20:56
Mesele has çuñ
MESELE HAS ÇUÑ

Stambul şäheriniñ 13-nji agyr jeza sudunyñ "Gezi parky" hadysalary boýunça agyrlaşdyrylan türme tussaglygy we 18 ýyl azatlykdan mahrum etmek ýaly agyr jeza çärelerini berendigini eşidip, ýadyma biri düşdi: Hanna Arendt
Gitleriñ zulumyndan gaçyp ABŞ-na giden jöhit filosofy...
1960-njy ýylyñ 24-nji maýy.
MOSSAD Argentinada saklanan jöhit genosidiniñ guramaçylaryndan Adolf Eýhmany ogrynlykda Ysraýyla geçirdi.
Ysraýyl BMG-nyñ agzasy bolan käbir ýurtlaryñ "halkara sudlarda jogapkärçilige çekilsin" teklibini unamady. Ýogsam bolmasa, Ysraýylam 1950-nji ýylda BMG-nyñ Genosid şertnamasyna gol çeken ýurtlardandy. Barybir diñlemedi.
Jöhitleriñ köpçülikleýin ýagdaýda öldürilme maksatnamasy "Ahyrky çözgüdi" durmuşa geçirenlerden Eýhman Ierusalimde sud edildi.
Sud prosesine gatnaşanlaryñ birem "The New Yorker" amerikan žurnalynyñ işgäri Hanna Arendtdi. Ol üç ýyldan soñ "Eýhman Ierusalimde. Erbetligiñ adatylygy hakda beýannama" atly kitabyny çap etdirdi:
- Argentinadan Eýhmany bikanun ýagdaýda alnyp gaçylmagyny ýazgardy...
- Ysraýylyñ premýer-ministri Ben Gurionyñ sud prosesini tomaşa öwürmegini ýazgardy...
- Derñew işini "Günäkärlenýän we nasistik režimi boýunça däl-de, taryhyñ dürli döwürlerinde edilip gelinen antisemitizm-jöhit duşmançylygynyñ üstünde ýöreden baş prokuror Gideon Hausneri "erbet we arzan ritoriki oýun" oýnamakda aýyplady...
- Suduñ kararynyñ Eýhmanyñ näme işländigi, haýsy etmişleri edendigi boýunça däl-de, jöhitleriñ genosid wagtynda çeken elem-hasratlary boýunça kabul edilmegini ýazgardy...

• AR ALYŞ SERIŞDESI

Hanna Arendt durarly däldi:
"- Ysraýyl bu derñew işini ar alyş serişdesi hasaplady.
Ar almak maksady bilen geçirilen sudlaryñ nasistlerden näme parhy bolup biler?
Bu sud prosesi adalata gulluk edýänler bilen Ysraýyla gulluk edýänleriñ kimdigini aýyl-saýyl etdi."
Arendtiñ pikiriçe Eýhman o diýenem bir "mahluk-şeýtan" däldi, ol berilen görkezmeleri gyşarnyksyz ýerine ýetiren "adaty ýaramazlardandy". Muny görmezlige salyp, umumy göz bilen seredýän sud prosesiniñ nämelere getirjekdigini ýazdy:
- Munuñ netijesi ilki hukuk we syýasy sypatly adamyñ ýok edilmegine getirer.
- Has soñra ahlakly adam we hut adamkärçilik sypatlary aradan aýrylmagyna getirer.
- Ahyrynda sowuk we sistematiki görnüşde adam bedeni ýok ediler we şahsylykdan saplanmagy adamy aýry-aýry gurjaklara öwrer.
Asyl garşysyna göreşmeli zat şudy, nasistleriñ köpçülikleýin maksatnamasy-da hut şeýledi...
Arenhtiñ ýazanlary Bütindünýä jöhitler kongresiniñ we Holokost-genosid boýunça ylmy-barlagçy Dewid Çezarani ýalylaryñ gaharyny getirdi.
Arendt tutanýerlilik bilen adalatyñ, hukugyñ we bütin adamzadyñ tarapyndadygyny aýtdy. Filosof Sýoren Kýerkegoryñ aýdyşy ýaly “ölümine hakykat” gözleýärdi we "öñünden hasaplanan ýaramazlyga" düýn bolşy ýaly şu günem garşy çykýardy...

• KIÇIJIK EÝHMANNLAR

13-nji agyr jeza suduna dolanyp geler bolsam...
Size bir düşünjeden söz açaýyn: Kiçijik eýhmannlar!
Hadysalary, kararlary şahsy ölçegde özlerine zelelsiz görseler-de, ýurt we jemgyýet üçin weýrançylykly netijeleri döreden etmişe şärikdeş adamlar üçin ulanylýan adalga...
Kararlary hakynda hiç zat duýmazdan berilen görkezmeleri gyşarnyksyz ýerine ýetiren nasist býurokraty Eýhmandan gelýän adalga…
Eýhman ýeke däl, adaty adam sypatyna bürenen kiçijik eýhmanlar dünýäniñ çar künjünde bar...
Bularyñ şu günüñ häkimiýetine we onuñ berýän görkezmelerine, ýöredýän propogandasyna bil baglaýar, karýerasyny ösdürmek üçin ähli buýruklary gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Özem muny hiç hili ahlak günäkärligini, wyždan azabyny duýmazdan edýär...
Bular hiç hili jogapkärçilik duýmaýandygyna özlerini ynandyrýar we şeýdibem weýrançylykly işleri amala aşyrýandyryn öýdüp pikirem edenok...
Ýel uniwersitetinden Stenli Milgrem kiçijik eýhmannlardan ugur alyp, sosial psihologiki synagyny geçirmek arkaly adamlaryñ wyždanlary bilen çapraz gelýändigine garamazdan, gara güýje gulluk etmäge höwesekdigini barlagdan geçirdi. Netije?
Kişiniñ gara güýjüñ görkezmesine aşa höwesjeñligi barlagyñ esasy tapyndysyny we iñ gyssagly mälim etmeli hakykatyny döretdi:
- Adaty adamlar öz nukdaýnazaryndan haýsydyr bir duşmançylyk bolmazdanam gorkunç weýrançylykly prosesiñ inisiatory bolup bilýär!
Jemlär bolsam:
Mesele az sanly adamyñ jogapkärçilige çekilmeginden has añyrda, avyr jemgyýetçilik problemasyna yşarat edýär.
Diñe adalatyñ näderejede çüýränligi däl, has çuñ-makro mesele bu!
Aslyýetinde Osman Kawala we beýlekiler jogapkärçilige çekilmedi: Bir ýaşaýyş formasy, ylalaşyñ-ylalaşmañ syýasy garaýşy, raýat-jemgyýetçilik guramalarynyñ we polisiýanyñ maglumatlaryna görä 12 million adamyñ gatnaşan demonstrasiýasy tutuşlaýyn jezalandyryldy. Şu sebäpli sud delil gözlemedi.
Adalat serişdedi we gözlenen diñe ar alma duýgusydy...
Sud prosesiniñ maksady etmiş gözlemek däl-de, diñe ýamanlyk etmekdi…
Hawa, kiçijik eýhmannlaryñ alyp baran derñew işi "deslapky erbetlik" bolup taryha geçjek karar boldy.

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 29.04.2022 ý.





Категория: Publisistika | Просмотров: 109 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]