18:14
Men jennete barýan!
MEN JENNETE BARÝAN!

Sen meň nirä barýanymy bilýäňmi,
Jikjikileň ýanyna
Serçelerçe gürleşmäge.
Laçyna awyn tapyşyp,
Ikatýoguň ýitigini gözleşmäge.

Bilýäňmi, men nirä barýan,
Tozgaň ýanyna
Joralarça sözleşmäge.
Geljegiň öňünden saçakly çykyp,
Geçmiş bilen ýüzleşmäge.

Nirä barýan, bilýäňmi,
Gara gumy heziller edip ysgamaga,
O dünýäniň gapysyndan jyklamaga,
Topragyň süňňün syzmaga,
Öz ruhumy obamyň
ritmine düzmäge,
Bulut kölünde ýüzmäge,
Mamamlara gezmäge,
Ak ýagyşda zülplerimi ezmäge,
Janyma dözmäge,
Gülmäge,
Güllemäge,
Öz hakyky dünýäme...
E-he-he-he-heý!
Men jennete barýan!

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 238 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gözleg / Goşgular - 17.01.2022
Guş dili / Goşgular - 19.01.2022
Tapylmaýan zat / Goşgular - 29.01.2022
Заморозки / Goşgular - 24.01.2022
Täze ýylym / Goşgular - 04.01.2022
Ýaşasyn parahat durmuş! / Goşgular - 26.02.2022
Aýak yz / Goşgular - 08.01.2022
Люблю? / Goşgular - 20.01.2022
Pederime / Goşgular - 18.01.2022
Ýadygärlik galsyn / Goşgular - 23.01.2022



Всего комментариев: 5
0
5 Banuçiçek   [Материал]
Teswir ýazsam näçe wagtdan soň görkezýär, düşünemok azyndan 10 sapar ýazdym ýöne görkezilenok

0
4 Banuçiçek   [Материал]
Gowy goşgy eken ,hezil edip okadym :) .

0
3 Banuçiçek   [Материал]
Hezil edip okadym, okap otyrkam birhiljek gowy duýgyny başdan geçirdim diýsemem ýalňyş däl :).

0
2 Gumlygelin   [Материал]
Suraýjan! Dogrusy diýere sözem tapmadym. Alla ählimiziñ jaýymyzy Jennet eýlesin!

0
1 Aksary   [Материал]
Saklan gardaş nirä baŕýañ
Menem äkit şol ile
Yzyña bak.
Gadyrly az, gadyrsyz kän
Bol hile.
Ol ýeriniñ kenarlarnyñ
Gurbagasynyñ sesin
Diñlejek men aýdym edip.
Bu dertlemden, törpülerden
Dynaýmasam
O dünýäge gaçyp gidip

Aý şonda-da başaramok-la men.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]