21:16
Men söýgi hakynda ýazyp bilmerin
MEN SÖÝGI HAKYNDA ÝAZYP BILMERIN

Ne beýle çal yşksyzlygyň dünýäsi,
Ne beýle hal yşksyzlaryň dünýäsi!
Ýüregimden akmasa yşk derýasy,
Men söýgi hakynda ýazyp bilmerin.

Manyly günleriň lezzeti başga,
Köňlüm çalym etsin Arşyýa köşge,
Başarmasa eger öwrülip yşka,
Men söýgi hakynda ýazyp bilmerin.

Men bir köne gaýyk, elimde kürek,
Ýüregiň höwesin aňlamak gerek,
Kim bilýär, eger-de garrasa ýürek,
Men söýgi hakynda ýazyp bilmerin.

Al öwüsmez bu ýaşymda ýaňagym,
Gaçmasa bor elden nika ýüzügim,
Ölen bolsa özüm däl-de, ýüregim,
Men söýgi hakynda ýazyp bilmerin.

Yşky hum içinden gözlejek bolsam,
Ýarymyň ýüregin görmejek bolsam,
Eger syrlarymy gizlejek bolsam,
Men söýgi hakynda ýazyp bilmerin.

Ogultäç ORAZTAGANOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 98 | Добавил: Nurdan | Теги: Ogultäç Oraztaganowa | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"С моею царственной мечтой..." / Goşgular - 26.01.2022
Çigit satýan oglanjyk / Goşgular - 22.02.2022
Финская мелодия / Goşgular - 24.01.2022
Яблоки / Goşgular - 22.01.2022
Сначала страдать / Goşgular - 25.02.2022
То одно, то другое / Goşgular - 19.02.2022
Потомки / Goşgular - 23.02.2022
Березка в Освенциме / Goşgular - 22.02.2022
Ýyllar / Goşgular - 04.01.2022
Tötänlik / Goşgular - 12.01.2022



Всего комментариев: 1
0
1 Garayolly1936   [Материал]
"Ýarymyñ ýüregin görmejek bolsam...
Men söýgi hakynda ýazyp bilmerin".
Gör, nähili mazmun we çeperçilik sazlaşygy.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]