09:51
Men sensiz ýaşap bilmerin!
MEN SENSİZ ÝAŞAP BILMERIN

Men sensiz ýaşap bilmerin,
Hem gülüp bilmerin sensiz.
Dolan maňa, gel dilberim,
Bilbil ýaşap bilermi gülsiz?!

Arzuwymda, ertelemde,
Diňe sen bar, diňe sen bar.
Meniň ejiz gursagymda,
Sen bilen alýan demim bar.
Dolanmasaň eger maňa,
Senden özge meň kimim bar?!

Seň adyňa uýdum her gün,
(Bilýän günä iş edenim)
Geçmişim damakda düwün,
Geç günämi gülbedenim.

Salgym umyt bolmasyn hiç,
Göwin diýlen galamyzda.
Özge biri bolmasyn hiç,
Gel dolanaý, aramyzda!!!

Perman HANGYLYJOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 92 | Добавил: permanh2206 | Теги: Perman Halgylyjow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Seni göresim gelýär..." / Goşgular - 05.01.2022
Köwşüm / Goşgular - 15.01.2022
Däliniň aýdymy / Goşgular - 13.01.2022
Ahmyr! / Goşgular - 08.01.2022
Офицерские жены / Goşgular - 11.01.2022
Песнь Смерти / Goşgular - 15.01.2022
Bäbejik / Goşgular - 12.01.2022
Mähriban / Goşgular - 07.01.2022
Dünýäde şeýleräk adamlaram kän / Goşgular - 12.01.2022
Sag bolsa bolýar / Goşgular - 16.01.2022



Всего комментариев: 6
0
6 MмС   [Материал]
Häzirki zaman estrada ýyldyzlaryna gowy aýdymlyk sözler.

0
5 permanh2206   [Материал]
Sagboluň belliklerňize. Henize çen oz ustimde iŝlemegi dowam edyan

0
4 Hyýalkeş   [Материал]
Egri oturyp dogry gürleşeliñ, Perman awtor. Bilbil bilen gül dessanlardan, klassyk edebiýatdan bäri ulanylyp, ulanylyp leji çykan deñeşdirme. Maña biri "Sen gül, men bilbil" diýse, daşymdan-a dymýan, içimdenem "Ýykdyñ-aý bilbiliñ bilen" diýýän :)
Elgaraz, şunuñ ýaly kän ulanylýan pikirlerden daşda durjak bolmaly. Täzeçe pikir gözlemeli. Goşgy barada umuman aýtsam, çuñ pikir ýok. Muny ýöne ýaraşjak bolýan gyzyñyza okap berseñiz, has peýdaly bolar. (Eger goşga düşünýän bolsa, oña-da kän täsir etmez...)
Gaty görmersiñiz-dä hernä. Üstünlik arzuw edýän.

0
3 permanh2206   [Материал]
Başyny okap sonraga yetiberende bagşlar belkem.

0
2 Sergezzan   [Материал]
Öziňem goş, özünem goş, özgänem goş. Söýgü paýlaşdygyňça köpelyän zat ahbetin )

0
1 mango   [Материал]
ýalbaryp, ýalbaryp, ahyram "özge biri" bilen gorkuzjak bolýaňmy, perman daýy.
"Özge biri bolmasyn hiç, Gel dolanaý, aramyzda!!!"
"ýaraşmagyň ýerine eýýäm özge biri bilen meň ýerimi garantiýalaýaňmy?" diýse näme diýjek?

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]