07:26
Meniñ myhmanlarym
MENIŇ MYHMANLARYM

Aristotel, Sokrat, Platon bilen
Söhbetdeş men, soraýarlar halymy.
Magtymguly, Döwletmämmet Azady,
Mahal-mahal gurşap durlar ýanymy.

Kerim Gurbannepes, Gara Seýitli...
Bularsyz meň öýüm bolmazmy gurak?
Gurbannazar gelip-gidýär kämahal,
Gülüp diýýär: - Ukudan-a bol yrak!

Ýalňyzlyk ne derkar? Şowhun-şagalaň,
Myhmansyz bolamok, Hudaýa şükür!
Bir gün Halyl, bir gün Italmaz gelýär,
Wagt ýok gam hakda etmäge pikir.

Meniň myhmanlarym ýöne myhman däl,
Köp çeken durmuşyň muşakgatlaryn.
Pähim-paýhas, dana, parasat bilen,
Bezäp otyr çuňňur taryh gatlaryn.

Olar çyn dost, çyn halypa, çyn ýoldaş,
Kä dost ýaly taşlap gaçyp gitmeýär.
Maýak olar okeanda, deňizde,
Şöhlesi gözüňden öçüp ýitmeýär.

Bir gün Berdi aga bir gün Nowaýy,
Omar Haýýam, Attar, Kemine, Geýne...
Syr alyp, syr berýän ählisi bilen,
Aramyzda ýok hiç hili kine.

Çary Aşyr bilen, Mämmet Seýidiň,
Okap beren goşgusyna diň salyp,
Dünýä hakda oýa batdym ýene-de,
Öz-özümi diňledim men geň galyp.

Myhmansyz günüm ýok, Hudaýa şükür,
Gerodot, Beýhaky... arzyly myhman.
Ynsanyň söýgüden irmeýşiň ýaly,
Men bu eziz myhmanlardan irmeýän...

11.12.2015.

• AGTYGYMA

Gyz agtygym soraýar:
- Ata, näçe ýaşadyň?
Menem jogap berýärin:
- Altmyş ýedi ýaşadym!

Ýyllar geçer. Agtygym
Ýaşar meniň ýaşymy.
Agtygy sorar ondan:
- Ene, aýdaý ýaşyňy?

Şonda meniň agtygym
Aýdar ýaşan ýaşyny.
Hem meni ýada salyp,
Saklamaz göz ýaşyny...

01.01.2016.





Категория: Goşgular | Просмотров: 81 | Добавил: Allaýar | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 4.2/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Öýke / Goşgular - 15.01.2022
Söý dünýäni / Goşgular - 12.01.2022
Täze ýyl ertirinde / Goşgular - 05.01.2022
Монахиня / Goşgular - 12.01.2022
"Dünýäm saña näme boldy?" / Goşgular - 05.01.2022
"Ýyllar geçse, agraslansam..." / Goşgular - 12.01.2022
Ýitmek / Goşgular - 12.01.2022
Дело о поджоге Рейхстага / Goşgular - 11.01.2022
Kakamjan / Goşgular - 14.01.2022
"Seni göresim gelýär..." / Goşgular - 05.01.2022



Всего комментариев: 3
0
3 Hyýalkeş   [Материал]
Myhmanly goşgy gowy eken. Ikinjiñiz gynandyrdy azajyk :)
Üstünlik, Allaýar aga!

0
2 Edebiyatcy   [Материал]
Myhmanlaryň sany mundan beýlägem köp bolsun, az bolmasyn

0
1 Taryhçy   [Материал]
Kitaply öy ýaly öý bolmaz

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]