23:12
Meni bagyşla, Roza!
MENI BAGYŞLA, ROZA!

- Tur Massimus, oýan, çagamyz aglaýar.
- Özüň seredäý-dä akylym, biraz ýataýyn.
- Wah biri bolsa seretjekle, üçisi maňa kyn düşýär.
- Üçüsi? Roza? Sen bizde näme işleýäň? Bu çagalar kimiňki? Öýe nirden girdiň?
- Wah şu wagtam ýadyňa oýun düşýädä, görä üçisem aglap otyr bulaň.
- Nirden gelen bolsaňam tizräk gidewer, wah bulaň aglaýşyny, ejem oýansa ikimizem öldürer.
- Bu zatlary çaga bolmanka pikir etmeli ekeniň, çaga öýüň bezegi, çaga näçe köp bolsa öý şonça baý bolar, çagaly öý bazar diýip akyl satardyň, gel indi bazarkom kömek et maňa.
- Ejem oýandy öýdýän, ol bärik gelýär, ana gapy açyldy. Eje, jan eje, men bu gyzy birinji gezek görýän, öň başga ýerde görýädim, öýde birinji gezek. Çagalaram bilemok kimdendigini, meň hiç hili günäm ýok, öýe nädip girendiginem bilemok.
- Massimus, degişgenligiň galjak däldä?
- Howwa enesi muň ýadyna oýun düşýär. Enesi? Allajan maňa näme bolýar, Roza bizde näme işleýär? Bu gorkunç çagalar kimiňki?
- Roza, men näçe ýaşymda?
- Basym 45 ýaşaýaň ezizim.
Ömrümiň 30 ýyly nädip geçdikä? Ömür şeýle tiz geçýämikä? Eý durmuş, eý biwepa dünýä, saňa gelip kimiň ýüzi güldi? Beýdäýmeli däldiň namart dünýä, ýatmankam 15 ýaşymdadym, turamda 45 ýaşymda, her uklamda 30 ýylym gitse, ýene iki günlük ukym galypdyr.
- Massimus tur oglum, okuwa gijä galýaň, gijesi bilen futbol görüp irdenem galyp bileňok, üstesinede samrap ýatyrsyň, namart dünýä, pylan boldy.
- Eje Roza nirede?
- Kim o Roza?
- Gelniň, çagalar aglap otyrda, olar nirä gitdi?
- Sen şo oýuny azrak gör, basym dälireýäň sen.
Mekdebe ugradym, ýolda Saşka garaşyp durdy.
- Saş gowudyr-a?
- Saşda hemme zat daş, sebäbi ol ýaş, söýenim garagaş, söýmedi bagry daş.
- Sen durşuna zehin, sende talant barda klient ýok.
- Talant barda klient ýok, klientleňem garny dok..
- Boldy, boldy dost, mekdebe bir gowy nastroýenýede gideli.
- Keýpiň ýokla babaý?
- Aý agşam bir düýş gördüm, hakyky ýalow.
- Nähili?
- Meň 3 sany çagam bar eken.
- Oho, başyndan gürrüň ber hany, çagalaň nädip boldy.
- O taýlaryny özümede görkezmediler.
- 18 ýaşdan kiçi bolanyň üçin gyrkandyrlar o ýerlerini. Kempir kim?
- Şo öňki, däliň belläni.
- Bolýa, düýşüňde bir ogşadyňmy özi?
- Ogşandyryn, bolmasa çagalar nirden bolsun.
- Düýnä bagtyň çüwdi, zähmet mugallymymyz gelip aýyrmadyk bolsa, düýşüňe başga zatlar girerdi.
- Entegem urşup başlamankak geläýdow.
- Senem mugallymy görüp beter dyzaýaňmy?
- Aý boýumyzyň reýtingini galdyrýanlaý.
- Indi uruşmaga gitseň zähmet mugallymynam äkit, galýan zatlaňy goramaga peýdasy kän şoň.
- Sen ulalsaň kime öýlenjek?
- Meni polny ekläp biljege.
- Onda durmuşa çykaýsanaý dost.
- Seň maňa göwnüň ýetenok öýdýän dost, ellimi sallasam ellisini tapýan, obaň ýetişen gyzlarynyň düýşüne girip, olara erteki aýdyp berýän oglan men.
Klasa girdik. Olam gelipdir, şol serýoznylygy, hiç kime ýüz bermän otyr. Maňa ünsem berenok, men bolsa o eşegiň çagalaryna seredişip ýörin. Agşam ýanymda ýatan gyz, indi meň öňümdäki partada, yzyna seredenogam. Gije onuň gözlerindäki maňa bolan söýgini diýsene, ah o gözler, ah o lebler, men o gözlere gözümi gyrpman bir ömür seretmäge taýyn. Bioligiýa mugallymy jan edip bir zatlar düşündirýär, meň gözlerim öňümdäki partada, gulagymda bolsa ruki wwerhiň aýdymlary ýaňlanýar. Bir görsem doskada Saşka kellesini gaşap dur.
Mugallym
- Tur Massimus, dostuňa kömek et, adam şekilli maýmynlara haýsylar degişli?
Men ýerimden turdum we kellämde aýlanýan sözi gaýtaladym.
- ROZA.
- Hemmeler gülüşdiler, men biraz özüme geldim, Roza ýerinden turup maňa öwrüldi.
- Men maýmyna meňzeşmi?
- Ýo men maýmyn, wiý sen maýmyn, adamam maýmyn, maýmynam adam, sen maýmyna meňzeş däl, maýmyn saňa meňzeş, wiý, nämeler diýip durun?
Maýmyn, wiý Roza klasdan aglap çykyp gitdi. Men öz söýgili maýmynymyň göwnüne degipdim, wah meň şimpanzeşkam, wah meň orangutankam, gorillajygym, gibbonym nirde sen. Men samsygy bagyşla, seň eliňe tiken girerine dözmeýän, gözüni ýumsa seni görýän, gözüni açsa görmegi arzuw edýän, seň ýanyňda geçen döwrüni ömrüne many hasaplaýan, seň bagtly bolmagyň üçin bir ömür bagtsyz bolmaga taýyn, seň durmuşa çykan günüň ýekelikden, ejizlikden aglan, seni soňky demine çenli şol 15 ýaşly ýigit bolup söýjek däli aşygyňy bagyşla...





Просмотров: 166 | Добавил: Aksary | Теги: Maksat Esenow | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 5
0
4 sabyrly   [Материал]
Hem eşege hem maýmyna deňäpsiň, aňsat-ha bagyşlamaz.:)

0
3 Bagabat   [Материал]
Käbir ýazgylar bolýar.
Okap otyrkaň, öz-özünden kelläňe gelýä: “Ýeri, kim munuň ýaly ýazýar-aý? Ne ugur ba, ne utga. Manysam ýok, sýužetem. Üstesine sowatsyzam ýazylypdyr. Barypýatan bolgusyz bidereklik-le!”.
Ýöne...
Öňem bir ýerde aýdyp geçişim ýaly, edebiýat absurdy – bu şeýle görnüşdäki ýazgylary ýazýan awtoryň emelsizligini ýa-da körzehinliginem, “guýa nemedip at gazanjak” bolýanlygynam aňlatmaýar. Çünki edebiýat absurdy – bu-da edil beýleki, durmuşy ýa-da awtory azara goýýan duýgulary, pikirleri çeper beýan etmegiň edebi usullarynyň biri ýaly, adaty bolmasa-da özboluşly edebi-çeper tilsim. Ýazyjy ýa-da şahyr şeýle görnüşde eser döredende hemme zady bilkastlaýyn, ýagny “düşünip aňyrsyna geçip” dikbaşaşaklygyna çöwürýär, sözlerdir olaryň aňladýan manylary bilen oýnap (žonglirläp), öz aýdasy gelýän zadyny hut şol görnüşde beýan edýär.
Düşünmedigem özünden görsün!
Ine şeýle döredijiligiň netijesinde-de absurd edebiýaty peýda bolýar.
Dünýe köpdürlüligi bilen täsin.
Birmeňzeşlik bolsa hatda gonamçylykda-da ýok.
Onsoňam: “kim gaýkyny söýer, kim küýkini” diýilmeýärmi?
Elbetde, edebiýaty öwreniş ylmy, absurd edebiýatynda adamzat ýaşaýşynyň bimanylygynyň bolşundan bäşbeter gülkünç hem biderek edilip şekillendirilýändigini nygtaýanam bolsa :-), şu usulda ýazýan köp awtorlaryň “o kadar” “beýik maksatlarynyňam, matlaplarynyňam” ýokdugyny olaň ýazýan zatlaryndan görmek bolýar. Adatça, şeýle usulda ýazmak bilen awtorlar “gulaklarynyň-a kirini, göwünleriniňem posuny” açmak isleginden ugur alyp, özlerini hiç bir edebiýat çarçuwasy bilen çäklendirmän, göwnündäkini jahana “ýaýmaga” ymtylýarlar.
Galan zadam, näme, “jahan giňdir, çendan-da bilen-de bardyr” diýýä, Magtymguly atamyz...
Absurd žanrynda eser döredýän awtorlaň ulanýan tilsimlerini belli bir derejede umumylaşdyrsaň, olaryň esasan şu aşakdaky edebi usullardan işjeň peýdalanýandyklaryny görmek bolýar:
1. Grotesk (fransuzça: grotesque – geň-enaýy, gülkünç) – durmuşy hadysalary, adamlary we ş.m. bolşundan bäşbeter gülkünç, geň-enaýy edip şekillendirmek usuly;
2. Medeni, ahlak, jemgyýetçilik däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny düşnüksiz, bimany, bulam-bujar görnüşde şekillendirmek;
3. Durmuş hakykatyny edil gyşyk-çaýşyk aýnalarda görünýän şekiller ýaly edip görkezmek;
4. Geň-enaýy, durmuşda düýbünden bolmadyk, göz öňüne-de getirmek kyn obrazlary, personažlary döretmek, şekillendirmek;
5. Özboluşly, köp ýagdaýda düýbünden bimany okalýan sözlerden, jümlelerden ybarat edebi-çeper dili ulanmak;
6. Çeper eserleň gahrymanlarynyň, personažlarynyň, sýužetleriň, köplenç okyjyda gümürtiklik, bimanylyk duýgusyny, manysyz gülkini ýa-da aňrybaşy halamazlygy emele getirýän bulam-bujarlygy, ugur-utgasyzlygy.
Ýöne, şol bir wagtda-da, şeýle usulda döredilýän eserler neneňsi bimany hem “çep el” bilen ýazylan ýaly bolup görünse-de, hakyky absurd eserini döretmegiň özüne ýetik inçe taraplaram bar. Olaryň iň esasysam:
Bimanylyga duwlanan goýazy manyny şekillendirmegiň hötdesinden gelmek.
Absurd eserlerde göräýmäge, aýdylýan zadyň belli bir derejede logikasam (mantygy) saklanýan ýaly, beýleki bir tarapdanam jümleler, sözlemler ugur-utgasyz samrama-da ýaly. Absurdyň tapawudam şonda:
Bimany manylylyk!
Ýa-da: Manyly bimanylyk!
Dünýä edebiýatynda absurd žanrynyň görnükli eserleriniň käbiri hökmünde, Lýuis Kerrolyň “Alisa täsinlikler ýurdunda”, “Aýnaaňyrsy”, N.Gogolyň “Burun”, “Şinel”,W.Nabokowyň “Jeza berlişine çakylyk”, Kurt Wonnegutyň “Pişik üçin sallançak”, Çak Palanigiň “Göze görünmezekler”, Wiktor Pelewiniň “Çapaýew we boşluk”, Dm.Kolodanyň “Bormoglotyň wagty” atly eserlerini agzamak bolar.
Umuman, bu zatlary ýazmak bilen uzyn “moh-mohuň” gysga “juk-jukyny” aýtsam, türkmen edebiýatynyňam kyssa (proza) ugrunda-da absurd žanrynda we oňa ýakyn andegraund, postmodernizm, awangardizm žanrlarynda ýazmaga synanyşyk edýän ýaşlarymyz bar.
Edil şu wagt ýadyma düşýänler-ä, Umyt Küle, Maksat Bäşimow hem-de “Anna Darakdiş” psewdonimi bilen kitapçy.com saýtynda hekaýalaryny goýýan ýazyjy.
Ine indi “Massimus” atly çeper gahrymanyň adyndan, “birinji keşpde” monolog-miniatýurajyklary ýazýan Maksat Esenowam absurd žanrynda özüni synaýar.
Meniň şahsy pikirimç-ä synag jüpüne düşýär.
Çünki, ýazylan islendik söz – ilkinji nobatda, okyjy üçin ýazylýar.
Şol sözüň iň ilkinji hem-de iň ahyrky kazysam – okyjy.
Eger-de ýazylan söz, okyjyny – ha güldürsin, ha gyzyklandyrsyn, ha gynandyrsyn, ha oýlandyrsyn... – islendik görnüşde gozgaýan bolsa, diýmek, onda şol söz ýazylmaga-da, okalmaga-da, ýaşamaga-da mynasyp.

Galamyň ýiti bolsun, awtor!

0
5 Massimus   [Материал]
Bagabat sag boluň

0
1 Haweran   [Материал]
Bular näme, hekaýamy?

0
2 Aksary   [Материал]
Has kaka şu proza diýilýän zada düşünmämsoñ haýsy topluma goşjagym bilmedim, haýyş etdiler goýdum...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]