18:00
Men şahyr bolarynmy? / satiriki hekaýa
MEN ŞAHYR BOLARYNMY?

Uniwersitetde okaýarkam ýakyndan gatnaşýan dostlarymyň hemmesi goşgy goşýardy. Aňrybaş şahyr bolmasalaram, «Geljegine umyt baglanylýan» diýilýänlerdendi. Ýeke men şahyr däldim. Oňa-da namys edýärdim. Olar täze goşgularyny okaşanlarynda diňläp hezil edýänem bolsam, özümiň olarça ýokdugym üçin, özümi ýere pylçap uruberesim gelýärdi. Şonuň üçin aram-aram oturyp goşgy ýazmaga synanyşýardym. Käýarym birde-ikide owazlyja setirler döreýärdi-de, soň yzy bolman, kösemek köseýärdi. Oňa-da bolmajym bolup, öz-özüme: «Seniň olardan nämäň kem? El-aýagyň ýerinde, göwräňem olaryňkydan esli uly. Kelläňem gazan ýaly, olaryňkydan uly bolmasa, kiçi däl. Onuň içi boş diýibem boljak däl. Sebäbi okuwda alynýan bahalar hemişe-de olaryňkydan ýokary. Onda näme olarça goşgy ýazyp bileňok?» diýip, käýinip içimi sowadýardym.
Dogrudanam, dostlarymdan asla kem ýerim ýokdy. Tersine, käbir artykmaçlygym bardy. Olar meniň ýatkeşligime haýran galýardylar. Gaty kän goşgulary ýatdan bilýärdim. Mollanepesiň, Keminäniň yşky temadaky goşgularyn-a doly ýat bekläpdim. Sesimem owadandy. Dostlarymyň ýanynda ýat beklän goşgularymy aýdyp berenimde gözleri giderdi. «Şunuň ýady ýaly ýadymyz, sesi ýaly sesimiz bolanda, biz bireýýäm adygan şahyr bolaýmaly» diýşerdiler. Men welin, olardan şeýle artykmaçlygym bolsada, goşgy goşup bilemokdym. Şu ýatkeşligimiň, şu owadan sesimiň üstesine şahyram bolaýanlygymda dostlarymyň deňinden geçip ötägitjegime ynamym uludy. Ana, şol ynamam maňa goşgy ýazmaga synanyşygymy endige öwürdi. Her näçe endik edenem bolsam, dört setiriň başyny ençe gezekler çatanam bolsam, «Ine, goşgy ýazdym» diýip, ile görkezer ýaly döreden zadym bolmandy. Şeýle-de bolsa, şahyr bolmak arzuwy menden ara açybermedi.
Ahyry bir gün şol şahyr dostlarymyň birinden:
— Goşgy ýazmak üçin, ilkinji nobatda, näme etmeli? — diýip soradym. Ol ýylgyryp:
— Näme, goşgy ýazasyň gelýärmi? — diýdi.
— Hawa, ýazasym gelýär.
— Goşgy ýazasyň gelse, ilkinji etmeli zadyň pikiriň dury, şähdiň açyk bolmaly.
— Pikiriňi durlap, şähdiňi açmak üçinem-ä bir zatlar etmelidir?
— Hawa-la, onuň üçin köpräk açyk howada gezim etmeli. Oňarsaň daga-düze çykmaly.
— Şeýtseň döredip bolýarmy?
— Biz-ä şeýdenimizde kellämize hoş owazly setiriň özi geliberýär.
— Bä-ä, ol-a juda kyn zadam däl ekeni. Menem şeýtsem goşgy goşup bilermikäm
Ol göwnüm üçin etdimi ýa-da oňaraýjagyma ynandymy, biragyz söz bilen gop berip goýberdi.
— Seniň beýle köp goşgyny ýat bekläp ýörşüňe, şu wagta çenli şahyr bolmaýşyňa men haýran.
Ana, şol gürrüňden soň birgün pursat döredi-de, sähra tarap eňdim. Dogrudanam, dostum dogry aýdypdyr, sähra pikiriňi durlap, şähdiňi açýan ekeni. Sähranyň çetinden girenimden, aýdyma zowladyberesim geldi. Pikirimi durlap, aýlanyp ýörşüme kellede edil şahyrlaryňky ýaly birki sany bendem döredi. Barýan ýerim eliň aýasy ýaly tekiz, otluk ýer bolansoň, pikirimi has durlamak üçin gözlerimem berk ýumdum. Şo halda ýaňy bir bäş-alty ädim ädenimdenem, gulagyma elhenç haşşyldy eşidildi. Gözümi açsam, bir ädim öňümde ýogynlygy çaganyň bilegi ýaly kepjebaş ýarty göwresini ýerden galdyryp, owsunyp dur. Onuň hakyky kepjäniň ululygyndaky kepjesiniň ýokary başyndaky ýaldyrap duran gözlerine, her wagtyrak talawladyp goýberýän gyzyl diline gözüm düşenden tas zähräm ýarylypdy. Ýöremegem ýadymdan çykaryp, birsalym oňa seredip durdum. Birdenem, öňe ätlemeli däl-de, yza gaçmalydygym ýadyma düşdi. Çalasynlyk bilen yzyma öwrüldim-de, ýazzyny berdim. Ýylanyň kowalaýany, kowalamaýany bilen işim ýok, tä sähradan çykýançam ylgadym. Ömrüme beýle uzak aralyga, şeýle tizlik bilen ylgap gören ýerim ýokdur. Şähere gaýdýan ýoluň ugruna çykyp, iki egnimden dem ala-ala, esli wagtdan soň özümi dürsedim. Dem alşym adaty kaddyna gelensoň, sähradaky dörän goşgy bentlerimi kellämde gaýtalajak bolsam, ýekeje setirem ýadyma düşenok. Başga şahyrlaryň goşgularyny iki-üç gezek okanda ýat bekleýän kelle ýylandan gorkusyna öz döredenje bentlerimi dörän ýerinde gaçyryp gaýdypdyr.
— Be-e, ol ýylan bar bilýänlerimi ýadymdan çykardaýdymyka? — diýip, ýat bilýän goşgularymyň käsini kellämde gaýtalap gördüm. Bolsa-da, olar-a hiç zat bolmandyr. Içimden «Şoňa-da şükür» diýip, öýe gaýtdym. «Är gorkan ýerinden, at ürken ýerinden» diýleni çyn ekeni. Şondan soň sähra hiç aýagym çekmedi. Onda-da goşgy ýazmak höwesi galmansoň, bir gün daga tarap tutdurdym. Baýyrlaryň arasyna aralaşanymda, dagyň salkyn howasyna, ösümlikleriň gözelligine, al-asmanda gaýmalaşyp ýören bürgütlere gözüm düşüp, şähdim açyldy. «Ine, şu gün-ä gowy goşgy dörese gerek» diýip, içi umytdan doly pikirem kellämde aýlap goýberdim. Ýöne ýylandan gorkymam beýniniň bir ýerlerinde oturansoň, sähradaky ýaly gözlerimi ýumup ýörejek bolamok. Tersine, her bir aýak basjak ýerime ünsli seredip barýaryn. Ýöne howpuň nireden geljegini bilip bolmaz ekeni. Edil yz ýanymdan çykan gürpüldä ziňkildäp gitdim. Yzyma seretsem, bir ädim çemesi yz ýanymda ullakan pyşdyl çabalanyp ýatyr. Hol ýokarymda-da bir bürgüt aýlanyp ýör. Bürgüt alyp barýan pyşdylyny aýaklary ýadap gaçyrypmy ýa-da onuň çanagyny döwjek bolup gaçyrypmy, bilmedim. Her näme-de bolsa, üstüme gaçmadygyna şükür edip, pyşdyly aýak üstüne galdyrdym. Şol wagtam logika mugallymymyzyň: «Bir adam düzlükde barýarka, kellesine pyşdyl gaçypdyr. Şol tötänlikmi ýa-da zerurlyk?» diýen sowalyna haýsy jogaby berenimde dogry boljagyny bilmän ýaýdananym ýadyma düşdi. Içimden: «Mugallymyň sowalyna jogap tapdym, ol tötänligem däl, zerurlygam, pyşdylyň ýokardan gaçmagy meniň üçin duýduryş boldy. Men berilmedik şahyrlygy aljak bolup, sähra, daga çykyp ýörmeli däldigime düşündim» diýip, öýe gaýtdym. Şondan soň goşgy ýazjak bolup elime galam alamok. Diňe ökde şahyrlaryň döreden goşgularyny okap, lezzet alyp, rahatja ýaşap ýörün.

Nurberdi DÄDEBAÝEW,
ýazyjy


"Edebiýat we Sungat" gazeti, 04.12.2020 ý.





Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 82 | Добавил: Dark_Wolf | Теги: Nurberdi Dädebaýew | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 1
0
1 Revo   [Материал]
Kerim şahyr "Şahyrlyk, ýangyndan başlanýan eken" diýýär. Şonam bir deňäp görmeli eken.))

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]