05:31
"Men seniň şahyryň, halkym..."
"MEN SENIŇ ŞAHYRYŇ, HALKYM..."

Men seniň şahyryň, halkym.
Ýalan söz geçginli wagty,
Ýalan sözlemekden gorkup,
Gürlemän gysdym dişimi.
Niçe ýyldyr gyra çykyp,
Maýda bähbidime bakman,
Etdim etmeli işimi.

Men seniň şahyryň, halkym.
Derdiňe ýaranjak bolup,
Döwrüm bilen boldum men jet.
Diýdim: “Men ýalan sözlesem,
Ol çyna berimsiz bolup,
Il-gün ynanaýsa nätjek?"

Bir zada ýetip dur gözüm:
Bary-ýogy oýnam sözden
Ýasalypdy bar aždarha.
Men seniň şahyryň, halkym,
Şoňa ynanýaryn, daşym
Çolaryp barsa-da barha...

Orazgylyç ÇARYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 45 | Добавил: Mähriban | Теги: Orazgylyç Çaryýew | Рейтинг: 3.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Watan / Goşgular - 25.03.2021
Gapy kakýan ýok! / Goşgular - 16.03.2021
Ümsümlik we sen / Goşgular - 10.04.2021
Ogluma / Goşgular - 15.03.2021
Wagt hem söýgi / Goşgular - 08.02.2021
Sen maňa dymma diýme!.. / Goşgular - 10.02.2021
Şeýle gerek?! / Goşgular - 01.03.2021
Perzent / Goşgular - 20.03.2021
Bir söz / Goşgular - 10.02.2021
Tebil / goşgular / Goşgular - 09.02.2021



Всего комментариев: 1
0
Yaşap nusga görkezýan adam. Käşgä köpräk bolsady şeyle şahyrlar

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]