmekçi bolupdyr. Umuman bu ýerde A.Blogyň öz ideýasynda jadyly diýilýän zatlaryň üstünden gülmek bilen italýan "del arte” komediýalaryna täzeden ser salmak göz öňünde tutulypdyr. Şeýle spektaly döretmek W.E.Meýerholdyň geljekgi döredijilik ýolunyn gözleglerini käbir ýagdaýlarda kesgitläpdir. W.E.Meýerholdyň "Uýalar Batersalar”, "Adamyň durmuşy”, "Gödejigi” ýaly nusga alarlyk ajaýyp spektakllary sahna çykarangyna garamazdan W.F.Komissaržewskýa onuň režissýorçylyk işinden kanagat tapman, 1907-nji ýylda teatrdan gitmegini duýdyryp, şertnamany bozupdyr.
W.E.Meýerhold heniz W.Komissaržewskaýanyň teatryna işleýän döwründe karikaturaçy hudojnikleriň giden bir uly topary öz surat çekýän galamlaryny onuň sahna çykarýan spektakllarynyna karikatura çekmek bilen ýitel-dipdirler. 1908-nji ýylda Imperatorçylyk teatrynyň direktory W.A.Telýakowskiý: "Eger hemmeler söwýän bolsa, bu adam gaty üýtgeşik bolmaly”- diýip, W.E.Meýerholdy öz ýanyna çagyrypdyr. Ol Imperatorçylyk teatrda hudožnik Aleksandr Ýakowlewiç Golowin bilen bilelikde, dünýä teatrlarynyň taryhyna başgaça düşünmek, garamak, çen bilen ýerine ýetirijilik tejribelerine daýanmak ugurlaryny (metodlaryny) ulanmak bilen köne sahna görnüşlerini stilizasiýa (öýkünmek) etmek arkaly teatr adatlarynynyň maksatnamasyny işläp düzüpdir. Şeýle maksatnama esasynda ol Aleksandrinskiý teatrda Ž.B.Molýeriň "Don Džuwan” (1910), De la Barka Kalderonyň "Durnukly şazada” (1915), A.Ostrowskiniň "Tupan” (1916), M.Ý.Lermontowyň "Maskarad” (1917) pýesalarynyň täzeden işlenen görnüşlerini sahna çykarypdyr. W.E.Meýerhold nusgawy eserler bilen bir wagtda zamandaş dramaturglary A.N.Tolstoýyň "Diri maslyk” (1911), F.K.Sologubyň "Durmuşyň zamunlary” (1912), Z.Gippiusyň "Ýaşyl halka” (1915) we başgada birnäçe pýesalary sahnada goýupdyr. Ol bu täzeligi opera spektakllarynda-da ulanypdyr. Marinskiý teatrynyň sahnasyna çykaran Rihard Wagneriň "Tristan we Izolda” (1909), K.W.Glýukanyň "Orfeý” (1911), A.S.Dargomyžskiniň "Daş myhman” (1917), operalary uly meşhurlykdan peýdalanypdyr.





Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 38 | Добавил: Hasarly | Теги: Meýlis Hasar | Рейтинг: 3.7/3
Awtoryň başga makalalary

Teatr we kino sungaty bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]