00:21
Meniň şygarym

MENIŇ ŞYGARYM

Bilýän kynçylyklaň bolanny ýöne,
Durmuş dowam edýär! Ýaşa hem-de söý!
Soň bu günler gaýdyp gelermi näme,
Durmuş dowam edýär! Ýaşa hem-de söý!

Bilýäň, boldy bizde ne ajap söýgi,
Käte şatlyk boldy, käte-de gaýgy,
Çümseňem görünmez ummanlaň düýbi,
Durmuş dowam edýär! Ýaşa hem-de söý!

Kä kyn düşdi ýykylyp soň aglamak,
Şer işleriň ýollaryny baglamak,
Ne derkar, gamlanyp özüň aldamak,
Durmuş dowam edýär! Ýaşa hem-de söý!

Kim çekip bilipdir jahan ahyny,
Sen diňleme baýguşlaryň gohuny,
Ähli zatlar geçýän eken ahyry,
Durmuş dowam edýär! Ýaşa hem-de söý!

Bir ömür - gapyňda bir nahal ekmek,
Garaňka göz ýumup, ak ertä bakmak,
Nämä gerek ýersiz ýere gam çekmek,
Durmuş dowam edýär! Ýaşa hem-de söý!

Kim sen? Bakylygyň mizany biler,
Köne tanşyň bir gün salama geler,
Özüňi gynama, bolany bolar,
Durmuş dowam edýär! Ýaşa hem-de söý!

2014 ý.

Suraý BABANYÝAZOWA.






Категория: Goşgular | Просмотров: 75 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Aşyklar gününe / Goşgular - 14.02.2021
Неоконченное стихотворение / Goşgular - 15.04.2021
Dagdan agajy / Goşgular - 05.02.2021
Howlymyzda / Goşgular - 16.03.2021
Беки, эй! / Goşgular - 16.04.2021
Bakylyk / Goşgular - 15.03.2021
Gel! / Goşgular - 10.02.2021
Dowam edermiň / Goşgular - 30.05.2021
Türkmeniñ sözi / Goşgular - 25.02.2021
Özüme sorag / Goşgular - 18.03.2021



Всего комментариев: 2
1
2 Myhman0430   [Материал]
bilmedim-dä, o diýen däl ýaly.

goşgyny goşgy edýän içindäki gowy sözler, maslahatlar däl-de şahyranalygy bolaýmasa, pikirimçe.

häzir men bogun sanyny deňläp, soňky sözleri kapýalaşdyryp, "birek-biregi sylaň, dogan-garyndaşyňyza görme-görşe baryp duruň, ene-ataňyza "uff" hem diýdirmäň, ýylgyryp geziň...." diýen ýaly hemme milletiň gowy göräýjek häsiýetini aýdyşdyrsam gowy goşgy bolmajagyny bilýän.

0
1 Sygyrmusdagy   [Материал]
Şahyr bütin milletiň (okyjysynyň) garamatyny gerdeninde göterýär. Durmuşyň agyr pursatlary kän. Emma ynsan ýaşaýşa ymtylmaly. Şu goşgyny öz janyna kast edýänlere, şol pursatdan öň okap berlen bolsa ýa-da okan bolsalar. Gowy ýazylan goşgy... Dowamly bolsun![color=blue]

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]