01:43
Men - Säher güli
MEN - SÄHER GÜLI

Men - Säher güli
Sähergül
Gije ukusynyň iň
süýji mahaly dogulan,
daň atmanka ýuwunan . . .

Älemleriň Şahyna...
dili bilen
kalby bilen
zikir eýläp
barlyk üçin dilenen
ýokluk üçin dilenen

Şasy däl men gülleň.
Feýk üçin gülmen.
Keýp üçin gülmen.
Ýylgyraryn myssa,
ýüregiň gyssa,
gel ýanyma
derhal
ysga meni
öp meni
göwün etseň
ýol meni.

Bu dünýädäki
şu günki
säheriň jopba-jorasy...
Säher gül-le, gyz, men...

Gel, ötegçi!!!

Gowsy
Özüň hakda gür ber!

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 112 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Брюссельский транзит / Goşgular - 11.01.2022
Täze ýyl agşamy ýazylan goşgy / Goşgular - 04.01.2022
Зависть / Goşgular - 24.01.2022
"Он был студентом, театр любил и книжки..." / Goşgular - 18.01.2022
Söz bermegiňizi soraýan! / Goşgular - 22.01.2022
"Aýralykda ýalñyzlyga ýan berme..." / Goşgular - 24.01.2022
Руфь / Goşgular - 18.01.2022
"Dogry dana diňe dogrusyn diýer..." / Goşgular - 18.01.2022
Pederime / Goşgular - 18.01.2022
Ejem üçin ýene bir hat / Goşgular - 26.01.2022



Всего комментариев: 5
0
5 Taryhçy   [Материал]
Sähergüli Suraý jigi. Maladis diýýän! Ýetirip dur

0
4 Mähriban   [Материал]
Ybraýym aga, dogrudanam, maňa elýeterli bolan sözlüklerde "Göwün etmek" sözi "Kineli bolmak, öýkelemek" diýen manylary berýär. Ýöne ýalňyşmasam, "Göwün etmek" sözi "Göwün ýüwürtmek, arzuw etmek, ..." (Ýokary bilimi ykdysadyýet ugrundan alanlygym üçin ýalňyşýan bolmagym juda ähtimaldyr, bagyşlaweriň! (Beýle diýmek bilen özümi aklamak niýetimem ýok)) diýen ýalyrak manylaram berýän bolmaly. Galyberse-de, filologlar bu meseläni edil çöp döwen ýaly edip bilerdi. Okaýanyňyz üçin köp sag boluň!

1
3 Allanazar   [Материал]
Suraý hanym SAHYR-a...

1
2 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Gowy gošgy, "Gumlygelin"iñ halan ÿerini menm haladym. "Göwün etmek" sözdüzüminden bu gošguda bašga many alnanmy, ÿa-da biziñ bärde alÿan manymyz " kyn görmek" manydamy?

1
1 Gumlygelin   [Материал]
Älemleriň Şahyna...
dili bilen
kalby bilen
zikir eýläp
barlyk üçin dilenen
ýokluk üçin dilenen ...
Iñ halan ýerim.

Säher gül-le, gyz, men...
Bu ýerinde ýylgyrtdyñ hem oýlandyrdyñ. Kimler säher gülüne biperwaý garar, kimler onda Hakyñ nuruny, tutuş dünýäñ bagtyny görer...
Gapymyzdaky mawyja güýz güllerinuñ ählisi Suraýjana bu goşgy üçun sowgat bolsun!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]