15:02
Men ýigrenip bilemok
MEN ÝIGRENIP BILEMOK

Men ýigrenip bilemok,
Seni söýüp, şol ukybym ýitirdim,
Özüm salam berdim ulumsy Aýa...
... soň Aýyň salamyn Ýere ýetirdim.

Men ýigrenip bilemok,
Seni söýüp, şol ukybym ýitirdim,
Ýeňsämden iteni galdyrdym ýerden,
Hem gynandym ejizligne iterden.

Men ýigrenip bilemok,
Seni söýüp, şol ukybym ýitirdim,
Ýigrenip bakana ýylgyryp bakdym,
Göwnümi ýykanyň göwnün göterdim.

Men ýigrenip bilemok,
Seni söýüp, şol ukybym ýitirdim,
Näzin çekdim ýerliksiz näz edeniň,
Hem ýalbardym, hem öwgüsin ýetirdim.

Men ýigrenip bilemok,
Seni söýüp, şol ukybym ýitirdim,
Dymdym, dymdym, dymdym gaty köp ýerde,
Özümi günäläp, günüm ötürdim.

Men ýigrenip bilemok,
Seni söýüp, şol ukybym ýitirdim,
Diňläp herrelende itimçe ýogy,
Ýene-de men adam sana getirdim.

Men ýigrenip bilemok,
Seni söýüp şol ukybym ýitirdim,
Ýazgarmadym aglanymda güleni,
Sebäp ejizdi ol akly ýeterden.

Men ýigrenip bilemok,
Duşmanlarmam dostlarym deý eý gördüm...

Men ýigrenip bilemok,
Seni söýüp, şol ukybym ýitirdim...

Laçyn PÜRJÄÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 103 | Добавил: Nurdan | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 4.3/6
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Özüme sorag / Goşgular - 18.03.2021
Sen hakynda / Goşgular - 16.03.2021
Goşgy / Goşgular - 31.01.2021
«Bu dert mugt berlenok, alnanok satyn—Ony ilden çykyp, gazanyp bolýa...» / Goşgular - 06.01.2021
Igde gülleri... / Goşgular - 26.02.2021
Hazar depderçesi / Goşgular - 14.02.2021
Towakga / Goşgular - 18.03.2021
"Atsyz bolar eken zyýat şygyrlar..." / Goşgular - 21.03.2021
A.Çüriýewe bagyşlanan goşgulardan / Goşgular - 10.04.2021
Ahyrzaman bolar / Goşgular - 13.01.2021



Всего комментариев: 6
0
3 Hyýalkeş   [Материал]
Ýalñyşmasam, öñem goýlupdy.

0
5 Nurdan   [Материал]
@Hyýalkeş, ýalñyşdyñyz, Post edip açylmadyk bu goşgy :)

0
2 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Gowy goşgy, 1-nji bendini okanymda hezil edip başladym, ýöne 3-nji bentden beylesi artykmaçlyk edÿär, şol önki mazmuny ejiz beýtlerde gaýtalaýar. goşgynyñ iñ gözel ÿeri şu birinji beyti: (Men ýigrenip bilemok,
Seni söýüp, şol ukybym ýitirdim,), ýöne her bentde geleni, ÿürege düşýär, 2-nji bentden soñ men-ä okaman geçirerdim. Üstünlikler!

0
4 Nurdan   [Материал]
Sagboluñ, emma awtory özüm däl, goşgy gowy, halap paylaşdym.

1
1 Aksary   [Материал]
Gowy goşgy, ömrüñ bolsun.

0
6 Nurdan   [Материал]
Amin, sagboluñ.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]