23:35
"Men seni söýýän" ýa-da Massimus dueliñ öñ ýanynda
"MEN SENI SÖÝÝÄN" ÝA-DA MASSIMUS DUELIÑ ÖÑ ÝANYNDA

Elbetde ol günlerem aladasyz däldi. Bar okuw we ondaky ýüregimiň eýesi hakyndady. Bir güni Rozanyň boýdaşy maňa:
- Massimus saňa bir täzeligim bar diýdi.
- Gowy täzelikmi?
- Gaty gowam däl.
- Aýt hany.
- Aýtsam, bir klas uly Şageldi bara.
- Howwa.
- Şo Roza hat ýazypdyr.
- Näme diýip?
- Öýdäki sygryňy satjakmy? diýip.
- Näme sygyr?
- Sen sygyr, boşa galaýma diýýän, ol Roza söýüşeli diýipdir, Rozada öň hat gelse ýyrtýady, muny welin emaý bilen jübüsine salyp gyssanyp çykyp gitdi.
- Gyssanyp çykyp giden bolsa bu kagyz oňa gerek , onsaňam kagyz ýyrtyp ýörenden ony peýdalyrak zada ulananyň gowy.
- Roza maňa ol oglan gaty dogumly, hiç kim onuň göwnüne degip bilenok, ol menem ömürbaky gorar diýýär. Şoň üçinem sen ol oglany ýoluňdan aýyrmaly, nädibem bolsa.
Nädibem bolsa ony ýolumdan aýyrmaly, ýöne nädip? Gaýga çümüp otyrkam klasdaşym Saşka geldi.
- Massimus keýpiň ýokla ýa Real Ýunaýted ýene utulaýdymy?
- Real Madrid how.
- Aý şol birtopar türsikli ylgaýanlarda.
- Maňa kömegiň gerek Saş.
- Futbol göreli bir diýme, galan zada taýyn.
- Onda maňa durmuşa çykarmyň?
-Klasdaşlar bilen goşdy goşdy edip seni Gollandiýa ugratmaly öýdýän dost?
- Näme üçin?
- Türsikliler bilen bile ylgar ýaly.
- Ikimiz dost gerek?
- Puluma ýok öňki 2 müň manadyňam bereňok entek.
- Seň 2 müň manadyň 5 ýyldan 40 teňňe bolar dost şonda beräýerin. Häzir ikimiz birini ýok etmeli dost.Erkegeý dost, direktorymy, hol gün meni urany üçinmi, haçan, nirde aýyrýas, bölekläp ite bermeli ony, aý ýok ony item iýmeýäleý, durşuna wirus ol.
- Şageldi bara 9-lardaky şony ýitirmeli.
- Şageldi kaçokmy? Killer ugradaýsanaý pulunyň ýaryny töleşeýin. Men gana bolamok dost, ýüregim ejiz leçeniýe alyp ýörin, guragyrym bar, ginekologiýadan başga hemme kabinetde hasapda durun.
- Ony odin-odina çagyrsam nädýä?
- Daş bolýa, gel seň bilen surata düşeýinle dost?
- Näme üçin.
- Sebäbi uruşdan soň seň bu ýüzüňä bolmaz. Uruşmankaň 5 minut öňünden skora jaň et, birden ýetişibilmän ýörmesinler, soň täze alan jalbaryňy maňa goýaýda, tüýs razmerimdä dost.
Saşka we beýleki klasdaş oglanlar bilen mekdepdäki 9B ýazylan klasa bardyk. Şageldini çagyrdym, ol özüniň daýaw göwresini güjeňläp klasdan çykdy. Ýanynda-da hemme ýerde onuň öwgüsini ýetirýän, ony mekdebiň karolyna öwüren nökerleri. Şageldini täzeden eredip guýsaň men ýalydan 2,5-y çykar, her eli dagy meň aýagym ýaly. Gele gelmän maňa herreldi.
- Näme Massimus ýürek iýipsiň öýdýän?Ýanyndakylaram aýdyp gutarmanka gülýäler, olarada kyn.
- Sen erkekmi?
- Maňa diýýäňmi?
- Erkekmi sen?
- Eý seni nämedip nämederinow düşündiňmi?
- Sen erkekmi diýýän? Şol wagt Saşka gulagymyň ýanynda pyşyrdap: soragy üýtgedäý dost, eýýäm 3 gezek soradyň.
- Sen janyňdan doýduňmy Massimus, häý sen ejeň, kakaň barada pikir et.
Seň kelläňe sim bilen urlan ýalylaý. Agzyňa eýe bol bolmasa agzyň agyrar.
- Men seni okuwdan soň Garlyň mal ýatagynyň ýanyndaky urşulýan ýere çagyrýan, gel erkek bol, gaçyp gidäýseň seni ýeriň teýinden bolsa-da taparyn düşündiňmi?
Ömründe beýle garşylyga uçramadyk oglan özüni ýitirdi, gözleri howsalalydy, ondan ejizem bolsam 1-nji raundda söz, göz uruşdyrmakda ony ýeňipdim. Onuň sesi howsalaly we naýynjar çykdy.
- Massimus men saňa näme etdim dost, düşündirä.
- Galanyny mal ýatagyň ýanynda düşündirerin, sen şonsuzam köp zat bildiň.
Meň pahotkam üýtgäpdi, Ýöreýşim Fransiýany basyp alan Saşa Makedonskiýden kem däldi. Men dünýäň eýesi Gitlerdim, 50 gyrnagyň arasynda ýaşaýan Ýuliý Sezardym, men adam iýýän Gannibaldym, soňuny bulaşdyryp ugradym, meşhurlygam hemme göterip bilmeýän eken. Klasdaş oglanlarym meni ýerde gökde goýman öwüp gelýärler, olaryň käbirine jogap berýädim, käbirlerine ünsem bermeýärdim. Olar men ýaly ýyldyzdan gaty görenokdylar. Biri maňa: Geraklyň aňyrsy türkmen bolanmyş, ol özünden näçe esse güýçli duşmanlary ýeňenmiş, senem şo tohumdan öýdýän dost diýdi. Ýene biri maňa bagyşlap goşgy düzüp gelýärdi.

Massimusum, Massimus,
Sen biz üçin Aerobus,
Abraýyňy ölçesem,
Çykar dört, bäş awtobus.


Biri aýdym aýdyp gelýär:

Maňa diňe Massimus gerek gelmezmiň,
Sensiz bary biderek dostum bilmezmiň.


Öz klasymyzyň gapysyna geldim, hemmeler içeri girdi, men bir özüm daşynda galdym. Ýyldyzlar biraz gijiräk girmeli, goý olar Roza meň edermenligim barada gürrüň bersinler. Goý ol meň gapymy açmagyma sabyrsyzlyk bilen garaşsyn. Gapyny açandan gujagyny açyp maňa ylgasyn. Öz ýanymdan göz öňüme getirýärdim. Men Rozany öýde-de ýeke wagtym kän göz öňüme getirýärdim. Şoň üçin öýde ýeke galmazlyga çalyşýadym.
Häzir bolsa men gapyny açýan olam maňa tarap ýöreýär, hemme gyzlar el çarpýar, hemme gyzlaň Roza gözi gidýär. Oň egninde şol kinodaky köýnek, kellesinde şol meşhur şlýapa, klasyň aýnalary açyk ondan okeanyň sesi gelýär. Men ýuwaşlyk bilen onuň elinden tutýan, ikimiz bile äpişgä münýäs, ol ellerini iki ýana açýar, men bolsa ony gujaklaýan, okeanyň owadandygyny, Roza şol Roza meňzeýär, ýöne men Jege kän meňzämokdym, men başgaça owadandym. Sözsiz söýgi filminde Şahrugyň owadan bolup düşen suratyny Madhura ugradýan Raja bar-a, şo kopiýa men-dä. Ýöne bize hiç zat päsgel berip bilenok, Biz okeana seredip uzaklara ýüzüp barýas...

Maksat ESENOW.





Просмотров: 76 | Добавил: Aksary | Теги: Maksat Esenow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]