22:03
Messi...
MESSI…

Argentinada futboly diýseñ gowy oýnaýan, emma süñkünde birneme kemislik bolan kiçijik çagajygy tap... Barselona getir, saglygyna seretdir. Soñam dünýä futbolynyñ witrinasyna çykar.
Messiden söz açanymda özümi hemişe gyzykly taryhyñ içine çümüp giden ýaly duýýardym. Çünki onuñ oýun tilsimleri, ukyby Mosartyñ sazlaryny diñleýän ýaly üýtgeşik ruhy lezzet berýärdi....
Deñi-taýy ýokdy. Soñunyñ beýle bolmagy indi ýitip barýan hakyky futbolyñ degişlilik duýgusynyñ iñ gowy nusgasy boldy. Täze hojaýyn Žoan Laporta näme diýipdi? “Messi biziñ ýanymyzda galar, onuñ bilen şertnamamyzyñ möhletini ýene kän-kän ýyllara uzaldarys…” Näme boldy? 778 futbol duşuşygyna çykyp, 672 gol salyp we 305 assistentlik eden, 10 gezek La Ligada, 4 gezek Çempionlar ligasyndan 3 gezek UEFANYÑ Super kubogyny alan toparyñ nökeri maliýe kriteriýalaryna gurban edildimi?
LA Liga Neýmardan we Ronaldodan soñ ýene bir beýik senetkärini ýitirdi. Indi ispan ligasynyñ dünýä boýunça reýtingi ep-esli pese düşse gerek. Gürrüñ alty gezek "Ballon d'Or" baýragyna mynasyp bolan ezber oýunçy barada barýar. Aktýor Al Paçinony kino düşmäge çagyryp "pulumyz gutardy, kinofilmi tamamlap bilemzok" diýseñ nähili bor? Ine, "Barselona" şuny etdi...
"REAL Madrid"-iñ başlygy Florentino Peres klubyñ geçen ýylky çeken zyýanynyñ 300 million dollara ýetendigini mälim etdi. Sebäbi, pandemiýa... Ispan habar beriş serişdeleri "Barselonanyñ" berýän ýokary aýlyk haklary sebäpli taryhynyñ iñ kynçylykly döwrüni başdan geçirýändigini ýazýar. Ispan futboly kyn ýagdaýda, emma ýyldyzlaryny saklap bilmese, dünýä boýunça tomaşa edilişini we özüne bolan çäksiz gyzyklanmalary ýitirer. La Liganyñ düzgünleri we ykdysady prinsipler ispan futbolyna parlak ýyldyzlaryñ gelmegine päsgelçilik berer.

Erjan TANER.

"SÖZCÜ" gazeti, 15.08.2021 ý.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Sport we turizm | Просмотров: 111 | Добавил: Gökböri | Теги: Erjan Taner | Рейтинг: 4.0/2
Sport we turizm bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 3
0
3 Revo   [Mowzuga geç]
Messiniň Barselonadan gitmegi, klubyň maliýa ýagdaýynyň ýetmezçiligi dälde, Messiniň öz hususy islegi.
Käbir Inside habarlarynda aýdylşyna görä: Çempionlar ligasyny we ýedinji altyn topy Barselonanyň häzirki sostawy bilen gazanyp bilmejegine göz ýetiren Messi, öz arzuwlaryny amala aşyrmak üçin kluby terk etmeli boldy. Messi, Çempionlar ligasynyň ýeňijisi we ýedinji sapar "Ballon d'Or" baýragyna eýe bolmak bilen, diňe bir ýyllarça dowam edip gelýän XXI asyryň iň gowy oýunçysy K.Ronaldomy ýada Messi jedeline nokat goýman, ol futbol taryhynyň iň gowy oýunçysy adyna, müdümilik öz adyny ýazdyrar diýip, çaklanýar.

0
2 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Messiniň näme üçin toparda galyp bilmeýändigi barada öňümizdäki şenbede (21.08.21) "Türkmen sporty" gazetinde düýpli seljerme makala çykar. Gyzyklanýar üçin maglumat almaga gowy bolar diýip pikir edýän

0
1 Yusup   [Mowzuga geç]
Angiliya barmalydy. Chelsi, M.City ya -da Liwerpula. Guycli ligada ozuni synasa gowy boljakdy

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]