10:23
Men senden gitdim
MEN SENDEN GITDIM

Ýarygije itler-guşlar uklanda,
Men senden gitdim.
Dönüp tüneksiz ykmanda,
Men senden gitdim.

Başymy, aýagmy, saçymy alyp,
Men senden gitdim.
Güldandaky gülleň üçüsin alyp,
Men senden gitdim.

Bilmän nirä barjagymy,
Men senden gitdim.
Agladyp garran gurjagmy,
Men senden gitdim.

Barara öýüm ýok,
Neýläýin, gitdim.
Özbaşdak täleýim ýok,
Şonda-da gitdim.

Giden gaýdyp gelmese-de,
Men senden gitdim.
..Gidesim gelmese-de...
Gitdim...

✏️ Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 258 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gije motiwleri / Goşgular - 12.02.2021
Ýene-de bir owadan goşgy / Goşgular - 20.03.2021
Sensiz / Goşgular - 10.04.2021
Ýokarky gatdan seredilip ýazylan goşgy / Goşgular - 11.02.2021
Redaktor bilen düýşdäki söhbet / Goşgular - 18.03.2021
Babyrdan 40 gazal -2 / Goşgular - 03.02.2021
Guwlar geçýär amman-amman... / Goşgular - 07.02.2021
"Atsyz bolar eken zyýat şygyrlar..." / Goşgular - 21.03.2021
Sen maňa dymma diýme!.. / Goşgular - 10.02.2021
Arzuw / Goşgular - 23.03.2021



Всего комментариев: 23
0
23 Sergezzan   [Материал]

0
22 Sergezzan   [Материал]
Bu dünye bir synagmyş. Hudaýyň bendesini synamagnyn manysy name? Nama gerek synag? Eysem sen öz dogran cagaň eden etmişi ucin ebedi oda yakarmydyn? Yakmazdyn. Yöne in kamil, in mähriban Taňry buny başaryan eken. Ya hä sizin ynanjyňyzda, diniňizde bir terslik bar, ya'da Hudayda. Hudayda beyle terslik bolmajagna göra, onda dinde bir terslik bar. Eger Huday bar bolsa, onda ol beyle zatlardan juda päk bolaymasa.

0
21 Sergezzan   [Материал]
Ya'da ine meniň Garry Enem, ol eyyam 95 yaşynda, yöne weli ölümden öler yaly gorkyar. Haçan nähili öleňde tapawudy name, netijede nace yaşasagam doganyn depeyniň durmuşunda yaşamakdan doyman ölyas.

0
20 Sergezzan   [Материал]
Meniň Sona yaly dönik soygulim bolman, eysem Hyýalkeş yaly oňat soygulim bolanda name, yeri name uytgeyar? Birisi aňry baş dönük bolsa, beylekisi azyrak dönuk. Netijede her ikisi hem öz derejesine göra dönuk.

0
19 Sergezzan   [Материал]
Ine goňşy gelin Eneş hem baryp yatan Loly. Her gije ärini ukladyp, oýnaşynka gityanlerden. Buny uly il bilsede äri aň etmeyar. Är diyip yorenem haywan yaly bir zat. Ya'da ine ärine juda wepaly Jeren, ol ärini mizde soysede hacanda ari bir betbagytcylyga ucurap ayaksyz galdy weli, name ucindir Jeren heniz onyn ayagy barka ölip ocip barşy yaly olip ocip barmady

0
18 Sergezzan   [Материал]
Ya hä haywan yaly hic zada aň etman yaşamaly, ya'da däli derwüş bolup hakyn ugrynda kaňkap yörmeli. Item adamdan müň esse bagtly bolaymasa, olar özlerne name garaşyanyny bilmeyar.

0
17 Sergezzan   [Материал]
Adamzadyň ömri kösencden başgazadyn özi dal. Şükür etmegem, umytda bolmagam görgü görmegi gijikdirmek yaly bir zat. Sagaman öleylin

0
16 Hyýalkeş   [Материал]
Ony admin goşmaly .Elektron poçta döredinmeseñ kän ýerde kösenersiñ.Gaýta pdf görnüşüni alda islän wagtyñ okada otur.

0
15 Sergezzan   [Материал]
Elektron poçta yok mende. Sen Awtorlara goşulda şu yer pylcayda name. Senem ylymyn yüregni yaranlardan, name un awtor bolanok?

0
14 Hyýalkeş   [Материал]
Ak gämiñ menem bir ujundan seredip başlabilmedim.Eser göni bir seredeñde özüni bildiräýýädä.
Jemile gaty gowydyr.Okanyña degýändir.Elektron poçtañy ýaz şu ýere ugradaýyn.

0
13 Sergezzan   [Материал]
Rap sungaty barada hem tema acmaly. Turkmenin Syke Dali yaly agirti barka yatlamazlyk mumkin dal

0
12 Sergezzan   [Материал]
Barynyz birden öldunizmi?

0
11 Sergezzan   [Материал]
Aý bir hili öwdülerda, onsaň okasym tutdy. Cingizin Ak gamisina okap bilmedim, halamadym. Jemelede şoňňalak boljak bolsa gumune gitsinle

0
10 Hyýalkeş   [Материал]
Hormatly sergezdan doganjygym!
1.Kril elipbiýinde diýýän pdf diýýän welin goýaý diýýäñ.
Krilde nädip goýaýyn?
2.Mende mowzuk döretme hukugy ýok.
3.Šu wagta çenli jemiläni okaman näme işlediñ?:)
4.Jemiläni nätjekdiñ?Oñ bir adamsy birem söýgülisi bar.Saña gelmez.Bagtyñy başga ýerden gözle.:)
5.Juda isleýän bolsañ okamagy elektron poçtañy aýt,ugradyp bereýin.

0
9 Sergezzan   [Материал]
Hyýalkeş, şu yere goysana okaly

0
8 Hyýalkeş   [Материал]
"Jemiläñ"pdf görnüşi bar mende.Ýöne krilissada ýazylan.Bu bir kitap bolup içinde bašga da bir iki sany powest bar öydyän

0
7 Hаwеrаn   [Материал]
@Sergezdan, "Jemiläniñ" fotokopiýa edileni bar, pdf ýa-da word wariantda göcürileni yok, şo sebäpden goýup bilemok, gynanmañ. Göcürip ugratmalaryna ya goymalaryna garaşyarys yöne ))

0
6 Hаwеrаn   [Материал]
Ýöne Suraýyñ bu goşgusy ondan has gowy.

0
5 Sergezzan   [Материал]
Haweran gardaş, Cengiz Aytmatowyn Jemilesini goysanan şu yere

0
4 Hаwеrаn   [Материал]
Enejan Nurmyradowamy nämemi, maryly ýene biri bolmaly şuña meñzeş dežurny goşgusy bardy "Men senden gecdim" diýip )

0
3 myhman   [Материал]
erbet dälje ýazylypdyr.

ýaman geň, garmaşyk duýgular.

gitsede, goşguda hiç hili gahar duýgusy ýok eken-aý, malades.

näme üçinler (liriki gahrymana)

näme üçin ýarygije (ýa gaşdyňmy)?
näme üçin üç sany gül (ýa göçme manydamy (çagalarmy))?
näme üçin gurjak garry (gurjagyň garramagyny, aglamagyny haladym)
näme üçin aglaýa (ýa olam bir yşaratmy)
näme üçin gitdiň. onda-da barara öýüň ýokka, gidesiň gelmeýäkä.

0
Muny yywaşja aydym edip aydaysañ

0
1 mango   [Материал]
gideniňi däl-de tehnikaňy haladym.

Başymy, aýagmy, saçymy alyp,
Men senden gitdim.
Güldandaky gülleň üçüsin alyp,
Men senden gitdim.

"başyny alyp gitdi" diýilýänini eşitdim.
ine Suraý hanymdan onuň ösdürilen wariantynam eşitdim: "Başymy, aýagmy, saçymy alyp gitdim".
ol üç gülem - owadan detal.
berekella.
"agladylan garran gurjagam" özbaşyna bir hekaýa...
---
bäşş ýyzzyl,

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]