07:23
Men gelmerin...

MEN GELMERIN...

Men gelmerin, çek umytlaň jylawyn
Goý, olar dereksiz ygyp ýörmesin.
Senden meniň etjek ýeke haýyşym,
Menden soňra özgäň kalbyn gyrmagyn.

Men bolaýyn ganatlary gyrylan,
Höwes edýän bagta sary uçmaga...

Yşk oduna höwes etýän perwana,
Jan etmezmi öz yşgyna ýetmäge.
Ýanyp duran ataş onuň aşygy,
Duýgusy ýok onuň heder etmäge.

Özün urýar, ýanyp duran ol oda,
Şeýtse maksadyna ýetäýjek ýaly.
Emma, şonuň bilen soňlanýar ömri,
Ine aşyk perwananyň ykbaly.

Şu mysaldan düşündiňmi bir zada,
Yşk ýoly soňsuzdyr diýmek isledim.
A sen bolsa, meniň duýgulam aldap,
Bilemok aýt menden, näme islediň.

Bermedimmi saňa söýgi ýeterlik,
Ýa mährinden emendiňmi özgäniň?!
Bagyşla, söýmedik bolsam ýeterlik,
Unudylmajak, söýgim bolan armanym.

Bägül ORAZMUHAMMEDOWA.

Категория: Goşgular | Просмотров: 59 | Добавил: byagull | Теги: Bägül Orazmuhammedowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 4
1
1 mango   [Материал]
bägül hanym.
oda ymtylýan perwana - bu hindi kinoň agynjak özi.
bu bir.
ikinjem, yz ýanyndaky kupletdede "Şu mysaldan düşündiňmi bir zada, Yşk ýoly soňsuzdyr diýmek isledim" diýip bu zatlaryň manysyny düşündirmäge başlaýaň. bulam hindi kinoň dowamjagazy.
hemme zady hetjikläp, açyklap, pikirimi ugrukdyrjak bolubam durmaly dälmikä diýýän.
umuman... şöle...

1
2 byagull   [Материал]
çöňňeräk biri bolansoň düşündirjek bolýanyrynda "kebelegiň, odyn namaý" diýmez yaly. minnetdar bellikleriňize

2
3 mango   [Материал]
okujyňyzy çöňňe ýerine goýmaweriň

0
4 byagull   [Материал]
okyjy däl. ýüzlenilýan adam

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]