02:39
Men garaşdym
MEN GARAŞDYM

Men garaşdym.
Gelmejegiňi bilip garaşdym.
Gelibilmejegiňi bilip garaşdym.
Kalbymy dilip garaşdym.
Indi gelmez o diýseler-de,
ýüregmi bölüp garaşdym.
Günde müň ölüp garaşdym.
Ölen wagtym geläýmesin diýip,
müň direlip garaşdym.
Jellat duýgularym içre
milliard gynalyp garaşdym.
Gögüň gara ýagmyrlarynyň astynda
ýüzüm duw-ak,
ýüregim garasuw,
ellem gara-ört,
aýaklam gus-gury...
bolup garaşdym.
Elipdim
dal bolup garaşdym.
Tebipdim
bihal bolup garaşdym.
Asmandym
garaýer bolup garaşdym.
Titidim
garader... bolup garaşdym...

"Şular-a gezendedir" diýip
Ýellerden soradym,
Suwlardan soradym,
"Gelmez" diýdiler.
Takdyry üýtgetjek boldum,
Bozjak boldum maňlaýyma ýazlany.
Emma men bozguç däl ekenim.
Bozubilmejek ekenim.
Ýöne garaşybiljek ekenim,
Şon-a başarjak ekenim...

... men garaşdym...

...Sebäbi...

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 118 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Araba / Goşgular - 29.03.2021
Kitapçyl hakda erteki / Goşgular - 15.04.2021
Ýar gelmedimi bu ýere? / Goşgular - 16.11.2021
Yşk öýüm / Goşgular - 26.02.2021
Yşk hem aýralyk / Goşgular - 08.02.2021
Аlysda galan çagalyk / Goşgular - 30.03.2021
Nädemde näme? / Goşgular - 14.02.2021
Mynajat / Goşgular - 27.03.2021
Dünýäñ aýdymy / Goşgular - 03.06.2021
Keramat bar bu toprakda / Goşgular - 05.02.2021



Всего комментариев: 4
0
Jemleme super. Adamyn isleginden güycli näme bar?

0
3 mango   [Материал]
Günde müň ölüp garaşdym.
Ölen wagtym geläýmesin diýip,
müň direlip garaşdym.

ýylgyrdyjy gyzykly :-)

... men garaşdym. garaşýan..
...gelmejegiňi bilsem-de...

-diýip özümçe tamamlap gördüm.

Takdyry üýtgetjek boldum,
Bozjak boldum maňlaýyma ýazlany.
Emma men bozguç däl ekenim.
Bozubilmejek ekenim.

suraý hanym, gyzykly bir söhbetdeş....
aýdanyy diňledip bilýär....
sebäbi takal okanok hem ynanmaýan zadyny aýdanok.
bu-da suraýyň aýratynlygy bolup biler.
üstünlikler.

0
2 Aksary   [Материал]
Gowy goşgy.

0
1 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Örän gowy goşgy, aýna ýaly, her okyjy özüni görüp biljek şonda. jemlemesi ejiz.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]