10:53
Men, siz...
MEN, SIZ...

Galmaz dişlerimiň galdyramasy,
Köşeşmez içimde ýel deý döwkejim.
Diliňizde  syndy kalbym aýnasy,
Döwüp geçiň!
Sözden boldum men heläk,
Alyňyzam gizläp goýdum saýamda.
Saçlarymy desse-desse penjeläp,
Kebelege ýer galmady aýamda.
Aşygydym, ony uçuryp ýören,
Şoldy hyruç beren, oglanjykdym men...
Indi öz-özümi göçürip ýörün,
Sizi menzil sanyp ýoldan çykdym men.

Siziň dünýäňizde ýaşar ýalymy,
Gezjek ýollaryma gurduňyz kürüm.
Ýaşaň-da ýörüň siz tutup ýasymy,
Diridir öýtseňiz, tapyp öldüriň.

Serdar AÇYLOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 111 | Добавил: sabyrly | Теги: Serdar Açylow | Рейтинг: 3.8/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Снегопад / Goşgular - 11.01.2022
Призрак / Goşgular - 18.01.2022
Dolan käbäm! / Goşgular - 13.01.2022
Meni saklap bilermiň sen? / Goşgular - 15.01.2022
Моцарт / Goşgular - 18.01.2022
Беатриче / Goşgular - 24.01.2022
Ir säheriň oýlary / Goşgular - 18.01.2022
"Gar ýagar" / Goşgular - 08.01.2022
Söýdüm... / Goşgular - 22.01.2022
Manuskript / Goşgular - 16.01.2022



Всего комментариев: 8
0
8 Bagabat   [Материал]
– Ine, indi bildiň gerek, ýaş ýigit,
Neçün gelenimi tünüň ýarynda.
Seniň ahy-nalaň ýüregmi iýip,
Ýer tapmadym tünegimiň töründe.

Şatlykdan, begençden, ýaşlykdan ötüp,
Siz nämüçin beýle hala düşdüňiz?
Beýtmäň ahyr, işim özüme ýetik,
Meniň halys ýüregime düşdüňiz.

Juwan halyňyza gojadan beter
Çekýärsiňiz bu dünýäniň ahyny.
Her kimiň mütdedi wagtynda ýeter,
Siz bir entäk azar bermäň ahyry.

Wasp ediň ýaşaýşy, beýik şatlygy,
Gözelleriň ýelden ýeňil öýmesin.
Ýat ediň ölümi — çyn berbatlygy,
Wasp ediň çagalaň säher deý sesin...

Gurbannazar Ezizow. "Gijeki myhman".

0
7 mango   [Материал]
Diridir öýtseňiz, tapyp öldüriň.

ur diýseň öldürýäler.
öldür diýseň dagy näderler?

Gezjek ýollaryma gurduňyz kürüm.

kürüm - alakaň gazyp çykaran gumy bolany üçin:
"Gezjek ýollarymda gazdyňyz kürüm" diýeňde näder?

0
6 Raýdaş   [Материал]
Men goşgyň adyna "ýadaw inteligent" diýýän...
Gowy gördüm. Yzy üzülmesin şahyr!

0
4 Nurdan   [Материал]
"Diliňizde  syndy kalbym aýnasy,
Döwüp geçiň!
Sözden boldum men heläk,
Alyňyzam gizläp goýdum saýamda."..

Bu goşgudaky liriki gahrymanyñ (goşgudan görnüşine görä) näçe ejir çekenem bolsa, kim(ler) den ezýet çekenem bolsa, näderejede heläk bolan hem bolsa "olary" ýagny garşydaşlaryny ADAM ornunda goýup bilşi bu liriki gahrymanyñ içki dünýäsiniñ, sadalygynyñ, arassalygynyñ alamaty hasapladym..
Ýogsa bu goşgudaky ýaly ýagdaýlarda köplenç ýazýanlar "jany ýanan tañrysyna gargar" edip, içki sarsgynynda  daşyndakylary, özünden, hem goşgudaky "ýaranyndan" özgesini haýwanylaşdyryp suratlandyrgyç bolýarlar..
Kürüm sözüne öñ gabat gelmedim, kurum sözünden ýasaldymyka? Ýöne "duzak" diýmäñ ýerine, "öldüriñ"-e kapiýa üçin ulanylypdyr goşguda, kürümiñ nämedigini bilip bilmämsoñ "dogry-nädogry". sorag döretdi..

Alyñyzam -  A:lyñyzam diýilse has dogry boljak ýaly.

Awtor doganmyza üstünlik arzuw edýän.

0
5 Aksary   [Материал]
Kürüm sözi hakykatdanda jedelliräk,men pikir edýän ýagny alakanyñ hininiñ agzyna çykaran gum üýşmegi
Ýalñyşýan bolmagym ahmal,ötünç soraýan,awtora da üstünlik ýeneki goşgylarynda garaşýas,ömrüñ bolsun...

0
3 agza101   [Материал]
Okaman geçseň sessiz, okadygyňça belentden gygyrýar.
Kürüm gurmak - goşguda aýdyljak bolýan manyny berýämi, bilemok. Ýöne, mundan beýläk, şony dogry hasaplap bileris. Sebäbi goşgy güýçli.

0
2 MмС   [Материал]
Diridir öýtseňiz tapyp öldüriň.

Gowy goşgy bolupdyr. Dowamly bolsun

0
"Siziñ dünýäñizde ýaşar ýalymy "
Şu Witaligä ýaşap ýör. Ýollar açylsa uçarys öydyär

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]