17:22
Meniñ dilim
MENIÑ DILIM

Dilim seniñ barlygyña guwanýan,
Guwanýan sag-aman ýaşap ýörenñe.
Ähli dile sarpa goýýan-da bolsam,
Maña dil gerek däl seniñ deregñe.

Agdaramsoñ taryhlaryñ gatyny,
Indi hakykaty anyk bilýän men.
Dünýä ýitigleriniñ birisi bolup,
Meniñ bagtym-dilim, has ýiten eken.

Köp çykypdyr duşman onuñ kastyna,
Hilesin, pirimin, gylyjyn tijäp.
(Ýoklapdyrlar onuñ ýigrimi bäşini -
Il anynda bişen-miwesin süýjäp).

Seljuk bolup, Nedir bolup bir çaklar,
Ýat illere äkidenler bar ony.
Ýöne olar seni ýitiripdirler,
Tagtyny, möhrüni ýitiren güni.

Dilim, gadymýetden galan baýlygym,
Gören görgim, alan galam, gylygym...
Hem halkymyñ mydam baky bolmagna,
Sensiñ meniñ ýalñyz mümkinçiligim.

Agageldi ALLANAZAROW.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 32 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Agageldi Allanazarow | Рейтинг: 3.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Biz bizdik... / Goşgular - 12.02.2021
Aşyklar gününe / Goşgular - 14.02.2021
"Bolup bilmedik biz atamyz ýaly..." / Goşgular - 05.02.2021
Halypalyk / Goşgular - 03.06.2021
Sen hakynda / Goşgular - 16.03.2021
Igde gülleri... / Goşgular - 26.02.2021
"Men goşgy ýazmaryn" / Goşgular - 15.07.2021
Daşary ýurtdan gelen türkmeniň aşgabatly garyndaşy bilen söhbeti / Goşgular - 15.02.2021
Selbime / Goşgular - 16.03.2021
Howlymyzda / Goşgular - 16.03.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]