17:48
Men - Rabyýa
MEN - RABYÝA

Hany bir dileg ediler-ä!
Ol dilegem gudraty güýçli Mälik-ül Mülküñ
Dergähinde kabul bolar
Ýa diläniñdenem has haýyrly
has gowsy bolar.

Men - Rabyýa!
Men - Rabyýa!
Elleri Arşa açylan
Ýöneldigim Tur dagydyr...
Ýöredigim...
Uçdugym...
On iki asyrlyk menzili
Bir sekuntda geçdigim...

Men - Rabyýa
Nebsime dözdügim
Hiç kime dözmedigim
Gülden
Guşdan
Tikenden
Çarkandakdan
Ezizimiň Yzlaryny yzladygym...

Ýüzüm gülse
Ýüregim aglap duranym
Aýakýalañ pyýadalap
Mele ýeriñ arkasyny
torç etdigim...
Adyny gije-gündiz dilimde
ürç etdigim...
Elimde nä bolsa
Ýalňyz Oñ ýoluna bagş etdigim.

Men - Rabyýa
Iñ soňky ragbaty gaçyp,
Eziziň özünden özgäñ
gullugynda durmaýan
Mal-mülk näme bar dünýäni
ýeke teññä urmaýan
Gündizlerne zikir eýläp
Gijelerne: "OL - YŞK" diýip samraýan
Päklikden
Dilegden,
Yhlas-Ynamdan
gaýry mezhep bilmeýen
Söýgüliň Yşkyndan kör bolup
Firdews jenneti görmeýen
Rabyýa - men
başgasyna el sermeýen.

Elleriñi
Ýüregiñi giñden açyp,
Ruhuň uçup
Gije ýarymdan agansoñ
hany bir gowy dileg ediler-ä
ana Şol Dileg . . . .

Men Rabyýa.

Suraý BABANYÝAZOWA.




Категория: Goşgular | Просмотров: 81 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Kämil goşgynyñ döreýşi / Goşgular - 04.03.2021
Dag jülgesi / Goşgular - 10.02.2021
"Siz" diýme maña... / Goşgular - 11.02.2021
Kakama / Goşgular - 26.01.2021
Talyp haky alynýan gün / Goşgular - 01.03.2021
Içgepletme / Goşgular - 02.06.2021
Gör-le, bu dünýäniň öwsüp durşuny... / Goşgular - 10.02.2021
"Bolup bilmedik biz atamyz ýaly..." / Goşgular - 05.02.2021
Dag çekýän / Goşgular - 13.03.2021
Men bahara garaşypdym / Goşgular - 03.04.2021



Всего комментариев: 7
1
4 Myhman0430   [Материал]
goşgy erbet däl eken.

menem "men - Hasan Basry" diýip goşgy ýazasym gelip gitdi.
degişýän.

hany, eser okaňda
çaklanar-a awtoryn
menem şuny okamda
dördüm "beýni" arhiwim:
"bu - Şähribossan,
şübhe ýok" diýdi aňym.
("başkasam bolup biler"
diýýädi-le bir ýanym)
soňuna gelsem eseriň
asyl bu Suraý hanym

eser okap başlaňda
çaklanar-a awtoryn
siz-ä bilemok welin
men-ä edýän her daýym
bilmesem zat ýitiremok
bilsem, aram tapýa janym

diýen ýalagrak :-)

0
Aý senä walla şahyrdanam ozdurdyñ

0
Hawa bi menem şy myhman agzañ pikirinde , tois menem şeyle pikirde

0
7 Aksary   [Материал]
Siziñkem erbet däl eken.

0
3 Gumlygelin   [Материал]
Suraýjan hiç kimiñkä meñzemeýän tämiz dünýäñ bar.Sen muny täsinlik bilen açmagy başardyñ.Ýoluñ ak bolsun uýam.

0
2 Hаwеrаn   [Материал]
Men Suraýyñ goşgularyny gowy görüp okaýan. Zenanlañ içinde göwnüm ýetýän az sanly (Laçyn Pürjäýewa, Oguljennet Bäşimowa, Aýgül Garaýewa, Aýbölek Abdyýewa) şahyralaryñ biri. Onuñ soñky goşgularynda (öñkileri-de gowy) romantizm, simwolika, mistiki ruh, sufistik äheñ, pelsepewi many agdyklyk edýär. Okañda janyñ hezil edýär. Galamyñ batly bolsun, Suraý

1
1 mango   [Материал]
Goşgy Rabiaň adyndanmy?
Wikipediada şeý diýýä: “На вопросы о Рае Рабия отвечала «Сначала Сосед, потом дом». Согласно пояснениям аль-Газали это означало, что она стремилась не к Раю, а к Господу”.
Türkmeniň “öý alma, goňşy al” diýýäni gör nirden çykdy?
Pygamber goňşyçylygy hem dilenýändir, hawa goňşyň pygamberimiz bolsa jaýymyz öz-özünden jennet boljagy belli… şoň üçin Rabiýa hanymyň diýişi ýaly “ Сначала Сосед, потом дом”.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]