12:23
Meniñ ganymda
MENIÑ GANYMDA

Ýada düşýär,
Birmahallar bolan zat, -
Meñ ganymda baýram edýär heserim.
Sen nähili alyslarda galypsyñ,
Eý, juwanlyk, alysdaky säherim.

Ýadymda-la Baýymýabyñ boýunda
Ak gijeler aksüñki oýnanym.
Ýadymda-la ajrajyk bolsamam,
Ýetginjeklik, señ goýnuñda ýaýnamym.

Ýetginjeklim, gursagymda ýaşaber,
Ozal-ebet bolmaz senden dändigim.
(Pyşyrdapjyk gulagyña aýdaýyn;
Öñden bilýäm ebedilik dälligiñ).

Bu gün bolsa gussa aýlanýar ganymda,
Toýy bolýar bir symyljyk gussanyñ.
Gül ýaşlygyñ soñky çägi alnymda,
Ömürboýy hoşlaşmazlyk islänmiñ.

Meñ ganymda bolýar bahar baýramy,
Paýhasyñ baýramy, gahar baýramy.
Bolýar onda toýy añzakly gyşyñ...
Beýle baýramlara neneñ çydaýañ,
Ah, garagol başym, meñ ýalñyz başym!

* * *

O dünýeden biri
Göýä bir diri
Maña garaýar.
Gözleri göýä bir peýkamyñ tiri
Meniñ gursagymdan perwaýsyz urýar.

Ol örän pukara, göýä bir gedaý.
Pukara borsuñ-da bolsañ ol ýerde.
Tanamok bendäni.
Kömek et, Hudaý.
Meniñ ile bergim salmasyn derde!

Hudaý dilegimi etmedi kabul,
O dünýede oturanda nazarym.
Wah, bu ýagty jahanyñ kanuny zabun,
Men bärde nähili erkin gezerin?

Ol otyr.
Gözlerime içgin garaýar.
Ol meni gagşadyp, eredip barýar.
Duruñ, duruñ! Ol meniñ tanşym ýaly-la.
Gözleri oñ nalaçlykdan doly-la.

Eý, Tañrym! Ol meniñ göwnün ýykanym,
Gözlerime bakýar algyly deýin.
Ötünç soraýmasam ýanyna baryp,
Alajym ýok, alajym ýok nädeýin?

Orazmyrat GURDOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 167 | Добавил: Haweran | Теги: Orazmyrat Gurdow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Tapylmaýan zat / Goşgular - 29.01.2022
Заморозки / Goşgular - 24.01.2022
"Guşlar güldi için tutup..." / Goşgular - 13.01.2022
Дюны Дюнкерка / Goşgular - 11.01.2022
Апулей / Goşgular - 28.02.2022
Речка Руза / Goşgular - 29.01.2022
Hudaýa şükür! / Goşgular - 11.01.2022
Ironiýa / Goşgular - 29.01.2022
Rubagylar / Goşgular - 21.02.2022
Зарница / Goşgular - 28.02.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]