21:33 ...Men seni söýmedim görmegiň üçin | |
...MEN SENI SÖÝMEDIM GÖRMEGIÑ ÜÇIN Göwnün tapjak bolup geçegçi günleň, Ýalan dünýäň ýanan umydyn dörme. Men seni söýmedim görmegiň üçin, Gerek däl, artykmaç bezenip ýörme. Gijäň gara saçyn daranda ak Aý, Yşk kölüňde ýüzsem,bolup men guwwas. Men seni söýmedim gözleriň üçin, Kirpikleň kürek bor, gollarma kuwwat. Sözleriň söýgime bakylyk berer. Kalbymda düşlände yşkyň durnasy, Men seni söýmedim sözleriň üçin, Söýgiňdendir günleñ gülüp durmasy. ...Men seni söýmedim görmegiñ üçin, Men seni söýmedim gözleriň üçin, Men seni söýmedim sözleriň üçin, Söýdüm diňe SENI söýenim üçin, Söýdüm diňe meni söýmegiñ üçin! Nury SAKÇYÝEW. Makalaň çapa çykan ýyly: 2021 ýyl Makalaň metbugat çeşmesi: "Garagum" žurnalynyň 7-nji sany | |
|
√ Как падший ангел / Goşgular - 04.02.2022 |
√ Бессмертие / Goşgular - 17.02.2022 |
√ Беатриче / Goşgular - 24.01.2022 |
√ Алоэ / Goşgular - 18.01.2022 |
√ Мазурка Шопена / Goşgular - 11.01.2022 |
√ Güýmenje / Goşgular - 26.01.2022 |
√ Моя звезда / Goşgular - 15.01.2022 |
√ Выходец из могилы / Goşgular - 26.02.2022 |
√ Ýyl täzelenýär / Goşgular - 07.01.2022 |
√ Ukudan oýanmak ýa-da Jentlmene telegramma / Goşgular - 23.02.2022 |
Всего комментариев: 0 | |