04:36
Men uçmagy öwrendim
MEN UÇMAGY ÖWRENDIM

Men uçmagy öwrendim
ýaralarma,
Gün ýüzüniň garalarna garaman.
Men uçmagy öwrendim
ýaňraman.

Öwrendim
hemmelerden üýtgeşik ýylgyrmagy,
aglamagy,
zarlamagy,
zarynlamagy,
söýmegi,
gaýtargysyz söýmegi.

Köne sekundda ölüp
täzede direlmegi,
Gorkman ýaşamagy öwrendim.
Gorkup ýaşamagy...
Suw içemde suwa öwrülmegi,
Özümde 18000 älemleri açmagy,
özümden ýa-da 18000 älemlerden geçmegi...
kän zat öwrendim
gaty kän zat.

. . . Aglap uçmagy öwrendim . . .

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 128 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Снегопад / Goşgular - 11.01.2022
Gijigen arzuwlar / Goşgular - 20.01.2022
Моцарт / Goşgular - 18.01.2022
Mukaddes Gala / Goşgular - 15.01.2022
Söýdüm... / Goşgular - 22.01.2022
Пилигримы / Goşgular - 05.01.2022
Öýke / Goşgular - 15.01.2022
Garga dilinden öwrenje terjime / Goşgular - 19.01.2022
Ahmyr! / Goşgular - 08.01.2022
Ýagyş we Sen / Goşgular - 21.01.2022



Всего комментариев: 5
0
5 Tumarly   [Материал]
Mango gowy teswirläpdir. Ibrahim aga hem.
Üstünlik.

1
4 mango   [Материал]
Köne sekundda ölüp
täzede direlmegi,
öwrendim http://kitapcy.com/news/bu_dunya_nace_gunluk/2021-11-24-18438Agzalan setiriňde ýokardaky salgydaky aşaky kommentden täsirlendiňmi, Suraý hanym diýsem bir hili bolmaz-a?

…demimize howa sorýas - direlýäris.
howany çykarýas - ölýäris.
…ýaşaýyşymyz direlip-ölmek.....

Gowy goşgy bolupdyr.
Berekella.

1
3 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Örän gowy goşgy, Suraýyñ döredijiliginde bir hili biperwaÿlyk bar, şony beter halaÿan.
"Köne sekundda ölüp
täzede direlmegi,"
Şular ÿaly beÿtler ÿazyp, şeÿle oÿlanyp, ölümi, direlmegi her deminde duÿup bilÿän Suraÿdan uly-uly eserlere garaşyp bileris. Uçmak, aglap (gülüp) uçmak her bir goşguça başartmaÿar, Ganat açyp bilmek üçin janyña nur çaÿan bolmaly, olam ýöne-möne nur däl, yşkyñ nury, ruhanylygyñ, magnawylygyñ nury dolan bolmaly.
Bu goşguda halamadyk ÿerim 18000-li setirler, Bagyşlawer Suraÿ jan! Öwrenip dur, uçup ÿör!

0
2 Haweran   [Материал]
Öz goşgymdan mysal getirmek hernäçe gelşiksizem bolsa, bir zady aýtman geçmek islemeýärin:
"Gidiber" goşgymyñ iñ soñky:
"Men seniñ düñderen gara dünýämiñ,
Garasyny ýüzme çyrşap aglaýyn"
setirlerime, halypa şahyrlaryñ biri "eger söz bazarynda nyrh kesseler diñe şu setiriñi bar baýlygymy, döredijiligimi berip satyn alardym" diýipdi. A men hem öz gezegimde şeýle diýýärin:
Goşgynyñ diñe:
"Aglap uçmagy öwrendim" setiri üçin barymy-ýogumy bererdim.

0
1 Haweran   [Материал]
"Kapasada doglan guşlar uçmagy kesellemekdir öýderler".
A.Hodorkowskiý.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]