01:25
Men söýmekden başga nämedip bilýän?!
MEN SÖÝMEKDEN BAŞGA NÄMEDIP BILÝÄN?!

Bir zat başarýan-a diýmäýin
Bu gün
Men söýmekden başga nämedip bilýän?
Dogry men beýik däl,
Bolman geçeýin,
Bir başym bar onam sämedip bilýän.

Aýdym aýdýan,
owazym ýok üýtgeşik,
Begenýän sesimi eşidýär älem.
Öz dünýämde şa gyzy men,
beýleki
Ähli dünýäleriň şalygyn nädem?

Gaýyryp görmändim uly işleri,
Ýöne iş edýäne bermeýän päsgel.
Gül ýolma däl,
edil şu hal gapyda
Gülleň açylyşy meň üçin has geň.

Bagt tapylmaýar özge ýerlerden,
Bagt her ynsanyň köňlünden gelýär.
Nägile bolsam-da, özüm özümden,
Men söýmekden başga nämedip bilýän?!

2017 ý.

♢ MEN ÝOLLARA SEÇIP GITDIM GÖZÝAŞYM...

Men ýollara seçip gitdim gözýaşym,
Olar baryp gara ýeri guçdular.
Kim görmedik bolup geçdi aglanym,
Kimler gördi.
Görenlerem geçdiler..

Men ýollara seçip gitdim gözýaşym,
Elleri desmally geldi käbiri.
Kimse gandal bilen,
Kimem al bilen,
A kim bolsa geldi gömmäge diri...

Men ýollara seçip gitdim gözýaşym,
Gözýaşlarym boýur-boýur akdylar.
Wah, olar pirimi aly näbilsin,
Olar özünem-ä bilenokdylar....

Men ýollara seçip gitdim gözýaşlam
Päklik, ynam, yhlas üçin köýdüler.
Agladylar ölen söýgimiň ýasyn,
Örän sadadylar, ýönekeýdiler.....

Men ýollara seçip gitdim gözýaşym
..............................................................
..............................................................

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 142 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Söýgimiziñ şaýady / Goşgular - 07.02.2021
"Men goşgy ýazmaryn" / Goşgular - 15.07.2021
Dostum / Goşgular - 25.03.2021
Diýebilmediklerim / Goşgular - 02.06.2021
“Meň bagtymy gören çilim otlasyn...” / Goşgular - 28.03.2021
Redaktor bilen düýşdäki söhbet / Goşgular - 18.03.2021
Аlysda galan çagalyk / Goşgular - 30.03.2021
"Ägirt heñ bar ýumruk ýaly ýürekde..." / Goşgular - 11.04.2021
Araba / Goşgular - 29.03.2021
Arzuw / Goşgular - 12.03.2021



Всего комментариев: 13
0
13 Hyýalkeş   [Материал]
Mesele aýdyñ, Şeker Nepesowa. :)
(ejemiñ köp gaýtalaýan sözlerinden)

0
10 Hyýalkeş   [Материал]
@Haweran, gutlaýan sadalykda meni geçipsiñiz. Men welin size ýedi derýañ suwun içen köpbilmişsiñiz öýdüp ýördüm :)

0
11 Haweran   [Материал]
Meniñ bar bilýänim, gözümi açyp görenjäm obamyzy ikä bölüp geçýän Sumbar derýasy we oña diñe ýaz aýlary goşulýan derämiziñ çaýy :)
Hem diñe dagyñ çeşme suwuny içip ulaldym. O ýeke derýamyzyñ suwunam diñe mal-garalary we ekinlerimizi suwarmak ü.n ulanýarys.

0
12 Haweran   [Материал]
Mysalym gödegräk bolmagy mümkin, göwnüñe alma, jigim. Ýöne görmedik, tanamadyk (hatda görüp-tanap ýörenem bolsañ!) kimdir biri hakynda özüñçe netije çykarma (dilden-dile aýdylýan häsiýetlendirmelere ynanma). Şeýle hadys bar, bu hadys biziñ döwrümiziñ sosial jemgyýetçilik we adam gatnaşyklaryna aýna tutýan, biziñ döwrümiziñ adamlarynyñ psihologiýasyny seljermekde, özümizi özümiz terbiýelemekde, kämilleşdirmekde iñ gowy gollanma bolsa gerek:

Bir gün Allanyñ we pygamberimiziñ duşmany, lagnaty Ebu Jehil gelip pygamberimize (s.a.w):
- Sen nähili betnyşan! Şu dünýäde senden betnyşan adam görmedim - diýipdir.
Pygamberimiz gatyrganjagam bolmandyr. Gaýtam:
- Dogry aýdýañ - diýipdir.
Şol wagtam geçip barýan Ebu Bekir añyrdan çalt-çaltdan we mähirli ýöräp gelip:
- Ýa Muhammet! Bu dünýäde sizden ýagşy ynsan görmedim. Size seretdigimçe içime huzur dolýar - diýipdir.
Pygamberimiz oña-da:
- Dogry aýdýañ - diýipdir.
Sahabadan biri sorapdyr:
- Ýa Resulalla! Ebu Jehil geldi, agzyna geleni diýdi, "dogry aýdýañ" diýdiñ. Ebu Bekir geldi, siziñ ýagşy gylykly ynsandygyñyzy aýtdy, oña-da "dogry aýdýañ" diýdiñ. Munuñ hikmeti nämede?
Pygamberimiziñ şonda beren jogaby biziñ hemmämize, bütin adamzada we adamzat durmuşynyñ hemme döwrüne iñ gowy signaly berýär:
- Adamyñ özi nähili bolsa, garşysyndakynam şolar ýalydyr öýder. Men Allanyñ döreden aýnasy ýaly bir zat. Ebu Jehil seretdi, özüni gördi. Ebu Bekir seretdi, olam özüni gördi.


Biziñ hemmämiz biri-birimiziñ aýnasydyrys!
Suýy-zandan (gümandan) gaça duralyñ.

0
6 Bilbil   [Материал]
Düýn atamöýmüze baramda siziň goşgularyňyzy ejeme okap berdim. Olam gözlerine ýaş aýlap diýen ýaly diňledi. (Ýürege täsirini ýetirip bilýän goşgular şeýle bolýan bolmaly) Hemem bagtly bolmagyňy diledi.
Tüweleme Suraý! Goşgylaryň juda gowy!

0
7 Haweran   [Материал]
Asyl siz gelnejediñizmi? :)

0
8 Haweran   [Материал]
Aydan yagşy arzuw-dilegleriñize menem goşulýaryn.

0
9 Aksary   [Материал]
Kimdir biriniñ biografiýasyny özünden soraşman şu saýtda galdyrsam damagym kesip ganym derýa akdyraýarlarmyka? :)

0
5 Sergezzan   [Материал]
Söýgä berilmek, bu soygu dal.

0
4 mango   [Материал]
"Dogry men beýik däl, Bolman geçeýin" diýeňsoň aşakda:
"Öz dünýämde şa gyzy men, beýleki (dünýälerden mäňä nä?)" diýersiň öýtdüm welin, suraý hanym agressiw däl-de progressiwlik bilen "...beýleki ...dünýäleriň şalygyn nädem?" diýip gowy häsiýetiňi aýan etdiň.
düşündirip bildimmi....
"bolman geçeýindäki" öýke-kine-gahar alamatlary soňky "maňa degişli däl dünýäleriň baýlygynda-şalygynda gözüm ýok" diýeniňde başdaky öýke-kine-gahar alamatlary ýom-ýok bolýar.... gowy.
---
Bagt tapylmaýar özge ýerlerden,
Bagt her ynsanyň köňlünden gelýär.


owadan, nakyl ýaly manyly, hemem dogry....
ýöne.... meniň köňlümiň bagty helsinkide ýaşaýan bolsa, ol bagtyma gowuşmak üçin özge ýerlere-de gitmeli bolar. we ol sowuk ülkede, özge ýerde mähirli bagtymy taparyn.... (hyýal edip aýdýan, men eýýäm bagtymy tapan biri :-))
garaz bagtyňyza gowuşmakda hiç zat päsgel bolmasyn.
suraý hanym, sen bagtly bol bizem bagtyýar bolaly.

0
3 Aksary   [Материал]
Goşga bakaýyn diýseñ 17-nji ýylda ýazylana seretseñizle

"Bagt tapylmaýar özge ýerlerden"
Muhammet pygambermiziñ "ýakynda barka uzaga gitme" diýişi ýaly, durudan çuñ temany gozgap dur, siziñ goşgylaryñyzyñ içinde iñ gowsy şudur, belki başga-da bardyr, garaşyas, ömrüñ bolsun.

0
2 Haweran   [Материал]
Jemlemäni görseñizläñ. Söz bilen şekili utgaşdyrybam şeýle gowy goşgulary ýazsañ bolýar. Iñ sonky setiriñ yzyndaky köp nokatlar uzyn saçyny ýaýyp sermisal halda barýan gyzyñ seçelenip barýan gözýaşy çisñäp ýagýan ýagyşy göz öñüñde janlandyrýar.

0
1 Gumlygelin   [Материал]
Söýüp bilýän adamyñ gozýaşy... Oña söýüp bilmeýänler düşünmese gerek. Tüweleme Suraý!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]