04:31
Men saňa kän zady öwredip bilmen

MEN SAŇA KÄN ZADY ÖWREDIP BILMEN

Men saňa kän zady öwredip bilmen,
Ýörejek ýoluňa bolsam-da çelgi.
Küşdüň tagtasy deý tekiz däl ahyr,
Bu uzak ýollaryň syrly göçümi.

Ynha birden synçy nazarlam,
Bir nokada dikip galaýsam gussa,
Käte soraglarňy jogaplap bilmän,
Barja zady bilip duran ejeňi,
Geňleme dymsa.

Boýuňa dönenim,
Sen diýýäň ýene.
"Eje, saçlarymy örüp bersene!.."
Meleje gulpakly, gül ysly gyzym,
Biz munda ýaşaýan, gülýän bolsagam,
Bu barlyk,
Bu durmuş,
Ählije zatlar.
Saçlaň örümi deý aňsatjak däl-ä...

* * * *

▪︎ÝALŇYŞLYK

Ümsümlik...
Başlanýar dumuş.
Daşyndan sertseň kiçijek sahna.
Şeýle bir talapkär synçy nazarlaň,
Öňünde durun.

Ýene-de birnäçe sorag-jogaplar,
Kakuw, perde, sazlaşykly ritm,
Duýman galýan sazly dünýä siňýänim.
Diýýänsiň içiňden "Bu şeýle täsin"
Kakuwlar bildirmez perdäň ýalňyşyn,
(Göräýmäne aňsat ýaly ähli zat)

Ýöne sägineniň duýman galarsyň,
Ýekeje heňe,
Owaza garylan mähriban söze,
Birden bar sazlaşyk dymýan ekeni.
Bozulýar ritm saklanýar perde,
Tolgunmak. Ýalňyşlyk.
"Mugallym" deregine
"Eje. Wiý..."

Bilbil KAKABAÝEWA

Категория: Goşgular | Просмотров: 61 | Добавил: Bilbil | Теги: Bilbil Kakabaýewa | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 3
0
3 Bilbil   [Материал]
Köp sag boluň, Suraý. Taňryýalkasyn! Seniňem ylhamyň joşgunly, galamyň ýiti bolsun!

@mango size-de köp sag boluň! Degerli bellikleriňiz üçin köp minnetdarlygymy bildirýän.

1
2 mango   [Материал]
Bilbil hanym, berekella.
gowy goşgular.
---
Küşdüň tagtasy deý tekiz däl ahyr,
Bu uzak ýollaryň syrly göçümi.
-diýeňde (agzamasaňam) ol küşt tagtasynyň akly-garaly öýjükleri hyýalyma gelip gitdi.
--
"ýalňyşlygam" original bolupdyr.
biraz saz mekdebine-de gatnadyňmyka?
---
birinji goşgudan: "Ynha birden synçy nazarlam / Bir nokada dikip galaýsam gussa".
ikinji goşgudan: "Şeýle bir talapkär synçy nazarlaň / Öňünde durun."

her kimiň öz "elipbiýi" bar (elipbiýsizlerem kän)... indi kimdir biri "synçy nazary" ulanaýsa Bilbil hanym ýada düşer.
goşgularyňy haladym...
döredip dur.

0
1 Mähriban   [Материал]
Berekella, Bilbil! Dowamy gür bolsun!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]