01:34
Men kim?
MEN KIM?

Men zulumyñ hem gandalyñ duşmany,
Garyplaryñ dosty, garyp nesli men.
Göni dömüp çykdym men gara ýerden,
Ýeriñ ogly, adalatyñ asly men.

Meniñ ýek görýänim baýardyr aga,
Olar men garybyñ aslyna duşman.
Men olary görsem jynym atlanýar,
Ýaşasañdy olara hiç sataşman.

Itden pis ýigrenýän şol agalary,
Olar ömürboýy doýanok gandan.
Hiç haýsyna haýpym gelmez olaryñ,
Olaryñ parhy ýok wagşy haýwandan.

Biziñ mañlaý derimizden beslenip,
Az däl, arman, mes ýaşaýan agalar.
Emma men olara sadyk gul bolman,
Maña guluñ guly diýse-de olar.

Gulpaça ÜLPET,
owgan şahyry.

Terjime eden: Ata ATAJANOW,
Gurbandurdy GURBANSÄHEDOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 36 | Добавил: Haweran | Теги: Gulpaça Ülpet | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Nädemde näme? / Goşgular - 14.02.2021
Türkmeniñ sözi / Goşgular - 25.02.2021
Ogluma / Goşgular - 15.03.2021
Söýgimiziñ şaýady / Goşgular - 07.02.2021
Bir söz / Goşgular - 10.02.2021
Ýitgi / Goşgular - 06.01.2021
Kakañdyr / Goşgular - 25.02.2021
Söýgiñ keşbi / Goşgular - 13.03.2021
Wagt hem söýgi / Goşgular - 08.02.2021
Biz bizdik... / Goşgular - 12.02.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]